11.01.2023 Gollanma76 .

Himiýa adamzat üçin nämeler etdi?


Anestetikler
 Häzir biz dürli operasiýalarda anesteziýa astynda bolýarys, aslynda ilkinji anestetik bolsa 1800-nji ýyllaryň ortalarynda öndürilipdir. Soňra bolsa, himikler olary has köpeldipdirler.

Antibiotikler
 1930-njy ýyllarda antibiotikleriň peýda bolmasyna çenli bakterial şikeslenmeleri ölümiň esasy sebäbi bolupdyr. Şondan bäri, himikler antibiotikleriň köp sanly görnüşlerini açdylar.

Battereýalar
 Telefonlarymyzda ulanýan aşgar we litiý battereýalary hem himikler tarapyndan açylyp, olary täzeden zarýadlandyryp ulanyp bolýar.

Çaga dogulmagynyň barlagy
 1960-njy ýyllarda himikleriň bedeniň gormonlarynyň derejelerine täsir edýän sintetiki birleşmeleri tapylandan soň ilkinji içilýän kontraseptiwalary ulanmaklyk ýüze çykdy.

Katalitiki üýtgedijiler
 1960-njy we 1970-nji ýyllarda açylan katalitiki üýtgedijiler ulaglardan çykýan zäherli gazlaryň we hapalaýjylaryň howpsyz emissiýalara üýtgetmek arkaly hapalanmanyň öňüni alýarlar.

Dökünler
 1900-nji ýyllaryň başlarynda açylan Haber prosesi ýylda 450 million tonna azot dökünini öndürýär. Bu bolsa iýmit ýetişdirmekde we dünýäniň ilatynyň goldanmagynda örän möhümdir.

Ýangyçlar
 Tebigy ýangyçlardan alynýan benzin we dizel biziň ulaglarymyzyň köpsini ýangyç bilen üpjün edýär. Himikler wodorod ýangyjy ýaly has arassa görnüşlerini hem ulanmaklyk üçin pikirlenýärler.

Plastikler
 Gündelik durmuşymyzda plastikler her ýerde-de bar. Ýyllaryň içinde himikler geýimlerde we iýmit gaplamaklykda bolşy ýaly plastikleriň dürli görnüşlerini her tüýsli ulanylyşlar üçin üstüni açypdyrlar.

Ekranlar
 Eger-de sen bu gollanmany ekranda okaýan bolsaň himiklere sagbolsun aýtmalysyň. Dürli görnüşli monitorlar we duýujy ekranlar materiallaryna baglylykda himikler tarapyndan açylandyr.

Suw hlorlanmasy
 Bakteriýalary hem-de mikroblary öldürip, holera ýaly keselleriň öňüni almaga kömek edýän suw hlorlanmasy 1900-nji ýyllarda başlady. Ol suw howdanlaryny hem arassa saklaýar!


Taýýarlan:
Gülşen Kerwengeldiýewa, Balkanabat şäheriniň
24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
Mugallymy: Şabibi Maşadowa.



Tmpedagog