Mähir siňen edermenlik
Zenan — dünýäniň görki. Zenan bilen bu barlyk manymazmuna eýe bolýar. Sebäbi zenan — ene, zenan — mähriban uýa, zenan — wepasy bilen ojaklaryň yssylygyny gorap saklaýan ýanýoldaş. Ýöne taryh zenanyň dünýäniň ösüşine täsirini ýetirişiniň-de şaýady. Türkmen taryhynda-da şeýle zenanlar bolupdyr. Şolaryň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik.
Rodoguna. Parfiýa şasy Mitridat I-niň gyzy. Siriýanyň patyşasy Dmitriýe durmuşa çykýar. Ol hakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazylýar: «Rowaýatda aýdylyşyna görä, Rodoguna hammamda başyny ýuwup otyrka, ol bir gowganyň gopandygyny aňypdyr. Haýal etmän saçyny başyna orap, söweş esbaplaryny dakynyp, öz goşunyna baş bolup gozgalaňçylaryň üstüne okdurylypdyr. Özi hem gozgalaňçylary ýeňýänçä, başyny ýuwmajakdygyna äht edipdir. Ony ýerine-de ýetiripdir. Rodogunanyň şol batyrlygy söweşjeň halkyň gyzyna mynasyp meşhurlyk getirip, ähli parfiýalylara nusga bolupdyr, onuň suraty patyşa möhürinde şekillendirilipdir. Rodogunanyň edermenligi gadymy döwrüň uly eserlerinde suratlandyrylypdyr».
Altynjan hatyn. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltany Togrul begiň aýaly Altynjan hatynyň gaýduwsyzlygy, edermenligi, parasatlylygy hakda halk arasynda ýaşap gelen rowaýatlardan başga-da, taryhy maglumatlar bar. Altynjan hatyn Beýik Seljuk türkmen döwletiniň abadan galmagynda örän möhüm orun eýeläpdir. Mähmelek hatyn. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy, halyf al-Mukted Biýemrillahyň aýaly Mähmelek hatyn halkyň çäksiz söýgüsiniň eýesi bolupdyr. «Ummulweled» (birinji zenan) adyny göteren Mähmelek hatyn raýatlaryň ýüregini diňläp bilýändigi bilen tapawutlanypdyr.
Törebeg hanym. Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym Ürgenç şäheriniň binagärlik taýdan gülläp ösmeginde uly işler edipdir. Onuň hormatyna bina edilen Törebeg hanymyň aramgähi häzirki wagtda hem asyrlaryň şaýady bolup, gadymy Köneürgenç ýadygärlikleriniň arasynda saýlanyp dur.
Selime soltan begim. Beýik Mogollar imperiýasyny esaslandyran Baburyň agtygy, meşhur türkmen serkerdesi hem şahyry Baýram hanyň aýaly, şahyr zenan Selime soltan begim şygyrlaryny Mahfi lakamy bilen ýazypdyr.
Taýýarlan: Guwanç SEÝITNYÝAZOW,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 10.03.2023