27.02.2023 Gollanma66 .

Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn durnalaryň setirinde okaýan...


 Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda wagt geçdigisaýy belli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine düşünmäge bolan höwes has hem güýjeýär. Onuň türkmen edebiýatymyzda düýbünden täze hadysadygy ählimize mälim bolan hakykatdyr. Bu hadysany şahyryň nädip amala aşyrandygyny, onuň şygryýetiniň güýjüniň nämelerde jemlenýändigini anyklamak höwesi okyjyny dürli tarapdan dürlüçe jogaplar agtarmaga iterýär.

 Edebi eseriň gymmatyny onuň içki gurluşy kesgitleýär. G. Ezizowyň şygryýetine düşünmek üçin şahyryň döredijiligini daşyndan görnüp duran sözleriň, çeper keşpleriň, formanyň üsti bilen däl-de, has çuňdan seljermeli. Munuň üçin şahyryň şygyrlarynyň gurluşyny seljermeli. Gurluş — şygryň içki gurluşy, edebi eseriň aşagyndan kesgitlenen many barlygynyň emele geliş mehanizmi, has takygy, manynyň ýaşaýan öýi.

 G. Ezizowyň «durna» bilen baglanyşykly şygyrlarynyň gurluşyny seljermek has hem gyzykly. Beýle seljerme bize şahyryň türkmen edebiýatyna getiren täzeligine, şygyrlarynyň gymmatyna dogry düşünmäge mümkinçilik döredýär. Durnalar bilensöhbetdeş bolmak, olardan habar almak, habar ibermek halk döredijiligimizde, dessanlarymyzda iň köp duş gelýän epizoddyr. Şahyr şol bir epizodlara esaslanyp, şol bir hadysany gaýtalap şygyr döredenliginde biziň estetik dünýämize näme täzeligi berdi? Gurluş-semiotik derňew üçin şahyryň şygyrlarynda gabat gelýän «durna» sözüne ýöne bir söz hökmünde, üýtgewsiz çeper keşp hökmünde düşünmän, ony nyşan hökmünde kabul etmeli hem-de bu nyşanyň dürli şygyrlarda — dürli gurluşlarda ähmiýetini seljermeli. Şeýlelikde, «durna» nyşanyna dogry düşünmek esasynda şahyryň dünýä ülňüsini has aýdyň görüp bileris.

 Şahyryň döredijiliginde «durna» nyşanynyň iň oňat ýüze çykýany «Durnalar» şygrydyr. Semiotiki derňew üçin şygyrdaky iň göze görnüp duran birinji derejedäki basgançagy kesgitlemeli, ýagny gapmagarşylyklary, jübütlikleri ýüze çykarmaly.

Gök asman — gül düz.
Erbetlik — ýagşylyk.
Köçe — ýol.
Erbet adam — ýagşy adam.
Hatarma-hatar — uzakdan-uzak.
Uzakdan-uzak — ajal.
Durmaýan akym — urmasyny goýýan ýürek.

 Şulardan görnüşi ýaly, şygryň oňurgasyny ömür-ölüm ýaly üýtgewsiz görnüşler düzýär. «Durnalar» — çeper ýordumly şygyr. Özem bu tükeniksiz çeper ýordum. Çeper ýordumyň başlangyjy «birden» sözi bilen başlanýar:

Birden gök asmana dikildi gözüm,
Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär?

Üçünji bentden başlap şahyryň ömür ýoly gürrüň berilýär:

...Adamlara hiç etmändim erbedi,
Ýagşylygy bolsa az etdim juda.
Köçede maksatsyz entäp ebedi,
Tekepbirdim. Düşdüm dostlamdan jyda.

Durnalar!
Durnalar!
Ine, şuň ýaly
Ýollar bilen sizi garşylan mendim.

Altynjy bendiň ahyrynda bolsa ýordum jemlenýär:

Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter,
Bir gün ajal gurar ömrüme duzak.

 Şahyryň dünýä ülňüsinden bize mälim bolşy ýaly, ömür ölüm bilen tükellenmeýär, şahyr üçin ýaşaýyş aýlawlylygy, dowamlylygy bar. Şahyryň «durnalary» şol aýlawlylygy üpjün edýär.

Oňat bilýän, menden soňam aýlanyp
Geçersiňiz. Şu akym bir durmasyn.
Ine, şu ynanja mäkäm baglanyp,
Kükregimde ýürek goýar urmasyn.

G. Ezizowda ömür bilen ölümi durna sazlaşyga öwürýär. Şonuň üçin hem şahyr şeýle ýazýar:

Ine, şu ynanja mäkäm baglanyp,
Kükregimde ýürek goýar urmasyn.

Ynam gördük ak durnanyň gözünde...
(«Baharda gül ýagdy...»)

Şahyryň «ynamy» Zemindäki ýaşaýyş bakylygyna bolan ynamdyr:

Şu eziz topraga belent ynamy
Biz ähli zatdanam belentde goýdyk.
(«Hany, çal dutary, mähriban dostum»)

Ömür aýlawlylygyny durnalaryň baglanyşdyrýandygyny şahyryň başga bir şygrynda-da görüp bolýar:

Baharda gül ýagdy,
Gyşda garymyz,
Güýzde gussa batdyk durna geçende.
Biziň täleýlermiz,
Ykballarymyz
Aýlanyp dur dört pasylyň içinde.

Hiç zat täzelik däl ýeriň ýüzünde,
Täzelik däl baglaň şaggyldap durşy.
Täzelik däl, çal asmanyň düzünde
Gaýdyp gelmek üçin durnalaň barşy.

Ýene baglar maňa saýasyn gerdi,
Ynam gördük ak durnanyň gözünde.
Düýn söýgülim menden ýüzün öwürdi —
Köne zat ýok eken ýeriň ýüzünde.
(«Baharda gül ýagdy...»)

G. Ezizow durnalar bilen baglanyşykly şygyrlarynda asmanyň reňkini köplenç çal, ak, dumanly şekilde suratlandyrýar:

Çal duman, per ganat näzik durnalar...
Serediň çalymtyl, beýikden-beýik
Asmany gulaçlap ötýär durnalar.

Ak asmanyň giňligin,
Güýzüň reňkin halaýan.
Ömrümiň her ýylyny
Durna bilen sanaýan.
(«Durna»)

 Şu goşgyny okanyňda «Asmanyň reňki gök dälmi näme?» diýen sowal peýda bolýar. Ýöne «ak» sözüne derek «gök» sözüni ulansaň, onda şygryň gurluş bitewiligine zyýan ýetirýärsiň. Hakyky sungat eseri bolan şygryýetiň ýeke sözüni başga bir söz bilen çalşyp, ýa üýtgedip bolmaýar. Sebäbi şygyr edil adam ýaly janly bedendir. Adam bedenleriniň biri-biri bilen sazlaşykly işleýşi ýaly, şygyrdaky sözler hem biri-biri bilen gatnaşyk saklap, bitewi ulgam hökmünde ýaşaýar.

 Gurluş babatda seljermede adaty dildäkiden tapawutlylykda manydaş däl sözler manydaş sözlere, garşylykly many aňladýan sözler manydaş sözlere öwrülýär. Adaty sözleýiş dilinden parhlylykda «ak» sypatlandyrmasy bu ýerde «çal» bilen sinonimleşip «gara» manysynda, ýagny ýa:sy aňladyp gelýär. Sebäbi şu şygyr ölüm bilen jemlenýär:

Ýüregimiň gussasyn,
Ýüregimiň azaryn
Jemläp, hiç wagt gelmejek
Durna üçin aglaryn...
(«Durna»)

 Eger «gök asman» diýip okasaň, onda şygryň gurluşy bozulýar. Sebäbi «gök» diriligi aňladýar. Şeýlelikde adaty dilde bolup bilmejek zat «ak» sözi gara manysynda, «gök» sözi ak manysynda geldi. Sebäbi söz ýöne söz däl-de belgi bolup hyzmat edýär. «Durnalar» şygryna gaýdyp geleliň!

Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter,
Bir gün ajal gurar ömrüme duzak.

 Aslynda ynsanyň ömrüne duzak gurulmaýar. Şahyr näme üçin öz ömrüniň duzak gurlup tamamlanjakdygyny aýdýarka? Sebäbi, köp ýerde «durna» diýende şahyr öz-özüni nazarlaýar.

Wah, uzakdyr, howpludyr,
Hatarlydyr bu ýollar.
Okdan ölen bir durna
Agyr hatardan galar.
(«Durna»)

Diňläň çopan nagmasyn
Uzak ýaýlada.
Size gülle degmesin,
Gündür aýlarda.
(«Uçuň erkana guşlar»)

Şonuň üçinem:

Ýok, gykuwlap däl-de aglap,
Geçeninde jiger daglap,
Düşündim men durnalara,
Öz köňlümem ahy-zarda,
Ine, şu ullakan Zemin,
Hemem şu asman arada.
(«Guşlar bilen söhbet açdym...»)

Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn,
Durnalaryň setirinde okaýan
(«Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn»)

Sen watansyz hasap etme gonup-göçen durnany,
Onuň üçin serhet bolmaz ol dünýäň bendiwany...
(«Gözüm düşdi»)

Ýöne az ýalňyşsyn menden soňkular,
Ýöne durmuş gara günler görmesin.
Durna geler!
Durna gider!
Durna ger!
Il daş çykyp, garşy alar durnasyn!

 Özünden soňky ýaşajak adamlar, durmuş («Durna geçýär... misli adam durmuşy») hakda gürrüň gidýärkä, durnalar hakynda aýdylýar. Şygyrda agzalýan gelip, gidip, gelip duran durnalar adamlar, adam ýaşaýşy.

 Şygyrdaky ömür aýlawlylygy bentleriň ýerleşişinden hem görünýär. Şygyr ikinji bendiň gaýtalanmagy bilen jemlenýär. Öňem belläp geçişimiz ýaly, ikinji bentden soň, ömür ýoly başlanýardy, diýmek şygyr jemlenmeýär, soňky bentden soň ýene bir ömür, onsoň ýene bir ömür her ýyl syn etmekden doýulmaýan geçmesini goýmaýan durnalaryň hatary ýaly gaýtalanyp durýar:

Her ýyl syn edýärin men bu görnüşe,
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy,
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.

 G. Ezizowyň şygrynyň owaz gurluşy, labzy düýbünden başga hadysadyr. Şygyrdaky ses barabarlyklaryna seredeliň:

Birden gök asmana dikildi gözüm,
Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär?
Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,
Göwnüňi göterip durnalar barýar.

 «G» sesiniň döredýän alleterasiýasyna üns bereliň! Gulagymyza durnalaryň gykuwlaýşy eşidilmeýärmi?! Şahyr sesleriň beýle sazlaşygyny ýörite gurnamaýar, aňly-başlylyk bilen şygry ýasamaýar. Hakyky sungat eserinde bolşy ýaly, şygryň özi dörände kämil döreýär. «Durnalar» şygrynda ses barabarlyklary diňe ses, morfema derejesinde bolman, eýsem söz, sözlem derejesine çenli alnyp gidilýär:

Her ýyl syn edýärin men bu görnüşe,
Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar.
Durna geçýär... misli adam durmuşy,
Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.

Şeýle agyr jeza meni gynady,
Şeýle jeza goýdy meni ezýetde.

 Şygyrda bir setiriň çäginde iki sany sözlemiň ulanylmagy:

 ...Tekepbirdim. Düşdüm dostlamdan jyda.

Köp ýalňyşdym. Bu ümmülmez dünýäni,

Kitap däl-de, ýalňyş bilen öwrendim.

Oňat bilýän, menden soňam aýlanyp
Geçersiňiz. Şu akym bir durmasyn.
Durnalar!
Durnalar!
Ine, şuň ýaly
Ýollar bilen sizi garşylan mendim.

 Şygyr setiriniň çägindäki gaýtalanýan sözleri bölek-bölek edilip täze setirden ýazylmagy:

 Şygryň umuman intonasiýasyna düýpli many täsirini ýetirýän beýle gaýtalanma okyja durnalaryň hatar-hatar bolup uçuşyny, ganat kakyşyny görkezýär, eşitdirýär, duýurýar.

 Şeýlelikde, G. Ezizowda «durna» nyşan hökmünde dessanlarymyzdan, mysal üçin, «Saýatly-Hemra» dessanyndan başga gurluşy döredýär. G. Ezizow şunuň ýaly täze gurluşlary döretmek bilen türkmeniň ruhy-estetik dünýäsini täzeledi. Şu hili şahyrana açyş üçin şahyryň öz «durnalarynyň» ähmiýeti uludyr.

Ogulnur DURDYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky
12-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

"Garagum" žurnaly, №11-2021

Tmpedagog