15.02.2023 Gollanma46 .

Ümürli günüň öýläni


Ata-babalarymyz «Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýipdirler. Şol «kyrk tüýsli» günleriň biri-de ümürli günlerdir. Howanyň ümürli bolmagy, köplenç, gyş paslyna mahsus. Il içinde «Ümürli günüň öýläni» diýen aýtgy häzir hem ýörgünlidir. Bu täsin tebigat hadysasy barada, eýsem, biz nämeleri bilýäris?

 Ýere galtaşýan bulutlary «ümür» diýip atlandyrýarys. Çünki ümür bilen bulut ýerleşişinden başga hiç bir babatda tapawutlanmaýar. Asyl-ha, ümür paslyna, ýerli ýagdaýyna, howanyň temperaturasyna görä tapawutlanýan juda owunjak suw damjalarydyr, ýagny howada bilelikde hereket edýän müňlerçe suw damjajyklary ümri emele getirýär. Emma howanyň has sowuk günleri ümür suw damjajyklaryndan däl-de, buz kristallaryndan hem ybarat bolup biler.

 Howadaky ümrüň has goýy bolan halatlarynda, agaçlaryň süllümbaý suwa ezilýän wagtlary-da bolýar. Şu nukdaýnazardan, ösümlikleriňdir agaçlaryň çaň-tozandan arassalanmagynda ümürli howanyň orny uludyr.

 Başda hem belläp geçişimiz ýaly, ümrüň özi müňlerçe suw damjajyklaryndan ybarat bolýar. Eýsem, giden bir obany ýa şäheri gurşaýan ümürler özünde näçeräk suw saklaýarka? Meselem, 1 kub metr ümri sykyp bolýan bolanlygynda, ondan 0,5 millilitr suw almak bolardy. Hasaplamalara görä, agyr ümürler 1 kub santimetrinde ortaça 1200 sany owunjak suw damjajyklaryny saklaýarlar.

 Ümürli günler Diýarymyzda, esasan, gyş, ýaz günlerine mahsus bolsa, dünýäniň dürli ýurtlarynda bu görkeziji görnetin üýtgeýär. Käbir ýurtlaryň kalendarynyň tas ýarysyndan hem köpüsini «ümürli günler» eýeleýär. Meselem, ümürli günleriň köp bolýandygy babatda dünýäde ilkinji orunda durýan döwlet Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Argentina döwletidir.

 Dünýäniň uly şäherleriniň köpüsinde zawodfabrikleriň, ýa bolmasa, ulaglaryň gazlaryndan emele gelýän ümür görnüşindäki goýy gatlaga duş gelmek bolýar. Bu görnüşdäki «ümürler» tebigy ümürlerden düýpgöter tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda dünýäde adam saglygyna, tebigata howp salýan şeýle görnüşdäki ýaramaz gazlaryň ýetirýän zyýanynyň öňüni almak ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Dürli SEÝITMÄMMEDOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 14.02.2023

Tmpedagog