20.03.2023 Gollanma109 .

«Nowruznamadan»


 Färwärdin (mart-aprel) aýy — pehlewi sözi bolup, onuň manysy bu aýda ösümliklere jan girip, olaryň ösmäge başlaýandyklaryny aňladýar. Bu aý Hamal ýyldyzlar toplumyna degişlidir.

 Urdubehişt (aprel-maý) aýy — bu aý jahan öz gözelligi, şatlygy, lälezarlygy bilen edil jennete, behişde meňzeýär. Şonuň üçinem bu aýy «Urdubehişt» diýip atlandyrypdyrlar. «Urd» pehlewi dilinde «misli», «edil» diýen manyny berýär.

 Hordad (maý-iýun) aýy — jemagata hurş berýän, ýagny bugdaý, arpa, miweler bilen üpjün edýän aýdyr.

***  Her kim Nowruz güni baýramçylyk etse, şatlansa, indiki Nowruz baýramyna çenli şady-horramlykda ýaşar.

***  Eger Nowruz güni äleme hepdäniň sişenbe güni inse, ol günüň asmandaky Mars ýyldyzydyr we şol ýyl baý ýyllaryň biri bolar. Galla hasylynyň bolluk eçilýän ýylydyr. Ýagyş köp ýagar, pagtanyň we üzümiň hasyly gowy bolar. Bu ýyl dünýä inen perzent batyr, pälwan hem-de rysgally adam bolup ýetişer.

Toplan: Ogulbossan KAKAÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 16.03.2023

Tmpedagog