06.03.2023 Gollanma99 .

Sanly bilim ulgamy:
ÇAGALARA DÖWREBAP SOWAT ÖWRETMEK UGRUNDA


 Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýurdumyzyñ bilim-terbiýeçilik edaralarynyñ, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ alyp barýan işini kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Munuñ şeýledigine çagalat baglarynda alnyp barylýan okuw-usulyýet, guramaçylyk-terbiýeçilik ugurly çäreleriñ mysalynda hem aýdyñ göz ýetirmek bolýar.

 Ýurdumyzyñ ýaş nesilleriniñ hemme taraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, döwrebap sowat öwrenmeginde çagalar baglarynda körpeleriñ ýaş aýratynlyklaryna görä düzülen toparlarda geçilýän sapaklaryñ sanlylaşdyrylan usulyýete laýyk guralmagy hem bellärliklidir. Çünki häzirki wagtda ýurdumyzyñ ähli ulgamlarynda we pudaklarynda sanly ulgamyñ yzygiderli ornaşdyrylmagyna, kämilleşdirilmegine we anyk netijeleriñ gazanylmagyna berilýän üns barha ýokarlanýar. Şu nukdaýnazardan hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly ulgamyñ şertlerinde guralýan sapaklarda innowasiýanyñ soñky gazananlary, döwrebap tehnikalar we serişdeler, kompýuter enjamlary, interaktiw we multimediýa tagtalary işjeñ peýdalanylýar. Sapaklaryñ mazmunynyñ sanly serişdeler arkaly has-da baýlaşdyrylmagy geçilýän temanyñ has aýdyñ açylmagyna, çagalara dogry we dürs, täsirli we ýatda galyjy häsiýetde ýetirilmegine, gyzykly we özüne çekiji görnüşde bolmagyna oñyn täsirini ýetirýär.

 Ýeri gelende bellesek, sanly bilim ulgamynyñ milli bilim-terbiýeçilik toplumynyñ binýadyna düýpli we köptaraply ornaşdyrylmagy terbiýeçileriñ we mugallymlaryñ hem tejribesiniñ artdarylmagyny, degişli tehniki serişdelerden baş çykarmak, olary netijeli peýdalanmak ukyplarynyñ kämilleşdirilmegini hem talap edýär. Şoña görä-de bilim işgärleriniñ bu ugurdaky hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem aýratyn üns berilýär.

 Bilim terbiýeçilik ulgamynda şeýle döwrebap ýörelgeleriñ barha rowaçlandyrylmagy döwlet syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlaryndan, döwlet Maksatnamalaryndan ugur alýar. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiñ Konsepsiýasy” hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem milli bilim ulgamyny häzirkizaman derejesinde ösdürmäge, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ hem maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, ýokary derejeli okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, asylly wezipeleri amal etmekde belent nusga görkezýän Milli Liderimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys. Bu alkyşly arzuwlar bagtyýar nesillerimiziñ hem dilleriniñ senasy, ýürek owazy bolup ýañlanýar.

Aýna Nurýagdyýewa,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiñ baş hünärmeni.



Tmpedagog