28.02.2023 Gollanma307 .

Sanawaçlaryň çeper gurluş aýratynlygy


 Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnälenen, dünýä medeniýetinde nusgalyk orny eýeleýän baý edebi we medeni mirasy bar. Şol baý edebi mirasyň birem çagalar folklorynyň bir görnüşi bolan sanawaçlardyr.

 Islendik halkyň folklor döredijiligi şol halkyň dünýägaraýyş aýnasydyr. Sanawaçlar bolsa özüne mahsus bolan ähli çeperçilik aýratynlyklary – başga hiç bir şahyrana eserde tapdyrmaýan ritmliligi, tebigy owazlylygy, sözleriniň sazlaşyklylygy... we şu elementleriň sazlaşykly assosiasiýasyndan döreýän ýokary forma gözelligi, hut şu forma gözelligine esaslanýan mazmun çuňlugy bilen edebi folklorymyzyň ähmiýetli bir görnüşi bolup durýar. Sanawaçlar forma bilen mazmunyň mizemez bitewiliginden dörän edebi-çeper hadysadyr. Asla-ha, hiç bir çeper eserde bu düşünjeleri biri-birinden aýrybaşgalykda çeperçilik serişdesi hökmünde göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki bu iki düşünje, aslynda, şol bir zadyň iki hili atlandyrylyşy bolup durýar. Biziň şol bir zat diýýänimiz bolsa çeperçilikdir. Çeperçilik söz sungatynyň sungatlyk gymmatyny kesgitleýän gözellikdir. Çeper eseriň tutuş gözelligini bitewilikde görüp bilmek üçin formanyň üsti bilen mazmun çuňlugyna aralaşylýar.

 Sanawaçlary ylmy taýdan öwrenmegiň ýoly olaryň formasyny we strukturasyny seljermekdir. Munuň üçin bolsa XIX asyrda Günbatarda döräp, struktural poetika adyny alan edebi seljerme metodyny peýdalanmak has netijelidir. Sebäbi eseriň çeper gurluşyna struktura-semiotik binýatlylygyna struktural çemeleşiş eseriň tekstiniň kesgitleýji mazmunyna – çuňlukdaky strukturasyna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Struktural seljermede tekstdäki bar bolan ähli zat belgi hökmünde kabul edilýär. Belgi – bu okap bolýan, islendik many aňladýan birlikdir. Ýöne tekstiň sistemalylygy belgilikden has ähmiýetlidir. Edebi teksti janly organizm hökmünde göz öňüne getirsek, ony düzýän belgiler tekstiň ýaşaýşyny üpjün edýän elementlerdir. Elementleriň manysy olaryň sistema hökmünde özara gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Many bolsa pikir bilen bir zat däl-de, ol duýgy hadysasy bolup durýar. Şeýlelikde, edebi eseriň tekstiniň belgisi diýip, duýgy aňladyjy birlikleri kabul edip bileris. Edebiýatda, ylaýta-da, şahyrana eserlerde duýgy aňladyjy birlikleriň birinji hataryny sesler we olaryň utgaşyklylygy emele getirýär. Bu sungatyň tebigatynyň saza ýakynlygy sebäpli sanawaç tekstindäki seslerem belgi hökmünde kabul edip bileris.

 Sanawaç tekstini sanamak adaty teksti aýtmakdan tapawutlydyr. Ol heňe salyp hiňlenmäge ýakynlaşýar, ýöne arassa hiňlenmek däl-de ritme salmak. Bu sözleýiş bilen aýdymyň arasynda durýan owazly sözleýiş – sanalmadyr. Sanalmanyň adaty şygyr ritminden tapawudyny nirede has aýdyň duýup bolýar?! Türkmen şahyrlary sanawaçlaryň aýratyn ritm gözelligini duýupdyrlar we sanawaçlaryň formasynda şygyr döredipdirler. (A. Agabaýew «Oswensim owazlary», K. Taňrygulyýew «On san», N. Rejebow «Ulular üçin sanawaç»...). Sanawaç formasyndaky goşgy bentleri adaty şygyr bentlerinden gulaga has owazly eşidilýär. Şol owazly sanalma ritmini ilki bilen sanawaçlaryň gurluşyndaky sesleriň sazlaşyklylygy emele getirýär. Şunuň bilen baglanyşykly formany, onuň üsti bilen bolsa strukturany seljermek hem-de modelirlemek netijesinde biz, hakykatdanam, sanawaçlaryň mazmunyna ylmy taýdan akyl ýetirip bileris.

Bir diýenim – bişik
Iki diýenim – işik
Üç(ş) diýenim – üşgülewük,
Tört diýenim – törpi,
Bäş diýenim – böri,
Alty diýenim – aşyk,
Ýedi diýenim – ýelmik,
Sekiz diýenim – serçe,
Tokuz diýenim – torgaý,
On diýenim – orak

 Sesleriň sazlaşyklylygy diňe ritm gözelligini döretmän, eýsem ol berk gurluşa eýe bolan çuň mazmunly forma dörediji başlangyç bolup hyzmat edýär. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda sanawaçlaryň forma taýdan çäklidigi, bu formanyň düzüminde giň mazmuny beýan edip bolmaýandygy bellenilip gelindi. Gaýta tersine, şol forma gysbylygy sanawaçlara gaty berk, mizemez, çeýe struktura gurluşyny berýär. Ol çäklilik däl-de, çuňluk we çeperçilikdir, şol bir wagtda-da çuňlukdaky çeperçiligiň ýüze çykmasydyr. Sesleriň sazlaşygynda many bar. Adam aýagynyň bar bolma sebäbiniň ýöremek bolşy ýaly, gep organlaryndan çykýan ähli sesleriňem bar bolma sebäbi sözleýşi döretmekdir. Ynsanyň ynsanlyk syrlarynyň ählisini özünde saklaýan sözleýşinden emele gelen başga bir dilde – çeper dile öwrülen dilde ähli zat many aňladyjy element bolup çykyş edýär. Ýokarky sanawaç tekstinde näme üçin başga närseler däl-de, hut ala-böle bişik, işik, üşgülewük, törpi, böri, aşyk, ýelmik, serçe, torgaý, orak ýaly düşünjeler sanalýar?! Näme sebäpden bir söze derek başga bir söz alynmandyr?

 Sebäbi tekstiň mazmunyny hut şu sözleriň biri-birine bolan gatnaşygy emele getirýär: Bişik – çaganyň sallançakda ýatýan döwri; işik – emedekläp ýa-da ýöräp giripçykyp başlaýan döwri; üşgülewük – çaga üçin toýundan ýasalýan tüýdüjegiň ady. Bu düşünje çaganyň dil açyp başlandygynyň çeper aňladylmasydyr (Üç ýaşyna baranda saýrap duran dil biter...); törpi – agaç ýonmak üçin ulanylýan iri dişli igäniň ady – çaganyň 4 ýaşyndaky özüni alyp barşynyň metaforik häsiýetlendirilmesi; böri – çaganyň bäş ýaşyndaky ýagdaýy; aşyk – oýun oýnamagy; ýelmik – aslynda, ýere ýaýrap ýazgyn ösýän meýdan otunyň ady, serçe – kiçijik guşuň ady; torgaý – serçeler maşgalasyna degişli bolan ýeriň reňkindäki guş ady. Ösümligiň, guşlaryň, soňundanam oragyň agzalmagy – çaganyň zähmet çekmäge başlandygynyň metaforik beýan edilmesidir. Görnüşi ýaly, bu sanawaç tekstinde ynsanyň doglandan tä zähmet çekmäge başlaýan döwrüne çenli aralykdaky ömri suratlandyrylýar.

 Şular ýaly forma gurluşyna eýe bolan başga bir sanawajy alyp göreliň:

Bir diýenim – bit,
Iki diýenim – it,
Üç diýenim – üçek,
Dört diýenim – düşek,
Bäş diýenim – beşik,
Alty diýenim – aşyk,
Ýedi diýenim – ýelim,
Sekiz diýenim – serçe,
Dokuz diýenim – darga,
On diýenim – orak,
On birinji sakarbarak,
On ikinji başdarak.

 Bu sanawaçda sesleriň sazlaşygy, sözleriň owazdaşlygy hem gorizontallaýyn hem-de wertikallaýyn ýerleşýär. Bulam tekste ählitaraplaýyn tükeniksiz janlylyk berýär.

 Bir diýenim – bit – heniz ujypsyzjadygy, dünýä inmedik ýagdaýy, it – dört aýaklylyk – el-aýagynyň kemala gelip başlandygy; üçek bilen düşek – öýüň içini ýada salmaýarmy, ýagny giňişligiň üýtgändigi, başga bir dünýä gelendigi; beşik – sallançak; aşyk – oýun oýnamagy, serçe – ýygnaýjylyk, darga – maşgala başy bolmak, orak – ekerançylyk, sakarbarak – awçylyk, bularyň has çuňlugyndaky strukturasynda diňe bir adamyň däl, adamzat aňynyň ösüşi bar. Aslynda, hemme sanawaçlaryň teksti bir adam hakda däl-de, adamzat bilen baglanyşyklydyr. Başdarak belgisi başga bir sanawaç tekstindede duş gelýär.

 Struktural poetikada sözleriň sistemanyň çäginde biri-biri bilen gatnaşygynda ýüze çykarýan manysy esasynda tekstiň çuňlugyndaky mazmunyna ýetilýär. Sanalýan sözlere manyny biziň özümiz beremzok. Aslynda, tekstiň çuňlugynda şu manylar bardy. Strukturalist alym Rolan Bart aýtmyşlaýyn, edebiýat strukturalizminiň esasy wezipesi edebi tekste many bermek, ony manylaşdyrmak däl-de, eýsem şol manylaryň nädip, nireden dörändigini anyklamak, manynyň geçiş ýollaryny yzarlamakdyr.

 Strukturalizm mekdebiniň esasy wekilleriniň biri, görnükli etnolog Žan Klod Lewi-Stros miferi struktural seljermek arkaly halklaryň pikirlenmesini öwrenýär. «Struktura we forma» atly makalasynda indeý miferindäki anyk mifiki düşünjeleri gapma-garşylyklara, jübütliklere bölýär. Mysal üçin, bürgüt we hüwi gapma-garşylygy. Alym ýüzleý häsiýete eýe bolan şu gapma-garşylygyň düýbüni yzarlaýar-da çuňlukdaky gije we gündiz gapma-garşylygynyň üstüni açýar. Sebäbi bürgüt – gündiz aw edýär, hüwi bolsa gije, ýagny, bürgüt bilen hüwi gapma-garşylygy göze görünýän ýüzleý struktura, gije-gündiz gapma-garşylygy bolsa göze görünmeýän çuňlukdaky struktura. Ýa-da patyşa we çopan gyz gapmagarşylygynyň astyndaky aýallyk we erkeklik, beýiklik we peslik gapma garşylygy. Şeýlelikde, Lewi Stros adamzat pikirlenmesini jübütliklere bölýär. Ýaşaýyş, reallyk, janlylyk şol taýlaryň özara gatnaşygyndan peýda bolýar. Netijede, alym adamzat aňynyň işleýşinem bir struktura mehanizmi hökmünde göz öňüne getirýär.

 Binar pikirlenmäni biz sanawaç tekstlerini seljerenimizde has aýdyň görýäris.

Ýumalandym ýumak tapdym,
Içinden başdarak tapdym.

 Ilki bilen ýumak belgisi näme? Onuň ýumalanmak işligi bilen näme baglanyşygy bar? Ýa-da bu sözler diňe ritm üçin alnypdyrmy? A näme üçin başdarak? Hakyky «ýumak» barada gürrüň gitse, ýüňdarak tapaýjak ýaly. Diýmek, «ýumak» başga bir düşünjäniň obrazynda dur. «Ýumalanmak» işligine «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» şeýle düşündiriş berilýär: «Ýumak ýaly togalanmak, togalanyp gitmek». Bu hereket ýagdaýynyň ady. Megerem, bu adamyň dünýä inmezinden öňki enäniň göwresindäki ýagdaýy. Ýumak tapmak – dünýä inmek. Onsoň ömür ýumagy çöşlenip başlaýar. Sanawajyň tutuş tekstine syn edeliň:

Ýumalandym ýumak tapdym,
Içinden başdarak tapdym.
Daragy mama berdim,
Mama maňa köke berdi.
Kökäni çaga berdim,
Çaga oýunjak berdi.
Oýunjagy çopana berdim,
Çopan maňa taýak berdi.
Taýagy daýyma berdim,
Daýym maňa gamçy berdi.
Gamçyny ýere urdum,
Ýer maňa jöwen berdi.
Jöweni derýa zyňdym,
Derýa maňa köpük berdi.
Köpügi tuda çaldym,
Tut maňa ýaprak berdi.
Ýapragy sygryma berdim,
Sygyr maňa süýt berdi.
Süýdi bişirip otyrdym,
Garga gelip, «gak» etdi,
Serçe gelip, «jyk» etdi,
Towşan gelip, «wyýk» etdi,
Gurbagalar «wark» etdi...
Uly agam ululyk etdi,
Kiçi agam kiçilik etdi,
Ýeňňelerim gaçalak etdi,
Süýdüm dökülip gitdi.

 Sanawaç tekstindäki agzalýan adamlar, berilýän zatlar nämä yşarat edýärkä? Belgiler semiotikanyň kanunyna görä jübüt-jübütden ýerleşýär:

Daragy mama berdim,
Mama maňa köke berdi.
Kökäni çaga berdim,
Çaga oýunjak berdi.

 Mama bilen çaga – garry we ýaş, başgaça uly we kiçi; köke bilen oýunjak – çagany aldamak üçin aldawaç.

Oýunjagy çopana berdim,
Çopan maňa taýak berdi.
Taýagy daýyma berdim,
Daýym maňa gamçy berdi.

 Çopan – daýhan (daýy). Çünki taýak bilen mal bakylýar, gamçy bilen hasyl alynýar. Başgaça, ekerançylyk bilen maldarçylyk – eklenç:

Gamçyny ýere urdum,
Ýer maňa jöwen berdi.
Jöweni derýa zyňdym,
Derýa maňa köpük berdi.

 Ýer – gury, derýa – öl; jöwen – iýmlik, köpük – içimlik;

Tut maňa ýaprak berdi.
Ýapragy sygryma berdim,
Sygyr maňa süýt berdi.
Süýdi bişirip otyrdym...

 Indi belgiler antonimik däl-de, sinonimik işläp başlady. Ýokarky gury bilen ö:lüň – ýer bilen suwuň birliginiň hasyly hökmünde tut we ýaprak; tut bilen ýapragyň hasyly sygyr (şol bir wagtda eti) we süýdi peýda bolýar.

 Şeýlelikde, ynsanyýetiň bar ýygnany – süýt. Bulam belgi.

Garga gelip, «gak» etdi,
Serçe gelip, «jyk» etdi,
Towşan gelip, «wyk» etdi
Gurbagalar «wark» etdi...

 Garga – uly, serçe – kiçi; towşan bilen gurbaga – ikisem towusýan jandar. Bularam göwresi taýdan biri uly, biri kiçi. Şol uly we kiçi gapmagarşylygy aşaky setirlerde hasam mesaňa görünýär:

Uly agam ululyk etdi,
Kiçi agam kiçilik etdi,

 Bu ýerde ýaş taýdan ululyk we kiçilik. Bu struktural gurluş bizi başky gurluşa gaýtaryp getirýär, ýagny mama bilen çaga...

 Ýöne uly zat näme, kiçi zat näme? Aslynda, haýsy ululyk bilen haýsy kiçilik barada gürrüň gidýär?!

Ýeňňelerim gaçalak etdi,
Süýdüm dökülip gitdi...

 Sanawajyň ýüzleý strukturasyny görýän okyjyda-da süýdüň dökülip gitmegi nähilidir bir gynanjy döredýär. Ol heniz mazmuna düşünmese-de haýsydyr bir adamyň azabynyň puç bolanyna gynanýar. Gynanç duýgusyny döredip bilýändigi sanawajyň özünde many saklaýan çeper tekstdigini aňladýar.

 Iň soňky setir – Süýdüň dökülip gitmegi – ömrüň ahyrky pursatyndaky bolup geçjek waka. Adamyň bar edeni, ýygnany, dünýeden alanlary – ahyrynda elden gidýär. Bulam başky struktura dolanýar – köke we oýunjak – aldawaç.

 Tekstiň strukturasynyň yza dolanmagyny semiolog Ý. M. Lotmon şeýle düşündirýär: «Şahyrana eseriň uniwersal struktura prinsipi – yza dolanmak prinsipidir. Yza dolanmak çeper tekst hökmünde gurnalan dile öň mahsus bolmadyk giňişlik ýaýbaňyny berýär hem-de hakyky çeper strukturanyň esasyny düzýär».

 Sanawaç tekstimize gaýdyp geleliň. Tekstdäki sanalan ähli belgiler «süýt» belgisine syrygýar. «Süýt» belgisi ýokarky sanalan zatlaryň ählisini özünde jemleýän paradigmatik belgidir. Çünki süýt çaga üçin hem iýmlik, hem içimlikdir.

 Aslynda, köke bilen oýunjakdan soňky berilýän zatlaryň bary şol bir zatdy. Ula görä aldawaç (taýak, gamçy, jöwen, köpük, tut, ýaprak, sygyr, süýt)

 Sanawajyň hakyky mazmunyna formany seljermek arkaly bardyk, sebäbi many strukturada ýaşaýar.

 Biziň pikirimizçe, sanawaçlar diňe bir çagalar folklorynyň bir görnüşi bolman, aňyrsynda başga bir uly medeni hadysa bar bolan döredijilikdir. Näme üçin sanawaç tekstinde adam ömri beýan edilýärkä? Türkmen dilindäki «sanalgyň dolmak» durnukly aňlatmasynda adam ömrüniň «sanalgy» diýlip atlandyrylmagy, «sanawaç» sözüniň bu žanryň diňe çagalar oýnundaky funksiýasynynazara alnyp getirilip çykarylýan «sanalmak, hasaba alynmak» manylaryndan has çuň – ömür bilen baglanyşykly bir ähmiýetiniň bardygyny çaklamaga esas berýär. Diliň janly ýadynda saklanyp galan bu fakt biziň üçin sanawaç žanrynyň astky strukturasyna barýan ýolunyň aýdyňlygynyň kepilidir.

 Daşary ýurt edebiýatşynaslary bu folklor žanrynyň gelip çykyşy barada özleriniň dürlüçe çaklamalaryny öňe sürüpdirler. 1989-njy ýylda rus dilinde çap edilen «Çagalar edebiýaty» atly kitapda sanawaçlar žanrynyň gelip çykyşy barada gürrüň berilýär. Şol kitapda sanawaçlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde ritm üçin «manysyz sesleriň» köp gabat gelýändigi bellenipdir. Emma biz «manysyz sesler» baradaky pikire goşulmaýarys. Sebäbi mälim bolşy ýaly, folklorda manysy bolup, biz üçin manysy ýat, bilinmeýän, manysy unudylan sözler köp gabat gelýär. Bular ýaly tekstden elementleriň sistema hökmündäki bitewi funksiýasyny göz öňünde tutup, manyny susup almaly bolýar:

Iňňä-iňňä – çaganyň dünýä inendigini buşlaýan sesi,
Ujy diňňä – çagada diş çykyp başlaýar.
Bal-balyn-a – çaganyň bala dönen wagty, gürläp başlan döwri, Üç ýaşyna ýetende, saýrap duran dil biter,
Şek-şekine – ýörjen-ýörjen bolup başlan döwri,
Gotur geçi (ýa-da gatyr)– zähmet çekmegi öwrenip başlaýan döwri,
Şatyr geçi – akyl taýdan kemala gelip başlan döwri,
Halalaň – esasan, oglanjyklarda mal soýup görkezip, eliniň halallanýan döwri,
Habbaň – yşka düşüp, aşyk bolýan döwri,
Güleleň – güpbeň – toý tutulmagy,
Ýaryl – öýlenip, öýüni täzeleýan çagy,
Böwsül – ylymda akyl käsesiniň dolan wagty,
Ýola düş
Ýorgala
Tapanyňy garbala
Çomakaý – dişleriniň dökülip başlan döwri,
Çortakaý – gözleriniň kütelip başlan döwri,
Emin ogly – 63 ýaşamagy – Pygamber ýaşyny doldurmagy,
Bili bagly – nesil öndürmeden galan wagty (biliniň kuwwaty gaçýar),
Syrty dagly – otursa turmasy kynlaşýan döwri,
Däne – iýýän iýmitiniň azalmagy ýa-da berhiz bolmagy,
Düýne – öýünden gidip bilmän, törüni düýnäp ýatmagy,
Sen hem çyk – adam ömrüniň ahyry, aradan çykmagy.

 Türkmen sanawaçlarynyň artykmaçlygy struktural-semiotik seljerme metodyny peýdalanmak arkaly mazmuny ýüze çykaryp bolýanlygydyr. Bu dünýä folklorşynaslyk ylmyna uly goşant dälmi eýsem?! Şu ýerdenem türkmen edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmekde has düýpli, çynlakaý ylmy seljerme metodlaryny peýdalanmak zerurlygy gelip çykýar. Ýokary çeper döredijilik bolan folklorymyzda entek açylmadyk, ýetilmedik çuňluklar bar. Biziň pikirimizçe, sanawaçlarda etnograflara, psihologlara, pedagoglara, diliň taryhyny öwrenýänlere öwrenere, akyl ýetirere zat diýseň köp.

Ogulnur DURDYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň
12-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundy, 24.01.2022; 31.01.2022

Tmpedagog