03.01.2023 Gollanma387 .

Ýaş mugallymlara ýüzlenme!


Hormatly ýaşlar, mugallym adyna mynasyp bolanlar!

 Siz işe gelen günüňizden bäri öňden işläp gelýän, tejribesi, ukyby, ýaşy taýdan tapawutly mugallymlaryň üns merkezindesiňiz. Sizi görüp olar özleriniň ýaş wagtlaryny, ilkinji gelen günlerini, ilkinji üstünliklerini ýatlaýarlar. Özleriniň çeken kynçylyklary sizde döremez ýaly gönümel ýa-da daşyňyzdan kömegini berýärler. Siz olardan habarsyz bolsaňyz hem, olara nädogry düşünseňiz hem olar size guwanýarlar.

 Siziň ýygnaklarda öwülmegiňiz, adyňyza “Hormat” hat almagyňyz hat-da käbir sizden uly mugallymlaryň kemi aýdylyp sizi arşa göterilmegiňiz siziň gazanan işleriňiz üçin däldir. Eýsem bu hereketler size badalga bermekdir. Sizi ýaşlykdan gaýduwsyz mugallymlaryň hataryna goşmakdyr.

 Siz işe başlan mekdebiňiziň abraýyny dörediji dälsiňiz, siz abraýy goraýjydyrsyňyz. Çünki siziň “Üstünliksiz”, “Gowşak”, “Tejribe toplap bilmändir” diýip garaýan ýaşuly mugallymlaryňyz tarapyndan bu mekdep abraýa eýe bolandyr. Gynansak-da ýaş mugallymlaryň käbirlerinde agzalan düşünjeler tapylýar, siz olardan bolmalydälsiňiz.

 Siziň geçen ýyl gelip, bu ýyl bäsleşikde ýer almagyňyz ýaşuly mugallymlaryň abraýy. Ýatdan çykarmaň! Seniň bir bäsleşige “Taýýarlan” okuwçyňy birnäçe baýry mugallym ençeme ýyl bäri okadyp şol hala getirendir. Diňe ol okuwçyny däl eýsem onuň ata-enesini bilim almaga höwesli edip ýetişdirendir. Ol ata-ene hem öz çagasyny öňden abraýly mugallymlaryň hatyrasy üçin saňa ynanýandyr. Şonuň üçin hem ilkinji “gazanan” üstünlikleriň diňe iň kiçi bölegi seniňkidir.

 Hiç-haçan mekdebiň uly mugallymlarynyň deňinden biperwaý geçmäň. Olary göreniňizde uly hormat bilen hereket ediň. Olaryň geçmişde gazananlary barada pikir ediň. Olaryň taýýarlan okuwçylarynyň birnäçesi abraýly ynsanlar bolup ýetişendikleri barada oýlanyň. Olaryň ýanynda köpüräk boluň, gerekli tejribeleri saýlap ýadyňyzda saklaň.

 Sizden bir ýyl öň işe başlan mugallym eýýäm saňa görä tejribelidigini ýatdan çykarmaň. Siz uly mugallymlara nähili bolsaňyz, soňky gelenler size garap sapak aljagy ikiuçsuzdyr.

 Köpçülik ýerlerde ýaşlar bolup ulularyň deňinden biperwaý geçilýän wagtlaryna gabat gelinýäni üçin baýry mugallymlar sizden tamasyny üzmesin. Çünki olar öz abraýlaryny mynasyp ýaşlara tabşyrmak isleýär.

 Işe başlan mekdebiňiziň taryhyny, geçmişde haýsy mugallymlaryň işlänini, gazanylan üstünliklerini hökmän sorag-ideg edip öwreniň. Bu siziň, abraýly atasy bolan ogulda bolşy ýaly, ruhuňyza ruh goşar.

 Ylym ýyl-ýyldan ösüşi ýaly mugallymyň öwretmek usullary hem ösýär. Hiç-haçan öz başarnygyňy üstün, ýaşuly mugallymyňkyny pes görme. Kompýuterleriň, el telefonlaryň ilkibaşky haly bolmadyk bolsa häzirkiler asla bolmazdy. Şeýle dälmi eýsem?

 Wagt geler siziň şu günki bilýän derejäňiz geljekde hiç zat bolar. Ýerine şol döwrüň enjamlaryndan has oňat baş alyp çykýan ýaşlar dörär. Şol wagt oturyp öz wagtyňyzda eden, ýeten üstünlikleriňizi ýatlarsyňyz. Eger şol wagt size “uly bolup-da käbir meselede bize mätäçligi bar” diýseler, gaty kemsinjegiň ikiuçsuzdyr. Şonuň üçin hem şu günden ýaşlara görelde bolup “Baýry” mugallym bolmaga taýýar boluň!

 Elmydama öz üstüňizde işläň. Çünki dünýäde ylym ýyldyrym tizlik bilen ösýär. Mugallym ähli soraga jogap berip bilmelidir. Jogabyny bilmedik wagtyňda ”Şol hakda gyzyklanmandyryn”, “Şu wagt bilemokda” diýmegi başarmaly we tizden-tiz gerekli jogaby tapmalysyň. Saňa gelen sorag yzyna boş gitmeli däldir. Gümürtik, başdansowma jogap bermekden gaça dur.

 Okuwçynyň kitap okamagyny isleýän bolsaň öz eliňizde kitap bolsun. Synp otagyna eliň kitaply giriň. Okamaga eliň ýetmese-de, kitabyň elektron görnüşini okaýan bolsaň hem stoluňda kitaplar dursun. Okaýan kitaplaryň barada gerekli ýerinde gürrüň beriň. Okuwçylaryň okaýan kitaplary barada gyzyklanyň, mazmunyny soraň. Kitap okaýan okuwçylary mahabatlandyryň.

 Okuwça buýruk beriji sözler bilen çemeleşmek, tohumy ekmezden öň gaýnan suwa batyrmak ýalydyr. Okuwça dogry ýoly görkeziň.

 Beýnä gidýän ýol kalbyň üstünden geçýändir. Şonuň üçin ilkinji nobatda okuwçynyň kalbyna aralaşyň. Beýnä barmagyň başga ýoly ýokdur. Sen pedagoksyň, psihologsyň, terbiýeçisiň -- üç aýakly tagansyň.

 “Sabyrly gul dura-bara şat bolar, bisabyr gul tiz ýolugar belaga” diýlen söz ilkinji nobatda bize, mugallymlara degişlidir. Mugallymyň çekýän azabynyň miwesi giç ýetişýändir.

 Sabyr kuwwatyň güýçi “öňdengörüjilik” birligi bilen ölçenýändir. Mugallym okuwa ýaňy gelen çagany görende onuň tutuş geljegini göz öňüne getirmegi başarmalydyr. Mugallym – geçmişe, geljege sapar edip bilýän ynsandyr.

  Beýik Biribar hem ynsanyň ýazgydyny “Mugallym” atly galam bilen ýazýandyr. Ýazgytdan çykmak ýokdur, ýöne öňdengörüjilik bilen geljege gidip özgertmek bardyr. Her sözlän sözüň okuwçynyň tutuş geljegini ýagtylandyrmalydyr.

 Öz üstüňde işlemeklik seniň adaty hereketleriň içine garyşmalydyr, aýra bolmaly däldir. Sen diňe okadýanlaryň üçin däl, eýsem jemgyýetiň öňünde mugallymsyň. Käriňi söýmelisiň. “Mugallym bolmak üçin doguldym”, “Ýüz gezek täzeden dogulsam-da ýene-de mugallymlyk kärini saýlaryn” diýip, ýürekden aýdyp bilmelisiň.

 Mugallym günde özi bilmedik ýagdaýda bolsa-da okuwçy bilen işleşmegiň täze usullaryny tapyp durýandyr. Mugallym – alymdyr, ýaşaýan ylymdyr.

 Temany düşündireniňde okuwçylary hyýaly başdangeçirmelere, gelejege syýahat etdirip bilmelisiň. Hakyky mugallym “Düşündiňizmi?” diýmez, “Düşündirip bildimmi?” diýer.

 Sapakda “Dogry oturyň!”, Ýuwaş boluň!”, “Diňläň!” ýaly sözleri her bäş minutdan gaýtalasak bu eýýäm 9-10 gezek bolýar. Netijä garaşmak bilen birlikde 5-6 minut wagt geçer. Ol eýýäm sapagyň 12%-13% -di bolar. Agzalan sözler munça gaýtalamak bilen okuwçynyň gulagyna eýýäm bir sapakda öwrenişdi, beýleki sapaklarda ol sözleriň täsiri bolmaz. Bilim-terbiýe bermekde okuwça ýa oňat görelde bolmak bardyr, ýa-da tersidir, aralygy ýokdur.

 Okuwça ata-enesinden hem ýakyn bolmalydyrys. Ata-ene üçin ol “Nesil dowamy” mugallym üçin bolsa “Watan geljegidir”.

 “Sylagyň bir ujy gorky” sözüne dogy düşünmelisiň. Çaga mugallymdan gorksa onuň gazabyndan däl, eýsem özüne bolan söýgüsini ýitirmeginden, mugallymy ynjytmakdan gorkmalydyr, sylamalydyr.

 Okuwçy “Palan dersi gowy görýärin” diýen bolsa, onda şol dersiň mugallymy şul okuwça oňat täsirini ýetirip bilendir. “Palan dersi gowy görmeýärin” diýen sözi eşideniňden başga käri saýlamak gowudyr. “Oňat görülýän ders”, “oňat görülmeýän ders” ýokdur, “Oňat görülýän mugallym”, “Oňat görülmeýän mugallym” bardyr.

 Dürli ynsanlaryň täsirleri esasynda okuwçy erbet terbiýeli bolup biler. Ata-ene ýetişdirýän okuw ýokdur. Sen pedagoksyň, ol okuwçynyň kalbyna aralaşmagyň ýoluny tapmalysyň. Okuwçynyň erbedi bardyr, başarnyksyzy ýokdur.

 “Oka”, “Öý işiňi ýazyp gel” ýaly sözler peýda etmeýän bolsa, ony gaýtalap durmagyň hajaty ýokdur. Okuwça onuň sosial-psihiki aýratynlygyna görä çemeleşmelisiň.

 Okuwçyny eden kemçiligi üçin asla kemsitmäň. Deňeşdirmeli bolsa şunça ýaşymyza çenli toplan kemçiligimiz okuwça görä has köpdür. Netijede biziň özümiz kemsidilmäge mynasyp bolup galýarys.

 Mugallymçylyk mekdebini, ýokary okuwy gutarmak, diplomy ele almak seni doly manyda “Mugallym” edýän däldir. Okuwçylara, ata-enelere tabşyrjak “Diplom işiňi” goramalysyň, olara tassyklatmalysyň.

Döwranguly ANNAGULYÝEW,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.



Tmpedagog