07.04.2023 Gollanma99 .

Sanlylaşdyrylan sapaklaryň ähmiýeti


Ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary sowatly, bilimli we hünärli bolup ýetişmekleri üçin bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalandyrylýandygy her bir bilim işgärini buýsandyrýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda mekdebe çenli çagalra edaralaryndan başlap, umumy orta bilim berýän mekdeplerde, hünär okuw mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde tehniki mümkinçilikleriň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy bilen sanlylaşdyrylan ulgamyň şertlerinden işjeň peýdalanylýar. Bu günki günde sanlylaşdyrylan sapaklaryň derseleri ýokary derejede özleşdirmäge, sapaklaryň hil we mazmun taýdan baýlaşmagyndaky orny berilýän bilimiň esaslaryny has-da çuňlaşdyrýar.

Ýokary okuw mekdeplerinde hem amaly we nazary okuwlar sanly ulgamyň mümkinçilikleri netijesinde barha kämilleşdirilýär. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli sapaklaryň häzirkizaman talaplaryna laýyk gelmegi okatmagyň işjeň usullarynyň netijeli peýdalanylýandygyny görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, bilim işiniň sany ulgamda ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan, milli kanunçylykdan we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alýar. Şeýlelikde ýokary okuw mekdeplerinde we hünär bilimini berýän bilim edaralarynda hem talyp ýaşlar hünär ugurlary boýunça sanly bilim portaly esasynda sanlylaşdyrylan okuwlara, umumy sapaklara, tele köpri arkaly bilelikdäki sapaklara we beýleki ugurdaş çärelere gatnaşýarlar. Munuň özi talyplaryň geljekde hünärmen hökmünde zähmet çekjek ýerlerinde ornaşdyrylan tehnologiýalardan hem ýeterlikli baş alyp çykmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär.

Şeýle sapaklar talyplara berilýän maglumatlary netijeli usulda ýetirmekde, gysga wagtyň dowmaynda köp maglumatlary öwrenmäge itergi berýär. Sanlylaşdyrylan sapaklara ýaşlaryň has işjeň gatnaýandyklary hem bellärliklidir. Çünki tehnogiýalaryň asyry bolan bu eýýamda tehniki bilimler we başarnyklar babatda türkmen ýaşlary hem dünýä ýaşlary bilen deň gadam urýarlar. Döwür bilen aýakdaş gitmek bolsa bilim we hünär öwrenmek işine juda mahsusdyr. Şoňa görä-de Garaşsyz ýurdumyzda okuw usulyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy has kämil hünärmenleriň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň işine ýokary ähmiýet berip, ony barha rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Polat MUKYMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýlary institutynyň ýokary
matematika kafedrasynyň mugallymy.



Tmpedagog