08.01.2023 Gollanma675 .

Logiki soraglar


1. Alnanda gara reňkli, ulanylanda gyzyl, ulanylyp bolandan soň çal reňkli. Bu zat näme? (Kömür)
2. 4 sany dost boş awtobusa mündüler. Duralgada awtobusa ýene 2 adam mündi. Soňky duralgada awtobusdaky hemme adamlar düşdüler. Eger düşen adamlaryň sany 5 bolsa we awtobusda adam galmadyk bolsa, 1 adam nirä gitdi? (Bir adam awtobus sürýär)
3. Kagyzyň galyňlygy 0,1 mm. Ony 50 gezek eplesek, kagyzyň galyňlygy näçe bolar? (0.1 mm)
4. Dünýäde iň köp satylýan haryt näme? (kubik rubik)
5. Dünýäde iň köp ogurlanýan azyk önüm näme? (syr)
6. Eger çopanyň 17 sany goýny bar bolsa, olaryň sanysy agyr kesellän bolsa we galanlary ölen bolsa, çopanda näçe sany diri goýun galdy? (6 sany)
7. Ol zat size degişli, ýöne başgalar ony sizden köp ulanýar. Ol zat näme? (Adam ady)
8. Jerenler 5 sany dogan. Olaryň atlary: 1-nji Jemal, 2-nji Jennet, 3-nji Jemşit, 4-nji Jeýran, 5-nji kim? (Jeren)
9. Ý, .., M, A, M, I, I, A, S, O, N, D. Galdyrylan harp haýsy? (F harpy. Harplar aýlaryň baş harpyny aňladýar)
10. Aç garna näçe sany ýumurtga iýip bolar? (1 ýumurtga)
11. Haýsy eliň bilen kofeni şeker bilen garmak aňsat? (Çemçeli eliň bilen)
12. Gara pişigiň öýe girmegi üçin iň amatly gün haýsy gün? (Gapynyň açyk duran güni)
13. Köçede birinden ýaşyň näçe diýip soralanda: "Ýene 13 ýyldan, 2 ýyl mundan öňki ýaşymyň 4 essesini ýaşaýan" diýip jogap berdi. Ol häzir näçe ýaşynda? (7 ýaşynda)
14. Meni köplenç altyna deňeýärler we men köp ýagdaýlarda baş alyp çykmagy başarýaryn. Eger sen meniň adymy aýtsaň men ýitirim bolaryn. Men kim? (Ümsümlik)
15. 8, 12, 24, 4 sanlaryň orta arifmetiki bahassyny tapyň? (12)
16. 13, 9, 11, 7, 9, 5, ... Indiki san näçe bolmaly? (7)
17. 8888 4/1 bölegi ulumy, ýa-da ýarysynyň ýarysy ulumy? (Deň)
18. 7, 19, 25, 17, ?, ? Sorag belgileriniň ýerine haýsy sanlar bolmaly? (23; 15)
19. 11*11=4; 22*22=16; 33*33=? Jogabyny tapyň. (36)
20. Öňňin, düýn, şu gün, erte, birigün we biýrigünden 2 gün soňky gün hepdäniň anna güni bolsa,onda şu gün diýen günüm hepdäniň haýsy güni bolar? (Ýekşenbe)
21. Gazanda 36 litr süýt bardy.Ondan 4 litr süýdi beýleki gazana guýanlaryndan soň, iki gazandaky süýdüň mukdary deňleşdi. Beýleki gazanda näçe litr süýt bar eken? (28 litr)
22. Iki jübüde 28 hoz bar. Eger çep jübüde sag jübüdäkiden 3 esse az hoz bolsa,onda her jübüde näçe hoz bar? (Çep jübüde 7 hoz,sag jübüde 21 hoz bar)
23. Iki düýp agaçdan 67 kg alma ýygdylar. Eger olaryň birinden beýlekä garanda 19 kg köp ýygnan bolsalar, onda her düýpden näçe kg alma ýygdylar? (Birinden 43 kg,beýlekiden 24 kg)
24. Gazanda 39 litr süýt bardy. Ondan 3 litrlik gaplaryň birnäçesini dolduranlaryndan soň, gazanda 6 litr süýt galdy.Näçe gaby süýtden doldurypdyrlar? (11 gap)
25. Myrat we Merdan 2 guty süýji aldylar. Her gutuda 12 süýji bardy. Myrat öz süýji gutusyndan birnäçe süýjini iýdi. Merdan bolsa Myradyň gutusynda näçe süýji galan bolsa şonçasyny hem iýdi.Gutularda näçe süýji galdy? (12 sany)
26. Derýanyň boýunda 2 adam düşleýärler. Kenarýakada bolsa derýanyň beýleki ýüzüne geçer ýaly 1 adamlyk gaýyk bar,emma adamlar derýanyň beýleki kenaryna geçmegi başarýarlar. Nähili we nädip? (Adamlaryň hersi bir kenarda düşleýär we biri beýlekisiniň ýanyna geçýär)
27. 1+4=5; 2+5=12; 3+6=21; 6+9=? (60)
28. Gozgalaňçylaryň gozgalaňy XIX asyrda bolupdyr. Eger-de XIX asyryň başyndan bu gozgalaňyň başlanan ýylyna çenli geçen wagt, şol ýyldan XX asyryň başyna çenli geçen wagtdan 3 esse az bolsa, gozgalaňyň bolan ýylyny kesgitläň? (1825)
29. Ýasmyk boýy 10 metr bolan agaja dyrmaşyp barýar. Ol gündizine 4 metr ýokaryk gidýär, gijesine bolsa 3 metr aşaklygyna gaýdýar. Näçe günde ýasmyk agajyň depesine çykar? (7 günde)
30. Üç sany 9-lyk sifriň kömegi bilen mümkin bolan iň uly sany ýazmaly? (999)
31. 4 sany itde 3 sany guşda jemi näçe jübüt aýagy bar? (11 jübüt)
32. 36, 24, 12, 24 Şu berlen sanlaryň orta arifmetik bahasyny tapmaly. (24)
33. Kapasada bir topar towşan we sülgün bar. Olaryň kelle sany 35,aýak sany bolsa 94. Kapasada näçe sany towşan bar? (12 sany towşan)
34. Bir ýolagçy otluda geçmeli ýolunyň ýarysyny geçende uklapdyr. Oýanandan soňky galan ýol,ukudaky geçen ýolunyň ýarysyna deň bolsa, ähli ýoluň haýsy bölegini ol ukuda geçipdir? (Ýoluň 3/1 bölegi)
35. Eger sutkanyň galan bölegi geçen böleginden 2 esse köp bolsa, häzir sagat näçe? (800)
36. Gutuda 15 sany:gara,ak we gyzyl şarlar bar. Gyzyl şarlaryň sany ak şarlaryň ak şarlaryň sanyndan 7 esse az. Gutuda näçe sany gara şar bar? (7 sany)
37. 2 sany otluçöpi döwmän, nähili edip 10-y aňlatmak bolar? (Rim sifrde X)
38. Arapça "sifr" näme diýmek? ("Nol" diýmek)
39. 6-7 aýlyk çaga haýsy 2 hereketi bilelikde edip bilýär? (Hem dem alyp, hem ýuwdunyp)
40. Don Ki Hotyň hakyky ady näme? (Alonsa Kihano)
41. Haýsy rus sözi 3 sany "г" harpyndan başlanyp, 3 sany "я" harpynda gutarýar? (тригонометрия)
42. Bu söz italiýan dilinden gelip çykyp, "gurçuklar" diýen manyny berýär. Italiýany ýatlanymyzda bu "gurçuklar" şüphesiz hyýalymyza gelýär. Bu nähili söz? (Wermişel)
43. Bir ýylyň dowamynda näçe sany doly hepde bar? (52 hepde)
44. 4 sifr 1-den 50-ä çenli näçe gezek gaýtalanýar? (15 gezek)
45. Bir ýylda näçe sekunt bar? (31536000 sekunt)


Taýýarlan: Altyn Kurbanowa,
S. Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.



Tmpedagog