29.03.2023 Gollanma54 .

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti.


02.03.1992 - megerem bu sene Türkmen taryhynda aýratyn uly bir ähmiýete eýedir. Bu senede Türkmenistan bütin dünýä ýüzündäki döwletleriň 90%-a golaýynyň agzasy bolan Birleşen Milletler Guramasyna goşuldy. BMG-a agza diýmek eýýäm Garaşsyz döwlet bolandygymyzyň subutnamasy bolup çykyş edýär. Eýsem bu Birleşen Milletler Guramasy näme? Näme üçin günümizde her temada BMG agzalýar? Näme üçin Türkmen döwleti onuň bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär? Gelliň şu ýerde şul soraga jogap bermäge synanşalyň:

XIX asyryň ortalaryna dünýäde 50-den gowrak döwlet bardy. Bu döletleriň sany günimize çenli gitdigiçe artdy. Häzirki döwürde dünýä ýüzünde 200-den hem gowrak döwlet bar we dünýäde iň uly gurama bolan BMG-iň hem agzalarynyň sany 200-e golaýlady. Ýagny BMG diýmek bütin dünýä diýmek. BMG-de özüňi tanatmakda, öz ýeriňi tapmakda, öziňi sylatmakda döwletimiziň dünýäde tutýan ornyny hem-de abraýyny açyk aýdyň görkezýär.

 Bu gurama bilen esasan hem Hormatly Arkadagymyzyň ýurt baştutanlygyna geçmegi bilen hyzmatdaşlygymyz hem has berkäp başlady. Muňa subutnama edip Ženewadaky BMG-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň açylmagyny we BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Sebitde Öňüni Alyş diplomatiýa-synyň biziň ýurdymyzda açylmagyny getirsek bolar. Galybersede bu guramada Täze Galkynyşlar döwrinden şu güne çenli Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda 7 sapar ýolbaşçy bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda 2021-nji ýyl üçin “Halkara ynanyşmaklygyň we Parahatçylygyň ýyly” diýlip we 2023-nji ýyl üçin bolsa “Dialog-Parahatçylygyň kepil ýyly” diýlip at dakyldy. Bu bolsa biziň döwlerimiziň BMG-däki tutýan ornynyň örän wajyp hem-de abraýlydygyny açyk aýdyň görkezýär.

Begenç Çäşemow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Psihologiýa-Pedagogiki ugrynyň magistranty.



Tmpedagog