18.04.2023 Gollanma55 .

Terbiýe — egsilmez mertebe


Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edep kadalary nesil terbiýesine gönükdirilendir. Asyrlarboýy halkymyzyň çaga terbiýelemekde kämilleşen asylly däpleri Oguz han eýýamynda kemala gelip, türkmeniň milli ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr.

Ata-babalarymyz nesil terbiýesine uly üns bermek bilen, öz dowamatynyň akylly, asylly, sagdyn, dogruçyl, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin aladalar edipdirler, bu işi parz hasaplapdyrlar. Nesil terbiýesi bolsa örän çylşyrymly hem-de jogapkärli işdir. Her bir çaga jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, daş-töwerege, adamlara bolan garaýşyny öz maşgalasynda ata-enesinden, mekdepde mugallymyndan, deň-duşlaryndan öwrenýär.

Çaga terbiýesinde edeplilik baradaky düşünjä uly orun degişli bolup, bu gönüden-göni ýaşuly nesliň göreldesi bilen baglydyr. Döwletiň berkligi jemgyýete bagly, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa maşgala bilen dahyllydyr. Maşgala milletiň, jemgyýetiň galkynmagynda uly orun tutýan bolsa, maşgalanyň galkynmagynda perzende düşýän paý ýokarydyr.

Türkmen perzendiniň kämil sowatly, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeginde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň alyp barýan işleri hem bellärliklidir. Biz — bilim işgärleri öz öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda yhlasly zähmet çekýäris. Ýaş nesilleriň ata Watanymyza, ene topragymyza bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň bu ugurdaky duýgy-düşünjelerini çuňlaşdyrmak ýörelgelerine berk eýerýäris. Nesillerimiziň terbiýesi bilen bagly işlerimizde we durmuşymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini gymmatly gollanma hökmünde peýdalanýarys.

Täze taryhy eýýamda rowaçlanýan özgertmelerden, milli ýörelgelerimizden ruhlanyp işlemäge, ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermäge we olary watançy şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys.

Güljahan TEKÄÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň müdiri.

"Nesil" gazeti, 15.04.2023

Tmpedagog