14.03.2023 Gollanma70 .

Türkmenistan dünýä kartasynda


Duralgada durun. Gabat garşymdaky ýazgyda nazarym eglenýär: «Türkmenistan» kinokonsert merkezi. Äýneksizem konsertde çykyş etjek aýdymçylaryň suratyny saýgarýaryn. Emma olaryň hemmesiniň ýüzi tanyş däl. Şu pille äýnek iň möhüm enjam hökmünde orta çykýar. Olaryň atlary tanyş bolsa-da, döredijiligi barada üýtgeşik bir düşünjäm ýok diýerlik. Dogrusy, owalbaşda kinokonsert merkezindäki şowhunly çykyşlaryň gahrymanlary däl-de, onuň adyndaky «Türkmenistan» diýen ýazgy ünsümi özüne çekipdi.

 «Türkmenistan» diýen ýazgyny ak mekdebiň bosagasyndan ätläp, ýazmagy-okamagy öwrenen çagym ilkinji gezek dile getiripdim. Ýöne ilkinji harplary özleşdirip başlan uçurlarymyz ýönekeýje sözler öwredilip, olaryň arasynda telim gezek gaýtalanan «Ata» we «Watan» diýen goşa kelamyň biz üçin ýakymly owaz bolup ýaňlanýan «Türkmenistan» diýen mukaddesligiň manydaş sözüdigi hakynda ol wagt pikir edip bilemzokdyk. Pikir etmegi öwrenen mahalymyz biz eýýäm şol sözüň täsiri bilen okaýardyk, öwrenýärdik, döretmäge taýýarlanýardyk.

 Mekdep döwrüne gaýdyp gelsek, geografiýa sapagynda häzir Garaşsyz döwlet hökmünde belli bolan ýurtlary kartada görkezmeli diýleninde, ilki ýurt atlaryny sakynman sanap berýänim ýadymda galypdyr. Uzyn taýagyň ujuny Ýer ýüzüniň 6-dan bir bölegini eýelän giňişligiň, ýagny Soýuzyň çägindäki iň uly 4 ýurduň birine, ýagny Türkmenistana sary gönükdirýänim şu günki ýaly ýadymda. Her bir sapagy şowhunly we täsirli geçendigi üçin häli-häzirlerem ýagşylykda ýatlaýan geografiýa mugallymymyz Aşyr Hajygeldiýew menden ýurtlaryň atlaryny nädip çalt ýat tutýanymy sorap duranokdy. Ýöne men geografiýa sapagy öwredilip başlanýança, futbol atly täsin oýna muşdak bolupdym.

 Durmuşda oýundan başga gyzykly närse bardyr öýtmeýän çagym, futbola imrikdiren mähriban agam (Işan Apbaýew) garaak telewizoryň öňünde keseligine ýatyp, futbola tomaşa edýärdi. Soňam oýunlaryň hasabatyny ýöredýärdi. Şeýdibem, futbola gyzykdyk. Emma ol ýerde türkmen toparynyň ýokdugy biynjalyk edýärdi. Bir gün sporta ýöriteleşen neşirden 9-njy zolakda «Kolhozçy» diýen türkmen topary hakynda okadym. Soň häzirki Garaşsyz döwletleriň hemmesiniň futbol toparynyň bardygyny bildim. Ýöne olaryň kimsi ýokary ligada, kimsi 1-nji ligada oýnaýardy. Biz welin 2-nji ligada ekenik. Ýaňy bir aralyk zolak diýilýän toparçada ýeňiji bolup, 1-nji ligada oýnamaga hukuk gazanan wagtymyz gadymy ýurdumyzyň taryhynda täze sahypa açylyp, Türkmenistan Garaşsyz boldy. Indi ligalary özümiz kesgitleýäris. Ýaryşlara uly bir giňişligiň bir künjegi bolup däl, özbaşdak ýurt bolup gatnaşýarys.

 Türkmenistan dünýä kartasynda mynasyp orun alyp, deňli-derejeli döwlete öwrüldi. Dünýäniň iň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy (1992-nji ýylyň 2-nji marty). «Türkmenistanyň raýaty» diýen jümle her ädimde kalbymyza kuwwat berdi, dünýämize ýalkym saçdy. Ýaryşlarda hormat münberine çykyp, şol ýerden ýaşyl Tugumyzyň belentde parlap durşuny, Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilişini diňläp gören türgenleriň tolgunjyna düşünýärin. Şeýle pursatlara telim gezek kesesinden syn eden çagyň, hormat münberinde duran türgene buýsanjyňy entek duýgular kiparlamanka, kagyza geçirmäge alňasaýarsyň. Dogrusy, şol pursat olary wasp etmek üçin bir mütdetjik şahyr bolasyň gelýär. Ýene bir salym suratkeş, ýene bir pursat aýdymçy-sazanda däldigiňe gynanyp, ýüregiň ezilýär. Onsoň, «Baryny beren uýalmaz» edip, ozallar galam tutan barmaklar indi klawiaturadaky ezberlän düwmelerine «salama barýar»...

 ...Ýene-de duralgada durun. Bu gezek duralganyň gabat garşysyndaky ýazgyny synlamaga ýörite geldim. Niýetim, tutuş şäherdäki adynda «Türkmenistan» bolan ýerlere baryp görmekdi. Syýahaty «Türkmenistan» kinokonsert merkezinden başlamagy makul bildim. Şol ýerde ýurdumyz bilen adybir bolan ýerleri ýatlap ugradym. 2019-njy ýylyň 3-nji fewralyndan bäri neşir edilip gelýän «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň ady elipbiý tertibinde öňde bolmasa-da, ýurdumyzyň sportda gazananlaryny wasp etmekde uly ynam bildirilip, sanawyň öňüne çykarylandygy hakynda oýlandym. Sebäbi ol ýurdumyzyň ilkinji halkara sport neşiri hökmünde hasaba alyndy.

 Soňra «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy bilen sanawy dowam etdirdim. Gürrüňiň şu ýerine ýetenimde ady agzalan guramadan «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ХII sport ýaryşlarynyň soňky netijelerini alyp, «sportcom.gov.tm» saýtyna ýerleşdirmelidigim ýadyma düşdi. Şeýlelikde, syýahat etmegi we ondan galan täsirleri paýlaşmagy ýene bir güne goýup, «Türkmenistan dünýä kartasynda» atly ýazgyny häzirlikçe jemlemeli boldum.

Hojaberdi APBAÝEW, žurnalist.
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 13.03.2023

Tmpedagog