25.03.2023 Gollanma527 .

Artykgül Teke gyzy


 Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” kitaby diňe bir ilhallar ynsan, pedagog, halypa mugallym, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoluny çeper beýan etmän, eýsem, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran ilkinji magaryfçylarymyz N.N.Ýomudskiý, Muhammetguly Atabaýew, Tatýana Tekinskaýa, Alyşbeg Alyýew we başgada birnäçe taryhy şahsyýetler,olar baradaky wakalary gürrüň berýän örän gymmatly kitapdyr. Romanyň baş gahrymany Berdimuhamet Annaýewiň geçen halal we gahrymançylykly ömür ýoly, pedagogik garaýyşlary bolsa mugallymlaryň görelde mekdebine öwrüldi.Gahrymanlaryň hakyky taryhy şahsyýetlerdigi, wakalaryň ýönekeý we çeper dilde akgynly beýan edilmegi giň halk köpçüliginiň bu esere bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

 Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanynda ady agzalýan görnükli şahsyýetleriň biri-de türkmen halkynyň şöhratly gyzy Tatýana Mihaýlowna (Artykgül) Tekinskaýadyr. Romanda beýan edilişine görä, Berdimuhamet Annaýew heniz 12 ýaşlaryndaka görnükli türkmen magaryfçysy Muhammetguly Atabaýewden bu görnükli türkmen zenany barada eşidýär:

 “Muhammetguly Berdimuhamede öňdebaryjy aýal, magaryfçy Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa barada gürrüň berdi. Olar ýöne bir ýerli mekdepleriň mugallymlary – kärdeşler bolman, eýsem pikirdeşdiler hem. Ol rewolýusiýadan öň ýokary bilim alan ilkinji türkmen zenanydy we rewolýusiýadan ozalky ilkinji türkmen progressiw magaryfçylarynyň hatarynda görülýärdi. Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa üç ýaşynda 1881-nji ýylyň ýanwaryndaky Gökdepe weýrançylygyndan soň patyşa generaly M.D.Skobelew tarapyndan gyzlyga alnyp, Tatýana diýlip, rus ady, teke taýpalarynyň basylyp alynmagynyň şanyna bolsa Tekinskaýa familiýasy berilýär. Ol Moskwanyň Ýelizaweta institutyny tamamlap, oňat bilim alýar, Harkowda gimnaziýanyň mugallymy bolup işleýär. T.M.Tekinskaýa öz çagalygynyň taryhyny bilýärdi we hemişe Watany Türkmenistan barada oýlanýardy. 1906-njy ýylda ol Ashabada gelip, sekiz ýyllap ilk-ä Ashabatda, soňam Artyk obasynda rus-ýerli başlangyç mekdebinde mugallymçylyk edýär. Bu ýerde ol özüni Artykgül diýip atlandyrýar. Artykgül mekdepde okamagyň, aýratyn hem, garyp-pukaralaryň çagalarynyň okamagynyň zerurdygyna jan-dilden ynandyrýardy. Özüniň magaryfçylyk işi üçin T.M.Tekinskaýany ýerli polisiýa aýratyn gözegçilik astyna aldy. 1914-nji ýylda tutha-tutluk köpelip başlanda, ol Türkmenistany taşlap, Ukraina gitmäge mejbur boldy. Ol Kiýew guberniýasynyň mugallymçylyk gimnaziýasynda mugallymçylyk işini dowam etdirdi.” ( sah.48)

 Eýsem, bu batyrgaý türkmen gyzynyň soňky ykbaly nähili boldy-ka?

 Ukrainada Artykgül 10 ýyl töweregi gaty kän muşakatlyklara sezewar bolýar. Dürli jebir-sütemler onuň buýsançly başyny, belent ruhuny, watansöýüjiligini, syndyryp bilmeýär.. Artykgül Teke gyzy nire barsada göz astyndan sypmaýardy, her bir herekedi patyşa häkimýetiniň gözegçiligindedi.

 Baran ýerinde-de özüniň adamkärçiligi, ynsanperwerligi, akyl-huşy bilen ýerli adamlaryň uly hormatyna mynasyp bolupdyr. T.M.Tekinskaýanyň gyzy Annagül ejäniň gürrüň bermägine görä, köp wagt Orazgeldi Çekiç oglyda (Artygül Teke gyzynyň ýoldaşy) olar bilen bile Ukrainada ýaşapdyr. Ýöne näme üçindir ony soňra Türkmenistana çagyrýarlar. Şol aralykda Artykgül Teke gyzynyň Ýarmuhammet atly ogly-da bolýar.1917-nji ýylyň rewolýusiýasy sebäpli gelip-gitmek kynlaşýar, Orazgeldi Çekiç bilen aragatnaşyk üzülýär. Artykgül Teke gyzy iki sany gyzjagazy we ogly bilen ýangynly Ukrainada ýaşamagyny dowam edýär. Şol döwrüň durnuksyz, galagoply syýasy ýagdaýlary bu naçar maşgalany kä gezekler ölümiň edil alkymyna getiripdir, durmuşyň ýowuz synaglary bilen synapdyr.

 1924-nji ýylda T.M.Tekinskaýa Watana dolanmaga mümkinçilik tapyp, haýdan-haý mähriban ülkesine gyzlary Gülsoltan, Annagül we ogly Ýarmuhammet dagy bolup ýola düşýärler. Uzak ýolda-da dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar, hatda Artykgül Teke gyzy agyr ýarawsyzlyk tapýar. Emma ýüregi “Watan” diýip urup duran merdana gyzymyz ýolda bejergi almakdan-da boýun towlap ýoluny dowam edýär. Ol 1924-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek mugallymlaryň I gurultaýyna hem howlugýardy. Aşgabada geleninde ýöremäge ýaramadyk Artykgül Teke gyzyny haýal etmän demirýol hassahanasyna ýerleşdirýärler. Çagalaryny bolsa öz haýyşy boýunça Ene Kulyýewa adyndaky internada eltip tabşyrýarlar. Üç günden soň çagalaryna ejesiniň garahassalyk keselinden ýogalandygyny habar berýärler...

 Annagül ejäniň gürrüňinden çen tutup, bir zady arkaýyn aýdyp bileris. Ýagny, Artykgül Teke gyzy rus topraklarynda önüp-ösüp, kemala gelse-de, göbek-gany daman topragyny unutmady. Özge ýurtdaky aladasyz durmuşy saýlamady, öz halkynyň ykbaly üçin janyny aýamady, iline dolanyp, onuň derdi bilen ýaşady. Özüniň türkmen gyzydygyna buýsanyp , Watany hemişe ýüreginiň töründe saklady. Keç ykbally türkmen gyzy watançylyk söýgüsiniň ajaýyp nusgasyny nesillere miras goýdy. Watanynyň özbaşdaklygyny, halkynyň ruhy taýdan galkynmagyny, ylymly-bilimli bolmagyny soňky demine çenli arzuw edipdir diýsek ýalňyş bolmaz. Sebabi ýat ýurtlarda ejir-sütem görüp, öňdebaryjy pikirleri üçin öz ülkesine-de sygdyrylmadyk adamyň başga bir arzuwy bolarmy?!

 Heniz 3 ýaşlyja çagajyk wagty Gökdepe galasyndaky aýylganç wakalaryň şaýady bolan, ene-atasyndan jyda düşen, az soňra bolsa nätänyş adamlar bilen bütinleý ýat ülkelere alyp gidilen, soňra bolsa durmuşyň dürli kynçylyklaryna döz gelen Artykgül Teke gyzyna dogduk diýarynda erkin ýaşamak, onuň mährinden ganmak, özbaşdaklygyny görmek bolsa nesip etmese-de, ikinji ýola Watana dolanmak we onuň goýnunda baky uka gitmek nesip etdi.. Ýöne gahryman zenan haçanda bolsa bir gün gelip mähriban Watanynyň garaşsyz, ösen medeniýetli, ylymly-bilimli nesilli boljakdygyna pugta ynanýardy.

 Artykgül Teke gyzy Muhammetguly Atabaýewe ýollan hatlarynyň birinde şeýle ýazan:

«Meniň mähribanym, eziz dostum Muhammetguly! Şu gün meniň 30 ýaşymyň dolýan güni. Biziň ülkämiziň eýelenmegine-de 27 ýyl bolýar. Men öz ýaşlarymyza olaryň ösüp, ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary göteriliş we azatlyk berjegine berk ynanýaryn. Elbet-de, belki sen ony görüp bilmersiň, emma seniň çagalaryň we agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar!»

 Hawa, bir asyrdanam öňüräk ýazylan bu hatdaky aýdylanlar hakykat boldy. Häzirki wagtda ýurdumyz diňe bir özbaşdak döwlet bolman, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen diňe bir ylym-bilim taýdan däl ähli tarapdan ýokary galkynyşa, özgerişe, ösüşe eýe boldy.

 Artykgül Teke gyzynyň birwagtlar öz hasabyna mekdep açan we çagalara sowat beren ýeri-Artyk obasyda tanalmaz derejede özgerdi. Häzirki wagtda bu obada Artykgül Teke gyzynyň adyny göterýän, ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilen mekdep ýerleşýär. Mekdebiň müdiri Hakberdi Aşyrow bu ýerde zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň Hormatly Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň bilim işgärlerine döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okuw-terbiýeçilik işinde öz ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýandyklaryny belläp geçdi we mekdep muzeýi bilen tanyşdyrdy. Mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Başmyrat mugallym Artykgül Teke gyzy barada gyzykly we täsirli gürrüňler berdi. Bu merdana zenanyň öz okadýan mekdebiniň adyny göterýändigine buýsanýandygyny, onuň şöhratly ady öz kärdeşleri we obadaşlary tarapyndan hiç haçan ýatdan çykmajakdygyny uly ynam bilen aýtdy. Hakykatdan-da, ömrüni il-güne bagyşlan gahrymanlar unudylmaýar. Olaryň atlary halkyň kalbynda saklanylýar.

Sähet GUTLYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.



Tmpedagog