21.03.2023 Gollanma628 .

Halk döredijiliginiň ýaremezan görnüşi


 Asyrlardan asyra, nesillerden nesle geçip, biziň günlerimize çenli ýetip gelen halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenmek, kämilleşdirmek, geljekki nesillere ýetirmek we ýaş nesilleriň kalbynda bu eserlere söýgi döretmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

 Türkmen halk döredijiligi eserleriniň arasynda ylmy nukdaýnazardan içgin öwrenilmeli, özboluşly, aýratyn taraplary ýüze çykarylmaly birnäçe eserlerimiz bardyr. Şolaryň biri-de halk döredijiliginiň ýaremezan görnüşidir. Ýaremezanlar aýlaryň soltany hasaplanýan Oraza aýynyň gelendigini buşlamak maksady bilen, çagalaryň aýdýan goşgy bentleridir. Ýaremezan aýtmak Oraza aýynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlarymyzyň biridir. Meret aýynyň ahyrky gününde Oraza aýynyň gelendigi buşlanyp aýdylýan halk döredijiliginiň ýaremezan görnüşi türkmen halkynyň geçmiş taryhyndan, ýaşaýyş durmuşyndan we ruhy ahwalyndan habar berýär. Bir söz bilen aýdylanda, halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, ýaremezanlarda hem türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy öz beýanyny tapýar. Ýaremezanlar — halkyň alkyş-dilegleri, arzuw-umytlary, birek-birege edýän gowy niýetleri.

 Ýaremezan aýtmagyň düzgünine görä, çagalar ýaremezan bentlerini goňşy-golamlaryň öýlerine aýlanyp ýerine ýetirýärler. Çagalar ýaremezany her öýüň gapysyna baryp, «Baý öýüňize bereket!» diýip, batly sesleri bilen ýaňlandyryp aýdýarlar. Ýaremezan aýdýan çagalar bilen öý eýesiniň arasynda sowal-jogap hem alşylýar. Sowal-jogap çagalaryň aňyny, pikirlenişini ösdürýär, dünýägaraýşyny giňeldýär, synçylyk ukybyny ýiteldýär.

 Öýüň eýesi ýaremezan aýdan çagalara süýjülik, nogul-nabat paýlaýar. Ýaremezanlarda Oraza aýynyň gelendigine begenç duýgusy, birek-birege myhmansöýerlik, sahylyk, ruhy päklik, ýeneki ýyllara hem sag-aman Oraza baýramyny garşylamak... ýaly pikirler beýan edilýär:

Oraza geldi haý bilen,
Bir meleje taý bilen.
Taýy batga batanda,
Çykardy haý-haý bilen.
Ýokarda bir Aý bar,
Ýüzi gyzyl ýaý bar.
Bereketli saçakda
Bize goýlan paý bar.

 Çagalar tarapyndan aýdylýan ýaremezanlarda oýun-degişme häsiýetli setirler hem gabat gelýär. Şeýle oýun-degişme häsiýetli jümleler türkmen halkynyň toý-baýramlarda degişmä uly üns berýändigini, şahandaz halkdygyny görkezýär:

Garaja çatmaň öý bolsun,
Gapyňyzda toý bolsun.
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun,
Ýa Remezan!

 Ýaremezan bentleriniň temasy dürli-dürlüdir. Olarda ýagşy niýetler, umyt-arzuwlar dileg edilýär. Ýaremezan setirlerindäki sözleriň täsiri juda uly:

Gapyňyzy Hydyr açsyn,
Duluňyza gelin geçsin.
Ojagňyzda palaw bişsin,
Ýa Remezan, Ýa Alla!

 Bentlerde türkmen milli tagamy wasp edilip, ony içeniň dert-beladan saplanjagyna umyt bildirilýär:

Aş içiň-ä, aş içiň,
Aşy içen derlesin.
Size geljek belalar,
Daga-daşa ornasyn.
Ýa Remezan!

 Ýaremezan sanawaçlarynda öýe perzent getirmek dogrusynda hem arzuw edilýär:

Ekin ekdim ýumşajyk,
Bogunlary gowşajyk.
Hudaýym ogul bersin,
Gyzyl gülden ýumşajyk.
Ýa Remezan!

 Alymlar XX asyryň ikinji onýyllygyndan ýaremezan sanawaçlary bilen gyzyklanyp başladylar. Gündogarşynaslar I.A.Belýaýew «Туркменские колядные песни. Этнографический очерк» (Ashabad, 1915 г.) kitabyny, O.I.Şaskaýa «Туркменские колядные песни и в связи с бытом» («Советская этнография» 1936 г., 1-2) ylmy makalasyny ýazýarlar.

 Halk döredijiliginiň gadymy görnüşi bolan ýaremezanlar häzirki wagtda ylmy nukdaýnazardan öwrenilýär. Ýaremezanlar barada türkmen alymlarynyň makalalary metbugatda çap edilýär. Olardan G.Ylýasowanyň «Ak säherler doga okap», «Ýaremezanlar — alkyş-dilegler», G.Gummanowanyň «Tüýtätinmi, süýt hatyn?!», O.Ekäýewiň «Oraza geldi ilime — doga geldi dilime», E.Çaryýewanyň «Ýaremezandan soňky oýlanmalar» ýaly makalalaryny mysal getirmek bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan biziň günlerimize çenli ýetip gelen edebi mirasymyzy — halk döredijiliginiň eserlerini, onuň täsin hem özboluşly taraplaryny içgin öwrenmek, olary dünýä ýaýmak ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize egsilmez sagbolsun aýdýarys.


Enegül ŞALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil,
edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.

"Güneş" žurnaly, 20.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog