Agyz beklemek we saglyk
Haýyr-sahawata, sogaba baý Oraza aýy dowam edýär. Kerem-keramaty bilen ýüreklere ýylylyk çaýýan bu mukaddes aýyň dowamynda agyz beklemek musulmançylygyň esasy parzlarynyň biri bolup, onuň ynsan saglygy üçin hem ähmiýeti örän uludyr. Lukman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» kitabynda: «Oraza tutmak hem ruhy, hem beden saglygy üçin örän peýdalydyr. Bu aýy agyz beklemek we köp ýagşy işleri etmek bilen geçiren adamyň göwni galkynýar, ruhy belent bolýar. Ruhubelentligiň bolsa ynsanyň beden sagdynlygyna uly täsir edýändigi äşgärdir. Bu düzgünler agyz bekleýän adamdan diňe iýip-içmekden däl, eýsem, ýaramaz endiklerden hem gaça durmagy talap edýär» diýip belleýär.
Hakykatdan-da, Oraza aýynda agyz beklemek ruhy dünýämizi agyr pikirlerden saplamaga, bedenimize agram salýan artykmaç zatlardan dynmaga ýardam edýär. Agyz beklenende, iýmit siňdiriş ulgamynyň işi ýeňilleşýär. Sebäbi bedene iýmitiň barmasy azalanda, ol ähli güýjüni «zibillerden» arassalanmaga gönükdirýär. Agyz beklemegiň ilkinji peýdasynyň artykmaç agramdan halas bolmakdygy öz-özünden düşnüklidir. Onuň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda-da ähmiýeti uludyr. Agyz beklemek köp kesellerden goranmaga we saplanmaga ýardam edýär. Bu döwürde bagyrdyr böwrekde-de arassalanyş bolup geçýär. Bedeniň alyş-çalşygy kadalaşýar, içegeleriň işi sazlanýar. Aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäz, içegeler dynç alýar.
Lukmançylyk jähetinden, bedeniň saglyk ýagdaýyny we bolup biläýjek gaýra üzülmeleri göz öňünde tutup, ýarawsyz adamlara, göwreli ýa-da çaga emdirýän zenanlara, agyr zähmet bilen meşgullanýanlara, aşgazan kesellerinden ejir çekýänlere, agyr keselleri başdan geçirenlere, çagalara agyz beklemek maslahat berilmeýär. Çünki olara saglygyny saklamak üçin kadaly iýmitlenmek zerur. Umuman, saglygynda bir näsazlyk bar bolsa, agyz beklemezden öň maşgala lukmany bilen maslahatlaşmalydyr.
Oraza döwründe iýýän iýmitiňe hem uly üns bermeli. Çünki ol adaty iýmitden tapawutlanmaly däl. Iýmitlenme deňagramly bolup, gök önümler, miweler, et, çörek, däneli we süýt önümleri ýaly dürli tagamlary öz içine almaly. Kişde, kakadylan injir, garaly, hurma iýmek peýdalydyr. Saglyga zyýan ýetirýän aşa ýagly, gowrulyp taýýarlanan naharlary çäklendirmeli. Ol aşgazanyň işiniň ýaramazlaşmagyna, sary gaýnama getirýär. Agyz açylanda, ilki bilen, suwuk naharlary iýmäge çalyşmaly. Birbada aşa köp iýmek saglyk üçin örän zyýanlydyr. Naharlanylandan soňra, ýatman, arassa howada gezelenç etmek iýmit siňdiriş üçin peýdalydyr.
Bedende kadaly suwuklyk derejesini saklamak üçin agzaçar bilen selärlik aralygynda köpräk suw we şireli içgileri içmeli. Şonuň ýaly-da, saglyk üçin zyýanly bolan gazlandyrylan içgileri çäklendirmek maslahat berilýär. Kalbyňa ýakym, ýagşylyk guýýan mukaddes aýda tutýan orazalaryňyz, edýän ýagşy arzuw-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler!
(Ýörite habarçymyz).
"Türkmenistan" gazeti, 30.03.2023
www.turkmenmetbugat.gov.tm