29.03.2023 Gollanma155 .

Berdinazar Hudaýnazarow: Edebiýat barada


-Ýaş şahyr üçin milli däpleri düýpli özleşdirmek juda zerur mekdep diýip hasap edýärin. -Poeziýany poeziýa edýän — tebigylyk.

-Göz üçin däl, gözýetim üçin okamak gerek.

-Talant tebigy bolanda, adamda töwekgellik, dogruçyllyk, halallyk, ynsaplylyk birleşýändir diýip pikir edýärin.

-Döredijilik adamyna öz-özünden hoşal bolmak iň zyýanly hem-de iň bigelşik ýagdaý diýip aýdyp bolar.

-Adamzadyň asyrlaryň çuňlugyna siňip gidýän ruhy mirasy, çeperçilik taryhy şeýle bir baý.

-Beýik Magtymguly:
Adam özün bilmez ham-hyýal bolar — diýipdir.
Emma adamyň özüni tanasy gelýär. Belki, şu wezipäniň hötdesinden gelmek üçin Tebigat şahyr diýen täsin adamy ýaradandyr.

Taýýarlan Ogulsuraý Mededowa,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
20-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.



Tmpedagog