08.04.2023 Gollanma87 .

Kitap okamagyň 20 peýdasy


Kitap okamagyň peýdalydygy barada eşitmedigimiz ýok bolsa gerek. Eýsem onuň peýdasy nämede?

1. Okamak ukusyzlykdan halas bolmaga ýardam edýär
 Dynç almaga we uklamaga ýardam berýän iň gowy usul kitap okamakdyr. Telewizordan ýa-da telefondan çykýan ýagtylyk beýnä oýanmalydygyny buýurýar. Kitap okamak bolsa, onuň tersine, uky wagtynyň bolandygyny duýdurýar.

2. Okamak nerw-degna ulgamyny rahatladýar
 Nerwiňizi köşeşdirmek üçin gezelenç etmegi ýa-da aýdym diňlemegi halaýarsyňyzmy? Angliýanyň Sýusseks uniwersitetiniň alymlary onuň ýerine kitap okamagy maslahat berýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, kitap okamak nerwi rahatladyjy iň ygtybarly usuldyr. Bary-ýogy 6 minut kitap okamak nerw dartgynlylygyny ýok edip biler.

3. Okamak ýüregi ýumşadýar
 Kitap okaýan wagtynda okyjy özüni gahrymanlar bilen bitewi duýýar, Olaryň şatlykdyr gaýgylaryna şärik bolýar. Geçirilen ylmy barlaglar edebi eser okaýan adamyň durmuşda beýleki adamlaryň duýgularyna has gowy düşünýändigini ýüze çykardy.

4. Okamak nerw işjeňligini kadalaşdyrýar
 ABŞ-nyň Emory uniwersitetiniň alymlary kitap okaýan adamyň akyl mümkinçilikleriniň birnäçe günläp ýokary derejede saklanýandygyny subut etdiler. Ylmy barlagyň awtorlary kitap okamagyň beýnimizdäki nerw süýümleriniň sanyny artdyrýandygyny ýüze çykardylar.

5. Okamak depressiýa garşy göreşmäge kömek edýär
 Şotlandiýaly alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, okamak depressiýany bejermegiň iň täsirli usulydyr.

6. Okamak adamy gözelleşdirýär
 Akyl ýetiriş mümkinçiliginiň ýokary derejesi adamyň daşky görnüşini hem owadanlaşdyrýar. Islendik mowzukda gyzykly söhbetdeşlik geçirip, bilimiňi ýüze çykaryp bilmek, söhbetdeşiň hormatyny gazanmaga kömek eder.

7. Okamak ýady we pikirlenmek ukybyny ýokarlandyrýar
 Her gezek kitap okalanda beýni işjeňleşýär. Täze maglumatlary saklamak üçin täze süýümler döredýär. Geçirilen barlaglar yzygiderli kitap okaýan adamlaryň pikirlenmek ukybynyň beýlekilere garanyňda has haýal azalýandygyny ýüze çykardy.

8. Okamak maksadyňa ýetmäge we kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýär
 Ogaýo döwlet uniwersitetiniň alymlary adam näçe köp kitap okasa, durmuş ýoluny şonça-da takyk saýlaýandygyny tassykladylar. Olar kitap okamagyň durmuşdaky päsgelçilikleri ýeňip geçmäge kömek edýändigini öňe sürýärler.

9. Okamak adamyň söz baýlygyny artdyrýar
 Kitap okaýarkaň nätanyş sözler hem duş gelýär. Olaryň manysyna umumy mazmuny arkaly-da düşünmek mümkin. Okamak diňe bir söz baýlygyny ýokarlandyrman, eýsem umumy sowatlylygy hem artdyrýar.

10. Kitap okaýan adamlar durmuşda işjeňlik görkezýärler
 Geçirilen ylmy barlaglar kitap okaýan adamlaryň medeni we jemgyýetçilik durmuşynda-da işjeňdigini subut etdi.

11. Okamak ýazyjylyk ukybyny ösdürýär
 Kitap okaýarka awtoryň ýazuw uslyby-da okyja täsir edýär. Saz diňlän mahaly sazandanyň uslybynyň diňleýjini biparh goýmaýşy ýaly, ýazyjynyň stili hem okyjynyň ýazuw stiline täsir edýär.

12. Okamak alzaýmer keseliniň öňüni alýar
 Geçirilen ylmy barlaglar köp kitap okaýan adamlaryň alzaýmer keseline has az duçar bolýandyklaryny görkezdi. Beýni-de, beýleki beden agzalary ýaly, maşklar arkaly goldawa we güýçlenmäge mätäç. Bu ugurda kitap okamak iň täsirli usuldyr.

13. Okamak daşary ýurt dilini öwrenmegi aňsatlaşdyrýar
 Yzygiderli okamak beýleki dilleri öwreneniňde täze sözlere aňsatlyk bilen düşünmäge we olary ýatda saklamaga kömek edýär.

14. Okamak döredijiligi ösdürýär
 Obafemi Awolau uniwersitetiniň mugallymlary başlangyç synp okuwçylarynyň kitabyna temaly degişmeleri girizenlerinde, suratlaryň we sözleriň garyşyk berilmeginiň çagalaryň döredijilik ukyplaryny artdyrýandygyny ýüze çykardylar. Kitaplar ululara-da, edil şonuň ýaly täsir edýär.

15. Okamak maliýe kynçylyklaryny ýeňip geçmäge ýardam berýär
 Statistik maglumatlara görä, asla okamaýan adamlaryň 43 göterimi, sowatly adamlaryň bolsa 4 göterimi garyplykda ýaşaýar.

16. Bilelikde kitap okamak ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky mylakatlylygy artdyrýar
 Psihologlar bilelikde kitap okalan wagtynda ene-atalar bilen çagalaryň arasynda has mähirli gatnaşyklar emele gelýär diýip hasaplaýarlar. Olar bilelikde telewizora tomaşa edilende beýle garaýşyň ýüze çykmaýandygyny aýdýarlar.

17. Köp okaýan çagalar has gowy öwrenýärler
 Ylmy barlaglaryň netijeleri, edebi kitaplary okamagy halaýan çagalaryň mekdepde-de has gowy okaýandyklaryny ýüze çykardy. Olar grammatikany-da, matematikany-da gowy özleşdirýärler.

18. Okamak diňleýiş endiklerini ösdürýär
 Her näçe geň görünse-de, kitap okamagyň diňlemek endiklerini ýokarlandyrýandygy, başgalara düşünmäge kömek edýändigini nygtamak gerek. Bu, esasan-da kitaby sesli okanyňda has täsirli bolýar.

19. Okamak seni gowy hekaýatça öwürýär
 Adam näçe köp kitap okasa, onuň hekaýa toslamaga bolan ukyby-da şonça ösýär. Ol gereksiz sözleri az ulanyp, zerur zatlary has gowy beýan etmäge çalyşýar.

20. Okamak ýagşylyk etmegi ündeýär
 Işjeň okyjylar beýlekilere garanyňda haýyr-sahawat işleri bilen üç esse köp meşgullanýarlar. Okamak adamlary mätäçlere kömek bermäge çagyrýar.





salamnews.tm

Tmpedagog