25.03.2023 Gollanma145 .

Logiki soraglardan peýdalanaýyn diýseň...


 Adamlar dükanda nobata durdylar. Şol bir adam yzdan bäşinji, öňden üçünji bolsa nobatda näçe adam bar ? (7)

 Adam bazara barýardy. Onuň üç çagasy, her çagasynyň elinde bir sebeti we her sebetde bir pişigi bar. Bazara näçe janly gitdi.(1)

 17-nji etažda ýaşaýan adam diňe ýagyşly günler ýa-da ýanynda biri bolan ýagdaýynda lifte münýär. Ýa – da 9-njy etaža çenli liftli soňra basgançakdan ýöreýän eken. Näme üçin ? (karlik, ýagny boýly gysga)

 “ Şalgam “ ertekisinde şalgamyň goparlandygyny näçe göz görüpdir. (12)

 Haçan biz 1 lik sana bakyp 5 diýýäris. ( haçanda sagatdan 5 min işlände)

 Meniň sumkamda 3kg süji bar, joramyň sumkasynda 3kg kitap bar. Haýsy agyr? (deň)

 Ýagyşly gün towşanlar nähili agajyň aşagynda bukulýarlar? ( öl agajyň)

 Maşyn saga öwrülende haýsy tekeri aýlanmaýar? ( ätiýaçlyk tekeri)

 Ördekler biri –biriniň yzyndan kölde ýüzüp barýardylar. Bir ördek öňüne bakypdyr 17 kelle görüpdir. Yzyna bakypdyr 42 penje görüpdir. Kölden näçe ördek ýüzüp barýar ?( 39 )

 Ýedi etažly myhmanhananyň birinji gatyna 4 adam ýerleşipdir. Beýlekilerine ondan 2 adam köp ýerleşýär . Haýsy etažda iň köp lift çagyrylýar ? ( 1)

Taýýarlan: Mähriban TEMIROWA,
Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.



Tmpedagog