11.03.2023 Gollanma53 .

Bedeniň berkligi miwededir


NAR işdäni açmak üçin örän peýdaly bolup, ol iýmitiň has gowy siňmegine kömek edýär, ýürek-damar ulgamynyň işleýşini has-da gowulandyrýar, gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar. Onuň düzüminde C, B6, B12, P witaminleri bar. Bu miwe nerw ulgamyny güýçlendirýär we ganyň köpelmegine ýardam edýär.

ALMA şiresindäki we maňzyndaky pektin içegäniň işini kadalaşdyrýar. Almanyň düzüminde demir we C witamini köpdür. Gök almada demriň köp mukdary saklanýar.

BEÝI (behi) ýokuma baý miwedir. Düzüminde dürli witaminler bolansoň, ol käbir keselleriň öňini almaga-da ukyplydyr. Bu miwe ýürek-damar keselleriniň öňüni alyp, onuň iýmitde orny uludyr.

MANDARIN A, B, C witaminlerine, ka siý, kaliý elementlerine, süýüme, demre we fosfora baýdyr. Bu miwe immuniteti güýçlendirip, onuň düzümindäki kaliniň we natriniň az mukdary gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Bu miwe göz üçin hem peýdalydyr.


Taýýarlan: Jennet AZADOWA,
Sakarçäge etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 09.03.2023

Tmpedagog