29.03.2023 Gollanma78 .

Geliň, salamdan başlalyň!


Dil öwrenmäge höwesek ýaşlaryň biri ýanyma gelip: «Iňlis dilinde salamlaşjak bolsaň, näme diýmeli?» diýip sorady. Menem: «Hi!», «Hey!», «Hello!», (bu sözüň «Hullo!», «Hallo!» diýilýän ýerlerine-de gabat gelmek bolýar), «Good morning!», «Good afternoon!», «Good evening!», «How do you do?», käte «Good day!» diýýänlerem bar»… diýip, bilenlerimi sanadym. Ol bolsa maňa dikanlap seretdi-de: «Men bulaň haýsy birini ulanmaly?» diýdi. Menem ýylgyrdym-da: «Ol seň näwagt, kim bilen salamlaşjagyňa bagly. Galyberse-de, salamlaşjagyň senden ulumy ýa kiçi, erkek kişimi ýa-da zenan, tanyşmy ýa nätanyşdygyna-da seredilýär» diýdim. Garaz, gürrüňimiz salamlaşmagyň medeniýetine syrykdy.

Salamlaşmak däbi her halkda bir hili. Hersiniň özboluşly, üýtgeşik salamlaşmak medeniýeti bolýar. Ýöne şol aýratynlyklaryň aňyrsynda ähli halklara mahsus bir meňzeşlik welin bar. Ol isle Günbatarda bolsun, isle Gündogarda, tapawudy ýok, dünýäniň haýsy künjeginde ýaşaýandygymyza, haýsy dilde gürleýändigimize garamazdan, barybir, dürli dildäki «salam» diýen sözde ynsanyýete söýgi bar. Edil ýylgyrmagyň «Men sizi görenime begenýän. Siz bilen didarlaşmak ýakymly» diýen manyny berşi ýaly, «salam» sözünde-de birek-biregi ysnyşdyrýan ýyly mähir bar. Bu sözi haýsy dilde eşitseňem, ýylgyryp berlen salama düşünmek kyn däl. Diýmek, dilimiz, medeniýetimiz aýry-aýry bolsa-da, söýgi, mähir ýaly ruhy dünýämiz, barybir, birligine galýar.

Aslynda, islendik dil öwrenilende, birbada sözlüge köp ýykgyn edilýär. Haýsy sözüň terjimesi zerur bolsa, dessine sözlüge eliň uzaýar. Edil şonuň ýaly, «salam» sözüniň iňlis dilinde terjimesini tapjak bolup, sözlüge seretseň, onda «Hey!», «Hi!», «Hello!», «How do you do?», «It’s nice to meet you!», «Good morning!», «Good afternoon!», «Good evening!» we başga-da birnäçe sözlere, söz düzümlerine gabat gelmek bolýar. Bularyň hersiniň özboluşly ulanyş aýratynlygy bolsa-da, ählisi salamlaşmak bilen bagly sözler.

Iňlis dilindäki «Hi!» we «Hey!» sözleri «Hello!» diýen söz bilen manydaşdyr. Olar bir-birleriniň deregine ýygy-ýygydan ulanylýar. Ýöne «Hi!» hem «Hey!» sözleri ýaşlaryň arasynda has ýörgünlidir. «Hi!» sözi islendik adaty ýagdaýda ulanylýar, ýöne «Hey!» sözi welin, adatça, öň tanaýan adamlaryň bilen didarlaşanyňda aýdylýar. Eger sen tanamaýan adamyňa «Hey!» diýip salam berseň, onda sen ol adamy çykgynsyz ýagdaýa salmagyň ahmal. Ol seni nirede görendigini ýatlajak bolup azara galar. Şeýle-de «Hey!» sözi diňe bir «salam» sözüne manydaş bolman, eýsem, ol biriniň ünsüni çekmek üçin hem ulanylýar. Resmi ýagdaýda salamlaşylandan soň, ýene-de resmi ýagdaýda hal-ahwal soraşmak üçin adaty ulanylýan «How are you?» («Gowumy ýagdaýlaryňyz?» diýen manyda) jümlesi ýerine düşer. Emma erkinräk hal-ahwal soraşmak üçin «How’s it going?», «How are things with you?» ýa-da «How are you doing?» ýaly aňlatmalary hem ulansa bolar.

«How do you do?» aňlatmasy resmi ýagdaýda salamlaşylanda ulanylýar. Bu aňlatmada sorag belgisiniň bardygyna garamazdan, ol sorag sözlemi hökmünde ulanylmaýar. Şeýle-de bu jümläni orta ýaşly, gartaşan adamlar köp ulanýar. Muňa jogap edip, «Pleased to meet you», «I’m doing well» diýseňizem ýa-da size geňräk görünse-de, «How do you do?» diýip, şol bir sözler bilen jogap berseňizem bolar. Şu ýerde türkmen dessurynda salamlaşylanda aýdylýan sözleri-de ýatlap geçsek ýerine düşer. «Salawmaleýkim», «Aleýkim salam», «Salamälik», «Salam», «Gurgunmysyňyz?», «Saglyk-amanlykmydyr?» «Ertiriňiz haýyrly bolsun!», «Agşamyňyz haýyrly bolsun!», «Giç ýagşy!», «Gelen ýagşy! Habarlaşan ýagşy!» ýaly jümleler salamlaşylanda ýygy-ýygydan ulanylýar. Halkymyzyň bu babatda şeýle baý medeniýete eýedigine buýsanýarsyň.

Ene dilimiziň aýratynlyklary hakynda gürrüň edilende ýene bir zada ünsi çekmek mümkin. Türkmençilikde biriniň gapysyndan barlanda, adatça, öý eýesini gapa çagyrmak üçin onuň ady tutulyp gygyrylman, sesli ardynjyrap barlar eken. Bardy-geldi ady tutulyp çagyrmaly bolnaýanda-da, aýal adamyň däl-de, şol öýüň erkek adamsynyň ady tutulypdyr. Bu ata-babalarymyzyň zenanlara neneňsi uly hormat goýandygyny görkezýär. Munda türkmen zenanlarynyň asyllylygy, agraslygy, haýalylygy örboýuna galýar.

Iňlis dilinde salamlaşmak bilen bagly başlan gürrüňimizi dowam etsek, edil beýleki halklarda bolşy ýaly, iňlis dilinde hem salamlaşmak däbi berjaý edilende, salam sözüniň ýany bilen, adatça, ýylgyrylýar. Aslynda-da ýylgyrmak — men size hormat goýýan, sizi gowy görýän we size ýagşy arzuwlary edýän ýaly giň manyny berýär. Şonuň üçinem ýylgyryp salamlaşylanda ýylgyrýan adamyň oňyn täsiri saňa-da geçýär, seniň hem ruhy dünýäňe hoşnutlyk çaýylýar. Siz muňa üns berip göräýiň. Ýylgyrýan adam bilen salamlaşanyňda dünýäňe rahatlyk aralaşýandyr. Eger-de bir ýurda baranyňyzda, ýerli halkyň dilini bilmeýän bolsaňyz, salamlaşmak meselesinde muňa birjik-de gynanmaň. Diňe ýürekden ýylgyryň. Şol ýeterlik. Şol ýylgyryşyňyz salamlaşmak bilen bagly ähli dessury berjaý eden bilen des-deňdir. Sebäbi ýylgyryşda düşündirip bolmaýan, egsilmeýän güýç bar.

Şujagaz ýazgymyzyň ahyrynda bir zady anyk aýtmak bolar. «Salam» diýen sözüň haýsy birini ulansaňyz ulanyň, ýöne şonuň ýany bilen ýürekden ýylgyrsaňyz, siziň ol salamyňyzyň täsiri başgaça bolar.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan» gazetiniň baş redaktory.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog