08.04.2023 Gollanma66 .

Dünýe durdugyça, durar - Pyragy


Gurbanguly Berdimuhamedow:
Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň
akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky
üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir.

 Taryhymyzyň saralyp giden sahypasyna nazar salsaň, geçmişde öz yzyny goýup giden ägirtleriň birnäçesini görýäris. Şolaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragy dünýäniň akyldarydyr, umumyadamzat şahyrydyr. Ol şygyr äleminiň oragyny orup, hoşasyny çöplemegi özunden soňkulara goýup giden belent şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi düýpsiz ummandyr. Onuň aňyrsyna-bärsine, beýikligine-çuňlugyna asyl göz ýetirmek mümkin däl. Beýik akyldar barada gürrüň gozgalanda, türkmeniň adyny dünýä dolduranlygy biziň hemmämize aýandyr. Ýyllar, aýlar, günler dolandygysaýy Magtymguly Pyragy bize has meşhur, eziz bolup görünýär, onuň goşgulary bize ýakynlaşýar. Çünki şahyryň dür dänesi deý setirleri göwniçökgüniň göwnüni göterse, eseleniň jylawyndan çekdi. Umytsyz bendä umyt berse, päli azany pälinden gaýtardy. Garaz, jemläp aýdanymyzda, şahyr kalplarymyzda ýer etdi.

 Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy dünýä şygryýetiniň kerwenbaşysy. Parasatly şahyrymyz ynsan geçmişini, geljegini, şu gününi özüniň nakyla öwrülen setirlerinde beýan edip bilen akyldardyr. Onuň çeper şygyrlary ynsan kalbyna çuňňur ornaşypdyr. Söz ussadynyň many-mazmuna baý goşgulary türkmen halkyny watansöýüjilige, mertlige, edep-ekramlylyga, ahlak arassalygyna, agzybirlige, halallyga çagyrýar.

 Şahyryň goşgulary halka düşnükliligi, terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmejek ýürege ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň dürli temada ýazan goşgularynyň hemmesiniň jemlemesi arassa ahlaklylygyň beýik nusgasyny özünde jemleýär. Biziň bilşimiz ýaly Magtymguly Pyragynyň ýaşan zamanasy türkmen halkynyň galagoply döwrüne gabat gelen. Türkmeniň bir agza garap, garaşsyz döwlet gurmalydygyna, parahat durmuşy durmuşa ornaşdyrmalydygyna oňat düşünen şahyr çeper sözüň kömegi bilen öz döwürdeşlerine ýüzlenipdir. Ähli tire taýpalaryň birleşip garaşsyz türkmen döwletini gurmagyny özüniň “Döker bolduk ýaşymyz”,”Bäşimiz”, ”Türkmen binasy”, we ýene birnäçe goşgularynda uly joşgun bilen şeýle beýan edipdir:

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi.

ýa-da:

Bir suprata taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň-

diýen ýaly birnäçe setirleri şahyryň garaşsyz türkmen döwletini gurmak isleginiň näderejede ýokarydygyny beýan edýän bolsa,erkana türkmen döwletinde parahatçylygy gorap saklamagyň möhümliginiň hem ýollaryny salgy berýär. Muňa mysal edip şahyryň şeýle setirlerini görkezmek bolar:

It hem aryklygyň gurda bildirmez
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.

ýa-da:

Görogly Reýhana neneň ýalbardy,
“Amandyr” diýene diýanat ýagşy.

Ýokardaky setirlerden görnüşi ýaly şahyr her-hili ýagdaýda hem, goh- galmagaldan daşda bolup, meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözmekligi ündeýär.  Özüniň dür-dänesi deýin setirleri bilen türkmen halkynyň aňyna ornan dana şahyryň mertebesi egsilmezdir. Aýlar-ýyllar asyrlar geçer, ýöne şahyryň hemme döwürlerde gymmatyny gaçyrmajak setirleri dünýe durdugyça durar. Goý, beýik şahyryň şygyrlary her bir türkmeniň kalbyna ýol görkeziji ýyldyz bolup, äleme şugla saçsyn!

Eneş Daňatarowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Pedagogika-psihologiýa ugrunyň magistranty.



Tmpedagog