09.03.2023 Gollanma218 .

Magtymgulynyň gazak sähralaryna ýaýrawy


 Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Gündogaryň akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek barada Karara gol çekmegi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň magtymgulyşynaslarynda, alymlarynda, ýazyjy-şahyrlarynda hem-de terjimeçilerinde gyzgyn seslenme döretdi. Biz hem Gazagystanyň Milli ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, Gazagystanyň L.N.Gumilýew adyndaky Milli Ýewraziýa uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň professory, şahyr hem-de terjimeçi Amantaý Şaripiň Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gazak diline terjime edilmegine bagyşlanan makalasyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

 Türkmen we gazak halklarynyň geçmiş-taryhyna ser salanymyzda, iki dostlukly halky biri-birine ruhy taýdan has-da ýakynlaşdyrmakda türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň uly ähmiýete eýe bolandygyny görmek bolýar. XVIII-XIX asyrlarda Gazagystanyň günbatar sebitlerinde, esasanam, Mangystau we Atyrausk oblastlarynda hem-de Syrderýanyň, Aral kölüniň golaý-goltumynda ýaşan gazaklar onuň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilipdirler. Şahyryň Turanyň dürli künjeklerine köp syýahat edendigini, Hoja Ahmet Ýasawa birnäçe goşgy setirlerini bagyşlandygyny, şol bir wagtyň özünde-de Türkestan bilen Saýramy wasp edendigini göz öňünde tutsak, onda onuň bu keramatly ýere gadam basandygy barada pikir döreýär. Mysal üçin 1858 — 1931-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen belli gazak şahyry hem-de pelsepeçisi Maşhur Žusup Kopeýogly öz ylmy işleriniň birinde Magtymguly Pyragynyň Hoja Ahmet Ýasawa bagyşlan goşgy setirlerini täsirli beýan edýär. Bulardan başga-da, dana Pyragynyň Buharada we Hywada okan medreselerinde onuň goşgularyny dilden-dile geçiren gazak şahyrlarynyň hem ençemesi bilim alypdyr.

 1911-nji ýylda Sankt-Peterburgda neşir edilen, nemes etnografy we syýahatçysy R.Karutsanyň «Mangyşlakdaky gyrgyzlaryň we türkmenleriň arasynda» atly kitaby şol döwürde Hazar deňziniň kenarynda ýaşan gazaklaryň Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen tanyş bolandygynyň ilkinji anyk taryhy ýazuw çeşmesidir. R.Karutsa kitabyň «Müň bir gije» atly bölüminde Oraz atly ýolbelediniň döredijiliginde «Magtymgulynyň gahrymançylykly aýdymlarynyň» bardygyny beýan edýär.

 XX asyryň kyrkynjy ýyllarynda şahyryň pähim-parasata ýugrulan goşgulary gazak diline terjime edilip, Gazagystanyň gözýetmez sähralaryna giňden ýaýrap başlady. 1947-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgulary ilkinji gezek Galy Ormanowyň terjime etmeginde gazak dilinde neşir edilýär. Bu neşiriň sözbaşysyny şol döwürde dosent, soňra tanymal türkmen akademigi bolup tanalan Baýmuhammet Garryýew ýazypdyr.

 Şol döwürde terjimeçi G.Ormanow şeýle ýazýar: «Ýaşlygymdan Magtymguly Pyragynyň goşgularyna imrinip, onuň ýaşan ajaýyp ýerlerine baryp görmegi arzuw etdim. Şahyryň dogduk mekanynda bolan mahalym Soňudagyna aýlanmagy öz borjum hasapladym».

 Onuň goşgularyny ilkinji gezek gazak diline terjime eden G.Ormanowyň ýürek arzuwy 1960-njy ýylda hasyl bolýar. Ol şol ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilen dabaralara gatnaşýar hem-de soňra şahyryň dogduk mekanynyň özünde galdyran täsirini «Magtymgulynyň mekanynda» atly goşgusynda beýan edýär.

 Belli gazak kompozitory hem-de aýdymçysy Igilik Omarow şahyryň G.Ormanow tarapyndan gazak diline terjime edilen «Bolarsyň» atly goşgusyna «Magtymgulynyň tirmesi» atly aýdym döredýär. Indi ýarym asyrdan hem gowrak wagt bäri bu domranyň hoş owazy bilen sazlaşýan ajaýyp aýdym Gazagystanda giňden bellenýän milli toý-baýramlaryň hem-de konsertleriň özboluşly bezegi bolup, B.Kyzyrow, S.Hasenow, B.Uderbaýewa, E.Kasymbek ýaly tanymal gazak sungat ussatlary tarapyndan belent heňde ýerine ýetirilýär.

 1950-nji ýyllarda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime etmekde Gazagystanyň halk ýazyjysy, Gazagystanyň döwlet baýragynyň eýesi Gafu Kaýybekow saldamly goşant goşdy. G.Kaýybekowyň ady rowaýata öwrülen şahyryň goşgularynyň gazak dilindäki edebi terjimeleriniň asyl nusgasyna ýakyndygy barada Gazagystanyň belli şahyry Žumeken Najimedenow öz gündeliginde belleýär. J.Najimedenow özüniň şahyr hökmünde ykrar edilmegine täsir eden nusgawy şahyrlar, şol sanda Magtymguly Pyragy hakynda söz açyp, şeýle belleýär:

 «Bir pikirim Abaýa, Tokaýa, Magtymgula ýetsem diýip möwj urýar, bir pikirim bolsa Ýesenine».

 Türkmenistanyň Balkan welaýatynda doglan zehinli gazak şahyry Duýsenbek Kanatbaýew öz döredijiliginiň belli bir bölegini Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime etmäge bagyşlap, iki dostlukly halkyň edebi gatnaşyklarynyň ösmeginde öçmejek yz galdyrdy.

 Ol: «Men türkmenleriň arasynda önüp-ösdüm. Çagalykdan Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan bilýärdim. Ýaşym gitdigiçe onuň goşgularynyň asyl nusgasyny ýoýman gazak diline terjime etmeli diýen pikire berk eýerdim. Almaty şäherine göçüp gelenimden soňra öz goşgularym bilen birlikde türkmen şahyrlarynyň goşgularyny gazak dilinde neşir etmek barada çynlakaý oýlandym. Men Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime etmegiň diňe bir gezeklik synanyşyk, birnäçe ýyllyk iş däl-de, eýsem ömürboýy borjumdygyna ynanýaryn» diýdi.

 D.Kanatbaýew öz arzuwyny hasyl etdi. 1983-nji ýylda Gazagystanyň «Žazuşy» neşirýaty tarapyndan D.Kanatbaýewiň terjime etmeginde dana Pyragynyň goşgulary gazak dilinde neşir edildi we okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu kitap 2000-nji ýylda Gazagystanyň «Bilim» neşirýatynda täzeden, 2014-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edildi.

 Magtymguly Pyragynyň pelsepewi dünýägaraýşyny içgin öwrenmek bilen meşgulanan häzirki zaman gazak şahyrlarynyň biri-de Swetkali Nurjandyr. S.Nurjanyň şahyryň pelsepewi äheňdäki goşgularynyň gazak dilindäki terjimeleri 2009-njy ýylda neşir edilen «Keramatlylaryň sesi» atly ýygynda ýerleşdirildi hem-de onuň 2013-njy ýylda neşir edilen eserler ýygyndysynyň ýedinji jildine 2012-nji ýylda «Gazak ensiklopediýasy» atly neşirýat tarapyndan neşir edilen «Türkmen şygryýeti» atly antologiýa-da girizildi.

 Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime etmekde ady agzalan terjimeçileriň iň saýlama terjimeleri 2014-nji ýylda Halkara türk akademiýasy tarapyndan türkmen we gazak dillerinde neşir edilen kitaba girizildi. Gazagystanyň internet giňişliginda dana Pyragynyň goşgulary häzirki zaman tilsimatlary arkaly giňden wagyz edilýär. Şahyryň goşgularynyň ýörite taýýarlanan audio kitabyny belli gazak alypbaryjysy Burkut Bekmagambetowyň okamagynda Gazagystanyň kitap.kz online-platformasynda diňlemäge uly mümkinçilik döredildi.

 Dürli ýyllarda gazak alymlary, şol sanda akademikler Muhtar Auezow, Zaki Ahmetow, Rahmankul Berdibaý, Serik Kirabaýew, Ualihan Kaližan, Bauyržan Omarow hem-de «Türkmen-gazak edebi gatnaşyklary» atly monografiýanyň awtory Satyngaly Seýitow dagy öz ylmy işlerinde Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti hem-de onuň edebi mirasy barada anyk pikirleri aýtdylar.

 Olaryň dana Pyraga bolan hormat-sarpalaryny akademik Zaki Ahmetowyň: «Magtymgulynyň genisi — bu adamzat pikiriniň hem-de ruhunyň asmanynda şugla saçýan ýyldyzdyr... Biz Magtymgulynyň Gazagystanda giňden belli hem-de söýgüli şahyrlaryň biridigini aýtmalydyrys» diýen sözleri bilen häsýetlendirip bolar.

 Men alym hökmünde bu makalamda dana Pyragynyň goşgularynyň diňe gazak edebiýatyna aralaşan döwürlerine hem-de aralaşmagyna sebäp bolan çeşmelere uly üns berdim. Onuň köpöwüşginli döredijiliginiň( ene topraga bolan söýgi, türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi, pelsepewi pikirleri, köňül beren gyzy Meňliniň keşbi hem-de onuň ykbaly, ruhy-ahlak gymmatlyklary we beýlekiler, umuman, gazak edebiýatynyň, şol sanda türk, Gündogar, Ýewropa edebiýatynyň mysalynda geljekde häzirki zaman gazak alymlary tarapyndan içgin öwreniler.

 Geljekde-de biz şahyryň umman ýaly çuňňur döredijiligini gazak okyjylarynyň arasynda giňden wagyz etmäge saldamly goşant goşarys. Bu günki günde dürdäne goşgy setirleri dünýä dilleriniň ençemesinde ýaňlanýan dana Pyragynyň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirýärin.

(Rus dilinden terjime).


salamnews.tm

Tmpedagog