12.03.2023 Gollanma77 .

Sungatda sekizburçlugyň beýany


Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelip, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyndan orun alan sungatynda, medeni mirasynda sekizburç şekilli milli nyşanlaryň hem aýratyn orny bar. Nepisligi, inçeligi, sünnäligi, owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan türkmen halylarynda, keçelerinde, keşdelerinde sekizburçluk dürli görnüşde we mazmunda çeper beýanyny tapypdyr.

 Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Ýyldyzpisint şekiller halylarymyza mahsus nusgalarda ornandyr. Aý, Gün, ýyldyz, dag, deňiz, gök şekilleri haly nagyşlaryna siňipdir. Haly gölleri-de asman ýyldyzlaryny ýadyňa salýar. Sekizburçluk abstrakt häsiýetli nagyş toplumyna degişli, şeýle-de dünýäniň çarhyny-da aňladýar. Dünýä bilen bagly pikirleriň asyl hanasy älem hakdaky hyýaly oýlardadyr» diýip belleýär. Şu paýhasly pikirlerden ugur alyp, sekizburçlugyň aňladýan manysynyň aýlanyp duran dünýädigine göz ýetirýäris. Magtymgulynyň öz şygyr setirlerinde: «Aýlanar pelegiň çarhy» diýip belleýşi ýaly, munuň özi dünýäde ýaşaýşyň, durmuşyň dowamlylygyny, bakylygy alamatlandyrýar. Milli Liderimiz «Janly rowaýat» kitabynda türkmen halyçylyk sungatyndaky ajaýyp salyr gölüniň sekiz sany çykgytlar arkaly gurşalan ellips görnüşindäki ýyldyz şekilli medal görnüşinden ybaratdygyna ünsi çekýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň halyçylary türkmen sekizburçlugynyň dürli görnüşini nepis halylara geçirip, gadymy Oguz ýyldyzynyň keşbini ebedileşdirýärler.

 Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew «Sekizburçlukdaky sekiz gudrat» atly el halysynda Törebeg hanymyň kümmetiniň gümmeziniň iç ýüzüniň bezeglerinde duş gelýän sekizburç şekillerde ahalteke bedewleriniň hem-de gyra nagyşlarynda Pazyryk halysyndaky atly ýigitleriň keşplerini özboluşly sazlaşdyrdy. «Janly rowaýat» atly kitapda Pazyryk halysyndaky bölünýän dörtburçluklarda Seljuk sekizburçlugynyň nusgasyny we häzirki zaman türkmen halysynyň göllerini synlap bolýandygy bellenilýär. Ada Gutlyýewiň «Geçmişiň sedasy — şu günüň ýaňy» atly el halysy hem özboluşly işleriň biridir. Bu halynyň merkezinde gadymy Pazyryk halysy ýerleşdirilip, töwereginde türkmen bedewiniň we halysynyň keşpleri, uçup barýan ak guş şekillendirilen. Şöhratly geçmişimiz bilen buýsançly şu günüň özara sazlaşygyny emele getiren bu nepis haly türkmen sekizburçlugynyň taryhy kökleriniň dowamata uzaýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

 Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda haly dokamagyň inçe syrlaryny, gadymy usullaryny, çeperçilik bezeglerini, milli nagyşlaryny aýawly saklapdyrlar, yzygiderli kämilleşdirip, şu günlere ýetiripdirler. Biziň eýýamymyzdan öňki III-II asyrlarda gadymy hun taýpalary tarapyndan dokalan Pazyryk halysyny rus arheology Rudenko 1947-nji ýylda daglyk Altaýdan tapypdyr. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň asyl nusgasyndan dikeldilen gadymy «Pazyryk» halysy nepis halylaryň biri bolup, häzirki wagtda Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bezegine öwrüldi. 2010-njy ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň taryhy» atly kitapda: «Nagyş sungatynyň ösen döwri «Änew medeniýeti» döwrüne, ýagny b.e.öňki IV-III müňýyllyklara degişlidir. Çekilen nagyşlar toýundan ýasalan gaplaryň ýüzünde saklanyp galypdyr. Şekilleriň her biri aýratyn nyşan hökmünde ulanylypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde haç, inedördül sekizburçluk Änew medeniýeti döwründen bäri (Namazga, Göksüýri, Garadepe we beýleki ýadygärlikler) bardyr» diýlip bellenilýär. Hakykatdan-da, sekizburçlugy gölleriň, gölçeleriň, «çemçegölleriň» umumy sudurynda, «sekizkeşdeleriň», «sekizgoçaklaryň» we beýleki nagyşlaryň şekilinde görmek bolýar. Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynda keşdeleriň, nagyşlaryň sekizburç görnüşinde ýerine ýetirilmegi bu gadymy nyşanyň ähmiýetini has-da artdyryp, onuň türkmen halkynyň durmuş ýörelgelerine ornandygyny, halkyň milli medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini alamatlandyrýar.

 Mirasgär Ogulbaýram Kulyýewa «Baky baharly sungat» atly makalasynda akgaýma tahýanyň asmany, metjidi, Zemini, ak öýüň gümmezlerini ýadyňa salýandygyny bellemek bilen, onuň depesindäki nagşa «gülýaýdy» diýilýändigini nygtaýar. Şeýle-de tahýanyň depesinden eteginiň soňuna çenli gaýtalanýan akgaýmalaryň çarhypelegiň öwrümini alamatlandyrýandygyny belleýär. Akgaýma tahýanyň depesinden etegine çenli sekiz aýlawly keşdeleriň we onuň iň ýokarsyndaky keşdeleriň hem sekiz bolmagy sekizburç nyşanyň keşdeçilik sungatyna-da ornandygynyň anyk mysalydyr. Gültahýa hakynda aýdylanda bolsa, onuň depesiniň sekize bölünýändigi, bu bölegiň özüniň sekiz ýaprakly uly gül bolýandygy hem-de dürli reňkler bilen keşdelenýändigi has-da täsindir.

 Häzirki döwürde sekizburçluk türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerinde mynasyp beýanyny tapyp, halkymyzyň milliliginiň, çeper döredijilik ruhunyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu nyşanyň keşbi külalçylyk, zergärçilik eserlerinde öwşün atyp, türkmeniň nurana kalby ýaly mähir paýlaýar, göwünlere ganat berýär. Halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen keçeleriň nagyşlary aýratyn zehini, irginsiz zähmeti talap edýär. Keçe nagyşlary haly nagyşlaryndan düýpli tapawutlanýar, olarda geometrik şekiller has agdyklyk edýär. Mysal üçin, sekizgoçak nagşy keçelerde köp duşýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, keramikaçy suratkeş Gülara Babaýewanyň «Älem nagşy» atly işinde suratkeşiň ezberligi, ussatlygy aýdyň ýüze çykýar. Onda sekizburç nyşanymyz asmanyň, arşyň, älemiň nagşy ýaly bolup lowurdap dur. Keramikaçy zenanyň 2020-nji ýylda döreden «Küýzegär gelinler» atly türkmen sekizburçlugy lowurdap duran külalçylyk önüminde nagyşlar, geometrik bezeg şekilleri ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Eseriň merkezinde sekizburçluk şekili açylyp gelýän gül görnüşinde bolup, ähli bezeg nagyşlary şondan gözbaş alýar. Sekiz sany küýzäniň merkezi böleginde eli küýzeli sekiz gelniň bolmagy, olaryň töweregindäki nagyşlaryň sekizburç bezegler bilen sazlaşmagy, küýzeleriň ýokarsynda sekizburç güljagazlaryň ýerleşdirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.

 Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Türkmen öýüniň çagarygy hem asman gümmezine meňzeşdir» diýip belleýär. Ak öýleriň çagarygy — tüýnügi asman gümmezine meňzemek bilen, ol sekiz bölekden ybaratdyr. Aýlawly iki halkaly tüýnügiň dört ýerinde uklar sepleşip, arasyndaky açyk ýerler goşulanda, sekiz bölek görnüş, sekizburçluk emele gelýär. Ak öýüň tüýnügi älemi, asman gümmezini alamatlandyrýar. Kähalatlarda tüýnük tahýa, gupba, tamdyra hem-de taryhy ýadygärliklerdäki gümmezlere-de meňzedilýär. Olaryň hemmesi-de halkymyzda mukaddeslik hasaplanýar. Ata-babalarymyz geçmişde älem-jahan sazlaşygyna pugta göz ýetirip, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryny dünýä gymmatlyklary bilen baglanyşdyrypdyrlar. Ak öýüň gurluşynyň özi-de sungat, mukaddeslik derejesine ýetirilen milli senetçilikdir.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan, olaryň dünýäde wagyz edilmegi ugrunda irginsiz tagalla edýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Alma DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.



Tmpedagog