«Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym»
Ýazyň ýakymyny howanyň mylaýymlygyndan, arassalygyndan bilip bolýanam bolsa, bu howany ýumşadyp, arly gyşyň aýazyny çözdürýän gudrat, birhili Gurbannazar Ezizowyň dünýä gelmegi ýaly bolup dur. Diňe bir dünýä ýüzüne däl, eýsem türkmen edebiýatyna hem sowulmaz bahary alyp gelen beýik şahyr Gurbannazar Ezizow aramyzda bolanda, şu gün 83 ýaşamalydy.
Mugallymyň maşgalasynda dünýä inen geljekki şahyr ýigidiň nesil-nebereleri zergärçilik bilen meşgullanýar. Şahyryň ýanýoldaşy Halnabat ejäniň bellemegine görä:
«Çaka molla, onuň ogly Hümmet molla, Eziz aga — bularyň hemmesi zergär. Gurbannazaram şony dowam etdirdi. Eziz aga hem zergär, hem matematika mugallymydy. Ejesi Gülnabat eje ruhubelent, zehinli zenandy. «Akyl — atadan, zehin — eneden» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Ejesiniň zehini, ýatkeşligi Gurbannazara hem öz täsirini ýetirendir, elbetde».
G.Ezizow «Ynam», «Serpaý», «Güýz», «Serdarym», «Türkmen sährasy» goşgulardyr sonetler çemenini, poemalary, ençeme kitaplary muşdaklaryna sowgat etdi. Şahyryň güýçli duýga, filosofiki pikire, edebi çeperçilik serişdelerine ýugrulan goşgulary ençeme dile terjime edildi. Moskwada, Tallinde we beýleki şäherlerde onuň goşgulary özbaşdak kitap bolup çap edildi. Şahyryň goşgulary çuň many-mazmunlylygy, çeperçilik kämilligi bilen milli poeziýamyzy has hem baýlaşdyrdy. G.Ezizow XX asyr türkmen poeziýasyna ilkinji şahyrana sungat filosofiýasyny berdi. Bu sada hakykata akyl ýetirmek üçin onuň «Pikir derýasynda akyl gämisi» poemasyny ýa-da aşakdaky ýaly pelsepä öwrülip giden setirlerini ünsli okamak ýeterlikdir:
Şahyr däldir ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.
Häzirki günlerde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik guramalarynda we beýleki ýerlerde baharyň buşlukçysy bolup dünýä inen şahyryň hormatyna döredijilik duşuşyklary, edebiýat agşamlary, baýramçylyk dabaralary giňden bellenýär.
1975-nji ýylyň sentýabrynda 35 ýaşynda aradan çykan şahyr ýaşan gysga we manyly ömründe halkyna asla könelmeýän serpaý ýapdy. Özüniň ebedi döredijilik dünýäsi bilen taryhda öçmejek yz goýan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow nesillerimiziň hakydasynda, edebiýat sahypasynda baky ýer aldy we şol ýerde-de müdimi ýaşar.
Baharyň işi
Bahar säher bilen başlady işe,
Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.
Baldaklary gök reňke boýady,
Gülälekler al öwüsdi dessine.
Ellerinden dür dökülýän baharyň,
Nepesi durlady çygly howany.
Soňra syryp gök ýüzünden buludy,
Mawy reňke boýap çykdy asmany.
Mawy gözlem şu asmanyň aşygy,
Şoň reňkinden akyl-huşum göçendir.
Belki, martda sallançakda ýatyrkam
Gökden daman iki mawy damjajyk
Gelip meniň gözlerime gaçandyr.
salamnews.tm