23.03.2023 Gollanma57 .

Ajaýyp döwrüň beýik işleri


Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Adatça, mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir.


 Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly ösüşleri gazandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ertirine ynamly asuda durmuşda ýaşaýar. Türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetçilik durmuşyny has kämil derejelere ýetirmek ugrunda ruhubelentlik bilen agzybirlikde zähmet çekýär, täzeden-täze ýeňişleri gazanýar.

 Dünýä ykdysady gatnaşyklaryna deňhukukly agza hökmünde goşulan Türkmenistan abraýly halkara guramalary, dünýäniň ösen döwletleri tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasaty dünýäde uly gyzyklanma döredýär we giň goldaw tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň bolsa ynamly dowam etdirýän energetika howpsuzlygyny we turbageçiriji düzümiň ygtybarlylygyny üpjün etmäge, şeýle hem üstaşyr-ulag geçelgeleriniň täze halkara ulgamyny döretmek boýunça, ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen, möhüm halkara başlangyçlary BMG-niň agzasy bolan döwletleriň goldawyna eýe bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidildi.

 Türkmenistan Watanymyzda binagärlik-gurluşyk işler hem maksatnamalaýyn yzygiderli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan uly tutumly işlerini Arkadagly Serdarymyz täze döwürde has kämil derejede dowam edýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem welaýatlarda alnyp barylýan giň gerimli şähergurluşyk işleriň netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan özgerýär, abadanlaşýar. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen ýaşaýyş jaýlar bilen bir hatarda täze-täze bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryna degişli ajaýyp binalar hem gurlup ulanylmaga berilýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde girizilmegi we beýleki köp sanly täsin, ajaýyp desgalaryň dürli döwürlerde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi biziň ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň dünýäde giň meşhurlyga eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hawa, bu alnyp barylýan uly tutumly işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygider gowulanýar, Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýy dünýä dolýar.

 Garaşsyz Bitarap Watanymyzda jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmäge, kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň taryhyny öwrenmäge, halka ýetirmäge gönükdirilen işler ylmy esasda maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzda köp ýyllaryň dowamynda toplanan türkmen halkynyň milli däplerini saklap, olary halka ýetirmek bilen baglanyşykly wajyp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň asyrlar boýy öý-ojaga wepalylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, mertlik, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri ýaşlarymyza terbiýe bilen berilýär.

 Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda türkmen halkynyň taryhynda görnükli yz goýan taryhy şahsyýetlere aýratyn sarpa goýulýar. Paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän «Ylham» seýilgähinde türkmen topragynda irki döwürlerde ýaşan şöhratly ogullaryň hem-de ýakyn taryhymyza degişli döwürde ýaşan türkmen halkynyň görnükli wekilleriniň heýkelleri ýerleşdirilen. Türkmen alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň, görnükli döwlet işgärleriniň atlary halkyň erk-islegine görä ýokary okuw mekdeplere, köçelere dakylýar.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlan ajaýyp şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp desgalar döwrümizi bezeýär, halkymyzy täzeden-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

 Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 4-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzda täze şäheri — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky taryhy Karara gol çekipdi. Şondan bir aý gowrak wagt geçenden soň — 10-njy aprelde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygyna badalga berlipdi.

 Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory gurluşygyň ähli tapgyrlarynda türkmen gurluşykçylarynyň uly höwes bilen sünnäläp alyp barýan işleri bilen hemişe gyzyklanyp, özüniň baý şähergurluşyk tejribesine esaslanan, gymmatly maslahatlaryny berdi, gurluşyk bilen baglanyşykly ähli guramaçylyk meselelerini öz gözegçiliginde saklady. Netijede, tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylyp, sanly tehnologiýalary, intellektual ulgamlary giňden ornaşdyryp, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulan ak mermere bürelen ajaýyp şäher döredildi.

 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Şol maslahatda, gurluşyk işleriniň birinji tapgyrynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy sebäpli Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäherini, şeýle hem okuw mekdeplerini we beýlekileri atlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek bilen bagly wezipeleri goýdy.

 Täze «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ildeşlerimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekýär, täze zähmet üstünlikleri gazanýar. Ahal welaýatynyň täze gurlan Arkadag şäherinde hem işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda bu ýerde Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäherini, şeýle hem okuw mekdeplerini atlandyrmak barada goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada meselä hem seredildi. Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karar kabul edendigi barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň ýolbaşçysy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak, şeýle hem şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak barada çözgüde gelnendigi baradaky hoş habary aýtdy.

 Bu, Türkmenistan Watanymyzyň her bir raýatyny çäksiz begendiren şatlykly habar, Türkmenistan Watanymyzda halkyň erk-isleginiň hemme zatdan ileri tutulýandygyny, türkmen halkynyň Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jebisdigini, agzybirdigini görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirildi. Ähli ugurlarda, şol sanda daşary syýasatda, senagatda, innowasion hem-de durmuş ösüşinde uly üstünlikler gazanyldy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda milli tejribämize, şeýle hem ösen döwletleriň tejribesine daýanyp uly ähmiýetli demokratik özgertmeler durmuşa geçirildi. Durmuşa geçirilen uly özgertmeler, gazanylan üstünlikler türkmen halkynyň kalbynda Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgini döretdi.

 Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurlan mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy biz mugallymlary has-da begendirdi, şatlygymyza şatlyk goşdy.

 Berdimuhamet Annaýew barada söhbet açylanda Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserinde ýazan setirleri hakydaňa gelýär: «Beýik işler asylly maksadyň durmuş beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan işler döwletimiziň her bir raýatynyň köňlüne guýlan şu päk niýetlerinden başlanýar». Hakykatdan hem Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly onuň asylly, halkyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlarynyň beýany...

 Beýik ynsan Berdimuhamet Annaýew Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 1904-nji ýylda döwrüniň gurply, hemme zady özünden bitýän, obadaşlarynyň okamagy we sowat almagy üçin öz güýjünem, gaýratynam gaýgyrmadyk Anna aganyň maşgalasynda, Aba we Ýusupberdi atly ogullaryndan soň dünýä inýär. Berdimuhamediň çagalyk ýyllary agyr geçipdir. Ol ýaňy üç ýaşyna ýeteninde, kakasy Anna aga aradan çykypdyr we ol garry enesiniň elinde terbiýelenipdir. Berdimuhamet Annaýew 1926-njy ýylyň başlarynda Aşgabat şäherindäki mugallymçylyk tehnikumyna okuwa iberilýär we şol ýerde çarwaçylyk etraplarynyň başlangyç mekdepleriniň mugallymlary taýýarlanylýan üç aýlyk okuwa diňleýji edilip alynýar. Okuwy tamamlanyndan soň ol Gökdepe etrabynda mugallym, soňra bolsa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda orta mekdebiň direktory bolup işleýär.

 Berdimuhamet Annaýew 1943-nji ýylda fronta gidýär. Ol uruşda hem mugallymlygyna galýar, diňe özi duşmana garşy edermenlik görkezip, gaýduwsyz söweşmeýär, eýsem, bile söweşýän ildeş ýigitlerini beýik edermenliklere ruhlandyrýar. Gynansak-da, söweşleriň birinde ol agyr ýaralanýar we bäş aýdan gowrak wagtlap Samara şäherinde gospitalda ýatýar. Berdimuhamet Annaýew uruşdan II topar maýyp bolup gelýär we 1944-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda fronta gitmezden öň ýolbaşçylyk eden mekdebiniň direktory bolup işe başlaýar...

 Türkmen halkynyň ogly, beýik ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly biz üçin Watana hyzmat etmegiň, watansöýüjiligiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Watanyny, halkynyň abadançylygyny, parahat durmuşda bolelinlikde ýaşamagyny hemme zatdan ileri tutan ynsanyň adynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurlan mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine dakylmagy biziň günlerimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň guran we günsaýyn gülläp ösýän Türkmenistan Watanymyzda milli demokratiýanyň dabaralanmagy, türkmen halkynyň agzybirliginiň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşynda jebisligini görkezýär.

Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory,
tehniki ylymlaryň kandidaty.

"Garagum" žurnaly, №1-2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog