18.02.2023 Gollanma70 .

Taryhdan söz açýan daşlar


Gadymy türki ýazgylary bilen baglanyşykly ýazuw ýadygärlikleri häzirki Russiýanyň, Mongoliýanyň, Hytaýyň, Gaza gystanyň, Gyrgyzystanyň we biziň ýurdumyzyň çäklerinde duş gelýär. Olaryň ýörite işlenip taýýarlanan daşlara — «beňgu taşlara» (gadymy türki dilde beňgu taş — baky daş), adaty tebigy daşlara — «bitik taşlara» (gadymy türki dilde bitig taş — «ýazgyly daş»), şeýle-de teňňeleriň, gap-gaçlaryň ýüzüne ýazylanlary häzirki günlere çenli saklanypdyr. Emma agajyň, pergamentiň, ýüpek matalaryň, kagyzyň ýüzüne ýazylanlarynyň aglabasy diýen ýaly ýitip gidipdir. Nusaý galasyndan tapylan küýze bölekleriniň 2700-e golaýyndan ýazgylaryň tapylmagy Gadymy Parfiýa döwletiniň hat-ýazuwy barada pikir ýöretmäge mümkinçilik döretdi. Taryhy tapyndylar 5-6 müň ýyl mundan ozal hem ata-babalarymyzyň ekerançylyk kalendarynyň bolandygyny görkezdi. Zenan heýkeljigine ýazylan şeýle kalendarlar Tejen derýasynyň aşak akymyndaky «Göksüri» sebitinden tapyldy. Ol Merkezi Aziýanyň çäginden tapylan iň gadymy kalendardyr.

 Orhon, Gündogar Türküstan, Ýeniseý, Talas we Altaý ýadygärliklerinde duş gelýän ýazgylarda umumylyk bolsa-da, olaryň käbirinde gadymy etnoslaryň dialektlerine mahsus tapawutlary görmek bolýar. Olaryň arasynda orhon-oguz dillerini bellibir derejede gadymy türki halklaryň edebi dili hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

 Oguz-Orhon ýazgylaryna «Ongin ýazgysy», «Kültegin hormatyna ýazgy», «Bilge kagan hormatyna ýazgy», «Tanýukuk hormatyna ýazgy» we «Kulyçor hormatyna ýazgy», «Moýunçor hormatyna ýazgy» ýadygärlikleri girýär. Bu ýazgylaryň atlandyrylyşy tapylan ýerleri bilen bagly bolup durýar. Gadymy döwürde oguzlaryň bellibir böleginiň mekan tutan ýeri bolan Orhon derýasynyň boýundan 732-nji ýylda tapylan ýazuw ýadygärligi Ilteriş kaganyň ogullary Kültegin we Bilge kaganyň hormatyna bina edilipdir. «Uly ýazgy» diýlip atlandyrylýan bu ýazuw ýadygärliginde Külteginiň söweşlerde görkezen gahrymançylyklary beýan edilýär.

 «Ongin ýazgysynyň» atlandyrylyşy hem tapylan ýeri bilen baglanyşyklydyr. Ol Ongin degresinden, Taramel diýen ýerden H.M.Ýadrinsew tarapyndan 1889-njy ýylda tapylýar. Bu ýazgy Ilterişiň we onuň aýaly Bilge hatynyň hormatyna bagyşlanypdyr. Ol şu topar ýazgylaryň arasynda iň irkileriniň biridir. Şol ýyl N.M.Ýadrinsew Han Mogilýan ýazgy ýadygärliginiň hem üstüni açýar. Han Mogilýan Ilteriş kaganyň uly ogludyr. Ol 683-nji ýylda dünýä inip, daýysy Moçjo Kapagan handan soň hanlyk tagtyna çykýar. Bu ýazgy-ýadygärlik ol aradan çykandan soň bina edilýär.

 Taryhy ýadygärlikler — geçmişiň söhbetçileri. Oguz-Orhon ýazgylary bolsa gadymy taryhymyzy öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Mähnet daşlaryň ýüzünde miras galdyrylan monumental ýazgylar gadymy ata-babalarymyzyň durmuşyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Ol ýazgylaryň üsti bilen şol döwürlerde oguz halklarynyň medeniýeti, döwlet gurluşy, harby düzgünleri, däp-dessurlary, ylym-bilim derejesi dogrusynda pikir ýöretmek bolýar.

Sona TYLLAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk instiutynyň talyby.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 10.02.2023

Tmpedagog