16.04.2023 Gollanma101 .

Gahrymany dünýä beren Mähriban!


Ýüreklerde ýagty ýatlamalar
Milli Liderimiziň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň biwagt aramyzdan gidendigi baradaky ajy habar ýürekleri lerzana getirdi.

Ogulabat eje güler ýüzli, nurana we mährem enedi. Onuň mylaýym türkmen zenanyna mahsus bolan ajaýyp häsiýetleri her bir zenan üçin nusgalyk mekdep bolup kalbymyzda orun aldy.

Gahryman Arkadagymyzy dünýä beren Ogulabat ejäniň durmuş tejribesi her bir türkmen zenanyna nusgalykdyr. Onuň öý-hojalyk, el işlerinden baş alyp çykyşy zenanlar üçin mertebedir, mekdepdir.

Döwletli maşgala ojagynda daş-töweregini gurşap alan eziz perzentlerini mähri bilen çoýan Ogulabat ejäniň ynsanperwer häsiýetleri ýakynlarynyň, il-ulsunyň ýüreklerinde hemişelik ýaşar. Ähli gowy häsiýetleri bilen ynsana gudrat paýlan mukaddes ene —–beýikleri dünýä indiren beýiklik, öý-ojagyň söýesi hökmünde biziň ýüregimizde baky ýaşar. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde Ogulabat ejäniň özüni diňe bir öwüt, pent bilen terbiýelemän, ajaýyp häsiýeti bilen hem terbiýeländigini belleýär.

Göreldedir siziň ýörän ýoluňyz,
Mukaddesdir siziň her bir sözüňiz.
Balasyny mährine ýuguran Ynsan
Gahrymany dünýä beren Mähriban!

Gahryman Arkadagymyzy dünýä berip, il ogly edip ýetişdiren beýik Eneden biz bilim işgärleriniň öwrenmäge, durmuşda nusga almaga, ýaş nesillere öwretmäge örän zat köpdür. Onuň perzentlerine aýdyp beren rowaýatlary, ertekileri, elbetde, ähli ynsany gowulyga ündeýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyny okanyňda durky bilen umman deý mähre, söýgä, alada, ynsanperwerlige, ahlak päkligine öwrülen Enäniň neneňsi beýikdigine göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiz perzent üçin ata-enäniň uly göreldedigini aýtmak bilen, öz käbesiniň asylly zenanlara mahsus sypaýylygynyň, edep-ekramynyň, türkmençilik edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna belet bolmagynyň, maşgalany mähir-muhabbeti bilen gurşamagynyň, lebzihalallygynyň hem tükenmez yhlasynyň özboluşly durmuş mekdebine öwrülendigini ýatlap geçýär. Şeýle hem Ogulabat ejäniň töwereginde ýaşaýan uly-kiçi zenanlar üçin hemişe maslahatçydygy, mylakatlylygy, özüneçekijiligi, üýtgeşik mähribanlygy barada ajaýyp ýatlamalar beýan edilýär.

Mukaddes Remezan aýynda bakyýete giden Ogulabat ejäniň beýik adamkärçiligi, aňymyzda ebedilik galar. Milli Liderimiziň mährem käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!

Akmaral HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
39-njy orta mekdebiň mugallymy.

Mährem ene
Ene mukaddesligi barada aýdylanda, halkymyzyň ýol-ýörelge hazynasynda şu günlere gelip ýeten mukaddeslikleriň «sanasaň sogaby bar» diýleni. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda hem ene mukaddesligi diýseň täsirli beýan edilýär. Bu ajaýyp kitabyň haýsy sahypasyny okasaň-da, enä goýulýan sarpanyň we sylagyň mertebedigini duýmak bolýar. Kitabyň esasy mazmunynda ene mukaddesligi goýulýar.

Gahryman Arkadagymyz «Käbämiň maňa beren öwüt-ündewi onuň diňe söz bilen düşündiren pendinde diýsem, bärden gaýtdygym bolar. Şeýle eneler aýtman-diýmän duýgusy, pähimi, işjanlylygy, ünslüligi bilen düşündirýändir. Ol mähribanlar saňa hemişe durmuşda nusgalykdyr, olaryň hereketleri bolsa tymsal ýalydyr. Şol tymsalyň manysyna düşünseň, onda ömürboýy nusga edinmeli ýörelgeler ýaşaýar» diýip belleýär.

Ene hakynda gürrüň bilen başlan sözümiz mähriban ene, milletiň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň mukaddeslikler bilen dolulygynyň beýanydyr. Öz iline gowulyklary, ýagşylygy bagyş eden ene diýseň uly mertebä mynasypdyr. Öz il-gününiň asuda, parahat, bagtyýar durmuşyny arzuwlan Ogulabat ejäniň arzuwlary öz ýurdunda hasyl boldy. Uly arzuwlar bilen öz halkyna bagtyýarlyk bagyşlap bilen ajaýyp zenan Ogulabat eje nusgalyk mekdebi döretdi.

Halkymyza nusgalyk ýoly galdyran milletiň käbesi, mähriban ene Ogulabat ejäniň jaýy jennet bolsun!

Dursun MUHAMMEDOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky
7-nji orta mekdebiň mugallymy.

Milletiň käbesi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiziň mährem enesi Ogulabat ejäniň mukaddes Remezan aýynda bakyýete göç etmegi tutuş halkymyzy gynandyrdy. Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, görüm-göreldesi, terbiýe mekdebi, ynsana mahsus bolan ajaýyp häsiýetleri geljekki nesillerimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Onuň nurana keşbi, belent adamkärçilik mertebesi, zähmete werziş bolan ajaýyp durmuş ýoly ynsan kalbynyň töründe baky orun aldy. Aňyrdan gelýän milli mirasymyzy, el işlerini sungat derejesine göterip, ondan döwlet tapan mährem enäniň sünnäläp bejeren el işleri nesillerimiz üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserini okap, Ogulabat ejäniň ömür ýoly barada, onuň ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleri, myhmansöýerligi, perzende hamraklygy barada beýan edilýän giňişleýin düşünjeler kalplaryň töründe orun alan düşünjelerdir. Ogulabat ejäniň terbiýesinde terbiýelenen perzentleriň watansöýüjiligi bilen ata Watanymyz gülläp ösýär. Mälikguly aganyň, Ogulabat ejäniň döwletli ojagynda kemala gelen Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere, röwşen geljege alyp barýarlar. Bu bolsa Mälikguly aganyň, Ogulabat ejäniň asylly terbiýe mekdebiniň asyrlara uzaýandygyny alamatlandyrýar.

Mukaddes Remezan aýynda aramyzdan giden Ogulabat ejäniň ýagşy görüm-göreldesi, beýik adamkärçiligi aňymyzda müdimilik saklanar.

Ogulbibi ÖDEGULYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabyndaky
18-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 11.04.2023

Tmpedagog