18.02.2023 Gollanma98

Tagmalaryň taryhy


 Tagmalar bir zady beýlekisinden tapawutlandyrmak üçin zerur bolup, olar hususy eýeçilik we ynançlar bilen berk bagly bolupdyrlar. Onuň kemala gelmegi adamzat ýaşaýşynyň arassa ahlagyny berkitmäge, birek-birege ynamly gatnaşyklary ýola goýmaga, hususy eýeçiligi goramaga mukaddes belgi hökmünde hyzmat edipdir. «Tagma» sözüniň düýp manysynda tapmak, tanamak diýen düşünjeler jemlenip, ol kesekiniň zatlaryndan peýdalanmagy çäklendiripdir.

 Alymlaryň maglumatlarynda «tagma» sözüniň ot bilen baglydygy tekrarlanýar. Onda «ot-urguç» sözüniň hem «tagma» sözünden daşda däldigini çaklamak bolýar. Sebäbi «tagma» sözüniň «ot» bölegi derňelse, olar manydaş sözlerdir, Şonuň üçin hem «tagma» sözüniň etnonimi şu iki sözüň mazmunynda jemlenipdir. Muňa birnäçe halklaryň dillerinde «tagma» sözüň etnosyna degişli aýdylýan sözleriň manylarynyň bir kökde jemlenmegi, ähli halklarda hem tagmanyň etnosynyň meňzeşdigini subut edýär. Şeýle-de «tagma» sözi gadymy türki dilde birbada ençeme manyda ulanylypdyr. Olar hem möhür, yz, jadyly belgiler ýaly sözlerden ybarat bolup, üçüsiniň-de etnosynyň ýene-de şol bir «tagma» sözünden gelip çykmagy tagmanyň etnosyna degişli ähli maglumatlaryň bir ýerde jemlenmegine şert döredýär. Şeýle-de, «tagma» sözüniň jadyly belgiler bilen bagly taraplary barada alym A.W.Istrin şeýle ýazýar: «Ruhy» sözi gadymy german dilinden alnyp, «syrly» diýmegi aňladypdyr. Bu ýerde «ruhy» sözi bilen «tagmanyň» manylary birmeňzeşdir. Munuň özi tagmalaryň-jadyly belgileriň, aslynda, ýazuw belgileri bolandygyna şaýatlyk edýär». Ýazuw bilen bagly (möhür, yz, jadyly belgiler) ýaly sözleriň deregine «tagma» sözüniň ulanylmagy tagma belgileriniň ýazuw görnüşinde ýüze çykandygyny aňladýar.

 Tagmalaryň elipbiý görnüşinde saklanyp gelendigi we ulanylandygy barada XVIII asyrda ýaşap geçen N.Andalybyň berýän maglumatlaryna görä, tagma görnüşli elipbiýleriň ählisiniň asyl nusgalaryny Oguz hanyň özi çyzypdyr. Ol tagmalary mallar üçin niýetlän bolsa-da, onuň elipbiý görnüşine geçmegini maksat edinipdir. Orta asyr çeşmeleriniň käbirinde türkmen tagmalarynyň ilkinji çyzgylaryny oguz hanyň ogly Gün han amala aşyrypdyr diýen maglumatlar-da bar. Oguz elipbiýleriniň tagma görnüşinde dowam edip gelmegi tagmalaryň taryhyny öwrenmegiň çäginde oguz elipbiýiniň taryhyna göz ýetirmäge-de şert döredip biljek.

 Tagma belgileriniň bütin ösüş taryhynda dünýä ylymlaryna ornaşmagy tagmalar bilen bagly ýüze çykan ýazuwlaryň ählisiniň bir kökden gaýdandygyny çak etmäge esas berýär. Şeýlelikde, birnäçe halkyň, ylaýta-da, türki dilli halklaryň ulanýan ýazuw elipbiýleri oguz-türkmen tagma belgilerinden alnan nusgalardyr diýip aýtmak bolar. Belki-de, şonuň üçindir, tagmalaryň gelip çykyş taryhyny öwrenýän wagtyň beýleki halklaryň tagmalarynda türkmen tagmalaryndan üýtgeşik bir şekile ýa-da onuň bilen bagly üýtgeşik bir görnüşe gabat gelinmeýär. Munuň özi tagma ulanýan halklaryň ählisine oguz-türkmen tagma belgileri gönezlik bolup hyzmat edipdir diýmäge doly esas döredýär.

Nurmuhammet Kurbanow,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 06.02.2023

Tmpedagog