11.03.2023 Gollanma75 .

Geljek üçin maksatlar...


Biziň hemişe gowy ýol bilen gitmegimizi isleýän maşgala agzalarymyz, durmuş bilen bagly kararlarymyza möhüm täsir edýändir. Biziň durmuşdaky maksatlarymyz nähili derejede ýokary bolsa, olaryň hem bizden edýän umytlary şol derejede ýokarydyr. Bir söz bilen aýdanymyzda, özleriniň ýetip bilmedik maksatlaryny biziň amala aşyranymyzy görmek olar üçin bagtdyr. Emma maşgalamyzyň we ýakynlarymyzyň biz üçin döreden mümkinçilikleri bizi haýsy derejä çenli ýetirip biler? Geljegimiz bilen bagly meseleleri çözýän wagtymyz maşgala agzalarymyzyň görkezmelerini öz durmuş süzgüjimizden geçirmegimiz gerek. Olaryň umytlaryndan ozal öz maksatlarymyzy we bizi nähili durmuşyň bagtly edip biljekdigi baradaky soraga jogap bermegimiz ilkinji ädimi ätmegimizde esas bolmalydyr. Elbetde, muny amala aşyryp bilmegimiziň başlangyjynda özümizi tanamagy we anyk netijä gelmegi başarmagymyzyň durandygyny unutmaly däldiris.

JangeldiI ŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy,
ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

"Arkadagly ýaşlar" žurnaly, , №2-2023

Tmpedagog