05.04.2023 Gollanma149 .

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri


Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy, netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şeýle hem bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen uzak aralykdan bilim almak görnüşini durmuşa geçirmäge-de möhüm ähmiýet berilýär. Oňa elektron okuwyň bir görnüşi hökmünde garamak mümkindir.

Uzak aralykdan okuwyň ýola goýulmagy bilen bilim işgärleriniň işiniň häsiýeti hem düýpgöter üýtgeýär. Şunda bilim işgärleriniň esasy wezipeleri döwrebap elektron okuw maglumatlaryny döretmekden we talyplar bilen maslahatlary geçirmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, okuw işiniň täze bir görnüşi — sanly okuw döreýär.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, Türkmenistanyň her bir raýatynyň häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen milli bilim ulgamynyň öňünde goýan strategik wezipesi sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň geçirilmegini şertlendirýär.

Baýram NAZAROW,
Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň
informatika mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 04.04.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog