21.03.2023 Gollanma58 .

Göwünlere şatlyk paýlaýan günler


 Halkymyzyň özboluşly milli ruhy gymmatlyklaryny, agzybirlik ýörelgelerini özünde jemleýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ykrarnama eýe boldy.

 Halkara Nowruz güni ynsanlary bir-birine has-da ýakynlaşdyrýar. Ol her bir adamda ynsanperwerlik, watansöýüjilik duýgularyny kämilleşdirýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» biz ony has-da üýtgeşik duýgular bilen garşy alýarys. Milli bahar baýramy mynasybetli eziz Diýarymyzyň hemme ýerlerinde, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem baýramçylyk çäreleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary netijesinde Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara baýram diýlip yglan edilmegi we häzirki ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen bir-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary dowam etdirmekde bu baýramyň ähmiýetiniň uludygy hakyndaky buýsançly söhbetler geçirilýän çärelerdäki çykyşlaryň özenini düzýär.

 Halkara Nowruz güni — göwünlere şatlyk paýlaýan baýram. Milli däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga esaslanýan kämil hem-de döwrebap ruhy ýörelgäniň kemala gelmegi we has-da rowaçlanmagy üçin ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de bu ugurda başy başlanan beýik işleri dowamat-dowam edýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Durdyguly Şirgulyýew,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki
30-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.

"Balkan" welaýat gazeti, 16.03.2023

Tmpedagog