19.03.2023 Gollanma76 .

Pasyl çalşygynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:


1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

2. Pasyl çalşygynda öz burnuňyzyň hem-de çagalaryňyzyň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

3. Ýaz paslynyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we witamin C – askorbin turşusyna baý önümler (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri) bilen iýmitlenmeli.

4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Munuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. Howany tämizletmek üçin üzärlik tütetmeli.

5. Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem aram-aram içmeli. Gyzyl burçdaky fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde örän peýdalydyr.

6. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişlidir. Çünki antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy peýdalanylmaly. Olary özbaşdak ulanmak dürli gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.

7. Elleriňizi elmydama arassa ýagdaýda saklaň we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwuň! Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň!

8. Sepgitde bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň!

9. Kömelekdir gök önümleri iýeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmegi unutmaň!

10. Iýmit zäherlenmeleriňdir ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, azyk önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý ediň! Demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini paslyň yssy günlerinde iýmekden saklanyň! Iýmekçi bolsaňyz, onda olary söwda merkezlerinden satyn alyň! Öý şertlerinde olary talabalaýyk saklaň we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaň!

11. Ýaz paslynda her bir günüň şemally, ýagmyrly, salkyn we yssy bolup bilmegini we howanyň derejesiniň üýtgäp durmagyny nazara alyp, ýaz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň!

12. Ýaz paslynda dürli mör-möjekleriň tebigatda janlanýandygyny nazara alyp, olaryň çakmagyndan goranmagyňyzy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

"Türkmen sporty" gazeti, 18.03.2023

Tmpedagog