17.02.2023 Gollanma43 .

Guýuly gürrüňler


 Garagum çölünde guýularyň köp sanlysy bolup, olar çarwa durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Guýular halkymyzyň mukaddeslik hökmünde garaýan desgasy. Guýy gazmak hem her kime ynanylmaýar. Ýer goýnuny garyşma-garyş gazyp, çuňluga ýetmek juda hatarly iş. Munda sähel goýberilen ýalňyş guýy ussasynyň janyna uly howp salyp, hemme edilen azaby puja çykaryp bilýär.

 Guýularyň gazylyşy, ulanylyşy bilen bagly sözler, söz düzümleri asal zybanymyza özboluşly röwüş çaýýar, bezeg berýär. Guýular suwunyň tagamy, mukdary boýunça biri-birinden tapawutlanýar we dürlüçe atlandyrylýar. Käbir guýularyň suw gory ýeterlik bolup, bir bada iki sany agyr sürini suwdan gandyrmaga ýetýär, ýagny ondan, takmynan, 15 — 20 tonna töweregi suw çykarmak mümkindir. Olara «düýp suwly guýular» diýilýär. Çyrla guýulardan bolsa birbada 1 — 5 tonna töweregi suw çykýar. Merkezi Garagumda mesgen tutan çarwa ilatyň guýulardaky suwuň goruny aňlatmakda işjeň ulanýan sözleri bar. Bu ýerde guýudaky suwuň azalandygyny ýa-da gutarandygyny aňlatmak üçin «sogulmak» sözi ulanylýar. Ýagny guýynyň suwy gutardy däl-de, «soguldy» diýilýär. Guýy soglan soň, ýene suw ýygnanýança esli salym garaşmaly. Ol guýynyň düýbündäki giň bolmadyk giňişlige akyp gelşine, suwuň ýygnanyşyna bagly. Şonda guýynyň içine seretseň, çöwlügiň düýbünden suwuň ýygnanyşy, akyşy gözüňe ilýär. Guýynyň içindäki şol akyma «irkim» diýilýär. Irkimi güýçli guýularyň suwy alnyp sogulsa-da, basym dolýar.

 Türkmen dilimiziň many-mazmun gorunyň juda giňdigine islendik bir hünäriň aýratynlyklary bilen tanyşsaň has aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Begenç BAÝNEPESOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
86-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 16.02.2023

Tmpedagog