15.03.2023 Gollanma70 .

Türkmençilige ýugrulan kyssalar
«Ýürekde galan sargyt»


 Halypa ýazyjy Narmuhammet Kakabaýewiň «Ýürekde galan sargyt» atly kitaby kyssalardan ybaratdyr. Bu kitap özünde hekaýalardyr oýlanmalary jemleýär. Türkmen halkynyň dürli döwürlerdäki ýaşaýyş-durmuş şertlerini, olaryň edermenligini, watanperwerligini, ynsanperwerligini... ýazyjy çeper keşpleriň üsti bilen beýan edýär. Üstesinede, ol keşpler, esasan, ýaşlaryň durmuşyna salgylanmak bilen döredilipdir. Olardan «Hallygözel», «Gelnejeler— baldyzlarynyň syrdaşy», «Jümjüme köýnekli gyz», «Uz ýaşmakly gelin»... ýaly eserlerini mysal getirmek bolar.

 Durmuşy wakalary çeper hakykata öwrüp, şeýlekin türkmen halkynyň häsiýetine mahsus eserleri özünde jemleýän bu kitap okyjylaryň söýgüli kitabydyr. Ömürboýy täzeçillige, edebi gözleglere ymtylan ýazyjynyň eserlerinde kyssa žanrynyň üýtgeşikligini, milli äheňlerini göz görtele duýmak bolýar.

 Kitabyň atlandyrylyşyda onuň içindäki «Ýürekde galan sargyt» atly eseri bilen baglanyşyklydyr. Beýik Watançylyk urşy döwründäki wakalary yzarlaýan bu hekaýa Kakaly hemde Gülälek atly gahrymanlary bilen okyjylaryň hakydalaryna möhürlenen bolsa gerek. Gazaply urşuň dowam edýän uçurlary Kakaly fronta gitmeli bolýar. Ýaş juwanlaryň näzik duýgularynyň arasyna uzaklyk düşýär. Gülälek hem bir oglanjyga düwünçek berýärde, ony Kakala bermegi towakga edýär. Emma oglanjyk ol towakgany ýerine ýetirmäge ýetişmeýär. Bilesigeliji oglanjyk ol düwünçegi açyp görýär welin, içinden täzeje tahýa çykýar. Tahýanyň iç ýüzünde şeýle sözler bar eken: «Gol ýetmedik şahama ýele giden bagtyňdan».

 Hormatly okyjy! Kitap ynsanyň ruhy dünýäsiniň iýmiti. Ol aňasty dünýämiziň şamçyragy. Ömür ýodamyzyň çelgisi diýsek-de bolar. Ýazyjy Narmuhammet Kakabaýewiň «Ýürekde galan sargydy» hem siziň ruhy dünýäňize ylahy itergi berer diýen tamamyz bar.

Eserden bölekler:
Türkmen ruhubelent halkdyr. Türkmeniň ot daýanmaz, suw dasönmez beýik ruhy bardyr. Türkmeni ýaşadýan şol beýik ruh.
***
Yşk-söýginiň ornuny öýke-kine, gabanjaňlyk, gahar-gazap bilen çalyşjak bolmagyň, köýen söýgüden boşan kalbyň törüne olary saljak bolmagyň özi, bir otdan çykyp, özüňi beýleki bir oda oklan bilen des-deň.
***
Käte-käte döwet galamyňy Musa pygamberiň hasasyna deňesem diýýärsiň: Musa pygamberiň hasasyny dürten ýerinden dirilik suwy — çeşme atylyp çykypdyr. Ýazyjy hem döwet galamynyň astyndan gowzan kalplary dolduryp biljek ruhy baýlyklaryň dörärini — paýhas arygynyň akaryny isleýär.

Güljemile ŞAMURADOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky
27-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Watan" gazeti, 14.03.2023

Tmpedagog