08.04.2023 Gollanma130 .

Kitap-bilimiň açary


 Kitap ynsanyň iň ýakyn dosty, maslahatçysy we syrdaşydyr. Ol adamyň ruhy baýlygynyň gorudyr, geçmiş bilen geljegi baglap duran köprüdir. Kitap okamaklyk aklyň, pikiriň goýalmagyna, söz baýlygyň artmagyna getirer, seni gam-gussa batanda, dürli soraglar basmyrlanda, hiç kimiň aýtmadyk zadyny saňa aýdar. Sen oňa ymtylsaň, ol saňa dünýäni açar, syrly soraglaryň jogabyny çözlär. Hut şonuň üçinde halkymyz gadymdan kitap okamaklygy, ony aýap söýmegi ündäpdir, ylym-bilimleriň açary bolan kitaba aýratyn gadyr goýan. Taryhymyzyň islendik gatyna seredenimizde-de biz muňa şaýat bolýarys. Nesilbaşymyz Oguz han aradan çykandan soň wezir Erkil Hoja we Gün han döwleti edara etmek we onuň kada-kanunlary barada kitap ýazýar. Oguzlaryň 25 harpdan ybarat elipbiýiniň bolmagy halkymyzyň nä derejede okamaklyga, hat-ýazuwa ähmiýet berendigini duýmak bolýar.

 Diňe bir gadymy Merwiň özünde tä XIII asyryň başlaryna çenli on sany iri kitaphana bolandygy bize mälimdir. Bu kitaphanalar diňe bir sebitiň däl, dünýä boýunça iň bir ähmiýetli, gymmatly kitaplaryň saklanýan ýeri bolan. Gynansak-da Çingiz hanyň tozduryjylykly çozuşlaryndan soň, şeýle gymmatly “hazynadan” hiç zat galmaýar.

 Ýöne nähili ýagdaý bolanda-da halkymyzyň kitaba bolan “yşgyny” söndürip bilmeýärler. Muňa mysal edip belli taryhy şahsyýetimiz Ärsarybabanyň kyrk düýe berip ýazdyran kitabyny mysal getirmek bolar. „Muinil murit” diýip atlandyrylan bu kitap XIV asyryň başlarynda ürgençli Şeýh Şerep baba ýazdyrylýar we köp ýyllar dowamynda türkmen halkynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar.

 N. Saryhanowyň “Kitap” hekaýasy türkmen halkynyň kitaby nähili gymmatly baýlyk hasaplaýanynyň aýdyň mysalydyr. Welmyrat aganyň bir guba düýe alan, ýöne dünýä malyna çalyşmajak bu kitaby Magtymguly Pyragynyň kitabydy.

 Görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem öz goşgy setirlerinde kitap okamaklygy wesýet edipdir, ony adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda esasy çeşme hasaplapdyr. Magtymguly Pyragy “ Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip belleýär.

 Hormatly Arkadagymyzyň pederleri-de kitaplara aýratyn sarpa goýup, olary gymmatly hazyna hökmünde ýygnapdyrlar, öwrenipdirler. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhammet Annaýew kakasy Anna agadan galan “Akyl sandyklary” hazynasyndaky kitaplary hemişe aýap saklapdyr. Bu gymmatly kitaplar Anna aganyň kitaba bolan söýgüsi netijesinde ýygnalypdyr. Ol nirde üýtgeşik kitap bar diýip eşitse şol ‘hazynany” almak üçin bar işini taşlap uzak ýola düşüp satyn alypdyr. Ol dünýä malyny kitaba çalyşýan, kitabyň gymmatyny bilýän, il içinde hormatlanýan adam bolan. Anna aganyň ynsanperwer, kitap söýüjilik häsiýetlerini Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň mysalynda görmek bolýar.

 Häzirki wagtda Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap kitaphanalar ulanmaga berildi. Olaryň kitap gory baýlaşdyrylýar. Bu kitaphanalarda Milli Liderimiziň döwet galamyndan çykan ajaýyp kitaplary okyjylar tarapyndan söýülip okalýar.

Ogulkeýik Amangeldiýewa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň magistranty.



Tmpedagog