15.02.2023 Gollanma524
Aýdyma öwrülen ömür
Baglar gül açdy, bahar ýaz geldi,
Guşlar saýraşdy, ördek gaz geldi.
Garaşýan saňa, akja kepderi
Gel, sen salama , geçde köp ýeri!
Akja kepderi, ýaýna erkana,
Päk asmanymda oýna erkana,
Hudaýguly Allamyradowyň döredijilik älemi juda giň we köptaraply. Onuň näzik duýga, parasada ýugrulan şygyrlarynyň köpsanlysynyň aýdyma öwrülendigi aýratyn bellärliklidir. Olaryň arasynda «Akja kepderi», «Eziz obam», «Söýgülimiň birje sözi», «Baýramçylyk aýdymy», «Dünýä dursun parahat!», «Türkmenistan — toýly mekan», «Toý aýdymy», «Jeýhun tolkunlary», «Çagalaryň sesi — guşlaryň sesi» şygyrlary bar. Ýokarda atlary agzalan goşgularyň sözlerine döredilen aýdymlary bilmeýän adam az-azdyr. Bu şygyrlaryň döredileninden bäri köp ýyl geçen hem bolsa, olar radioda, teleýaýlymlarda yzygiderli ýaňlanyp, diňleýjilere ruhy lezzet paýlaýar.
Aýdymyň ilhalar bolmagynda, tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylanylmagynda kompozitoryň hyzmaty hem uludyr. Bu babatda şahyryň bagty çüwdi. Onuň ýurdumyzda belli estrada aýdymçysy, zehinli kompozitor Şamämmet Bäşimow bilen hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Iki ussadyň döredijilik gatnaşygy netijesinde «Akja kepderi», «Söýgülimiň birje sözi», «Dünýä dursun parahat!», «Dogduk depäm» ýaly meşhur aýdymlar dünýä indi. Ol aýdymlary ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarydyr ýaşlar uly höwes bilen ýerine ýetirýärler.
Döredýän adam döwrüň sesine ses goşmagy özüniň ynsanlyk, raýatlyk borjy hasaplaýar. Şahyr Hudaýguly Allamyradow parahat ýaşaýşyň, asudalygyň waspçysydyr. Ol ikinji jahan urşunyň ot-ýalynly söweşlerini görmese-de, gazaply ýyllaryň kynçylyklaryny başyndan geçiren adamlaryň arasynda ösüp ulaldy, olaryň gürrüňlerini diňledi. Şol sebäpli asmanyň arassa, ýurduň asuda bolmagyna bolan uly islegi «Dünýä dursun parahat!» atly goşgusynyň döremegine getirdi. Aýdym bolup 1976-njy ýylda dünýä inen bu aýdym häzirki wagtda-da özüniň gymmatyny ýitirmän gelýär. Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy berkarar etmek ugrundaky göreşiň öň hatarlarynda bolýandygy şahyryň arzuwlarynyň amala aşmasyny aňladýar.
Şahyr manyly ömründe öndümli işledi, döretdi. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda onuň «Akja kepderi» atly şygyrlar ýygyndysy çap edildi. Bu kitap gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe boldy. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan islendik adam üçin ýazan eserleri halka ýapylan serpaýdyr. Olar bolsa adamlaryň ýaşaýşa, bu barlyga yşkyny artdyryp, olara gowulyklary ündeýär, gujur-gaýratyňy ile-güne, peýdaly işlere bagyş etmäge çagyrýar. Ömri şirin aýdyma öwrülen şahyryň muşdaklaryna galdyran mirasy ýyllar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Munuň özi uly bagtdyr.
Serdar ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy, žurnalist.
“Türkmen gündogary” welaýat gazeti 24.03.2022