22.02.2023 Gollanma227 .

"Berekella!" sözi çagalara nähili täsir edýär?


 Ene-atalaryň köpüsi çagalaryna ýygy-ýygydan öwgüli sözleri aýdýarlar. «Berekella» sözi hatda ujypsyzja sebäplere görä hem olaryň salgysyna yzygiderli ýetirilýär. Ýöne beýle sözleriň aşa köp ulanylmagy çaga terbiýesine oňaýsyz täsirini ýetirip biljek eken. Psihologiýa bilen iş salyşýan bilermenler munuň sebäplerini öwrenip, çagalara özbaşdak pikirlenmäge we netije çykarmaga mümkinçilik bermelidigini nygtaýarlar.

 Ene-ata öz çagasyny yzygiderli öwýän bolsa, çaga öz pikirlerini jemlemek we ýola goýmak has kyn bolar. 3 ýaşly çagany gyzgyn nahary dökmändigi üçin öwýän bolsak, eýýäm onuň aňyna töwekgelçiliksiz bolmagy guýup başlaýarys. Çaga ulaldygysaýyn özüni köp zatlardan çäklendirip başlar. Tankydy sözleri kabul etmek oňa kyn düşer. Şeýle ýagdaýda onda ejizlik ýaly häsiýet hem ýüze çykyp biler.

 Çaga özüni alyp baranda aýratyn ýagdaýlara däl-de, ene-atasynyň pikirlerine esaslanar we islendik zada gyzyklanmalary ýiter. Mysal üçin, surat çekip oturan çaga suraty gowy çekýändigi hakynda magtasak, ol diňe özüne tomaşa edenimizde nähili başaryp bilýändiklerini görkezmäge çalşarlar.

 Özbaşdak hereket etjek bolanda, ulular tarapyndan nähili kabul ediljekdigi barada pikirlenip başlar. Göz öňüne getirip görüň: bir oglanjyk öz dosty bilen elindäki zadyny paýlaşyp biler. Ýöne iki sany sebäbe görä: ulular tarapyndan öwülmek isleýändigi üçin ýa-da beýleki çaganyň aç bolmagyny islemeýändigi üçin ýerine ýetirip biler.

 Çaga günüň dowamynda öz eden işleri üçin öwgüli sözlere garaşyp gezer we öz ýalňyşlyklaryny gizlemäge çalşar. Perzendiňizi gowy sözler bilen bir zada mejbur etmegiň ýerine, ondan şeýle herekete garaşmagyň lezzeti siz üçin has gowy bolup biler.

 Az aýdyň we köp soraň! Soraglar görýänleriňizi suratlandyrmakdan has möhümdir. Zähmet sapagyndan özbaşdak bir zat ýasan çagaňyzyň zähmetiniň has täsir galdyrandygyny aýtmagyň ýerine, ondan näme üçin bu şekili ýasandygyny, işinde nämäni köp ulanandygyny soraň. Şeýle etmek bilen onuň bu işe gyzyklanmasyny artdyryp bilersiňiz.

 Bir işi ýerine ýetiren çaga öwgüli sözler aýdylsa, ol özüni «üstünlige» ýeten hasaplar we indiki işe ymtylmaz. Olar hemişe özgeleriň razylygyna garaşyp gezerler. Tersine, eden işinden öwgi eşitmedik çaga ikinji basgançaga münmäge we gaýtadan synanyşmaga başlar.

 Ene-atalar çagalarynyň erkin pikirlenmäge ukyply bolmagyny isleseler, «Berekella» sözüni yzygiderli ulanmakdan saklanmalydyrlar. Elbetde, çagany höweslendirmek üçin öwgüli sözleriň zerurlygy ýüze çykýar. Beýle sözler olaryň dogry hereketine üns bermäge mümkinçilik berýär.

 Olara söýgi we goldaw hemişe zerur. Ýöne bu diňe şertsiz bolan halatynda şeýle bolup biler.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 20.02.2023

Tmpedagog