14.02.2023 Gollanma166 .

Tebigy betbagtçylyk wagtynda näme etmeli?


 Ýer titremesi örän çylşyrymly fiziki we geologiki prosses bolup, örän çuň gatlaklarda geçýän üýtgeşmeleriň netijesinde ýüze çykýan hadysadyr. Ýer titremesi wulkanlaryň atylmagy, ýer gabygynyň döwülmegi, ösmegi (neotektonika), çökmegi we beýleki sebäplere görä bolup biler. Ýer titremeleri entek doly öwrenilmedik hadysalaryň biridir. Ýöne geçirilýän ylmy-barlaglaryň we gözegçilikleriň netijesinde ýer titremeleriň bolup geçýän teritoriýalary we ýer titremeleriň öňünden bolup geçýän alamatlary anyklanyldy.

Ýer titremesiniň boljakdygyny duýdurýan alamatlar köp sanly bolup, olaryň käbirleri bolsa şulardan ybaratdyr:
1. Atmosferanyň tebigy gaz düzüminiň üýtgemegi.
2. Howada adaty bolmadyk yslaryň döremegi we ýaýramagy.
3. Çeşme suwlary düzüminiň, durulygynyň, süýjiliginiň, tagamynyň üýtgemegi.
4. Ýeriň emeli hemralarynda ýer üstüniň käbir uçastogynyň üýtgemeginiň, deformirlenmeginiň we beýleki alamatlaryň duýulmagy.
5. Atmosferada elektrik zarýadlaryň we magnitleriň ýokarlanmagy.
6. Meteorologik elementleriň üýtgemegi, basyşyň ýokarlanmagy.
7. Jaýlaryň diwarlarynyň reňkiniň syýa öwüşgin almagy.
8. Gün ýaşan wagtynda gün şöhleleriniň bölek-bölek bolup dik ýokary gitmegi.
9. Elektrik lampalaryň öz-özünden ýarylmagy.
10. Elektrik geçirijilerde gysga utgaşmalaryň bolmagy.
11. Geodeziki reperleriň we görkezijileriň üýtgemegi.
12. Haýwanlaryň adaty hereketleriniň üýtgemegi.
13. Güýçli ýel we erbet ses bolmagy.
14. Temperaturanyň birden üýtgemegi, ýokarlanmagy.
15. Adamlaryň içki duýgularynyň we emosional-psihiki häsiýetleriniň üýtgemegi, özlerini erbet duýmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.

 Seýsmoaktiw, ýagny ýer titremesi bolýan ýerlerde ýaşaýanlar ýer titremesiniň alamatlaryny doly öwrenmelidirler, bilmelidirler we mydama ýatda saklamalydyrlar. Ýer titremesiniň haýsy ýagdaýlarda ýüze çykýandygyny çagalara öwretmek ulularyň borjudyr. Çagalar ýer titremesi bolan wagtynda özüni nähili alyp barmalydygyny öňünden, ýaşlykdan bilip goýmalydyr.

 Ýet titremesinde ilki bilen hususy howpsuzlygyňa göz ýetirmeli, soňra töweregiňdäkileriň howpsuzlygyna göz ýetirmelidir. Ýet titremesinde iň esasy zady ýatda saklamak gerek, ol hem aljyramaly däldir. Eger ýer titremesi pes güýç bilen bolan bolsa, gorkmaň we gowusy haýsy ýerde bolsaňyz, şol ýerde hem gutarýança garaşyň.

Güýçli ýer titremesinde (5 we ondan ýokary bal) jaýda galan halatyňda:
⸺ ikinji gatda we ondan ýokarda bolnan halatynda, jaýdan çykmaly däl;
⸺ içerki diwaryň ýanynda howpsuz ýerde durmaly, wannanyň içinde ýatmaly;
⸺ beýleki gaçýan zatlardan we döwüklerden goranmak üçin krowadyň, stoluň aşagyna girmeli;
⸺ golaýyňda krowat, wanna ýa-da stol ýok bolsa diwara direnip oturmaly we bir eliň bilen kelläňi ýapyp üçburçlyk herketini edip kelle we boýun goranmaly;
⸺ penjirelerden we agyr agaç-goşlardan daşda durmaly;
⸺ galdyrgyçdan(lift) peýdalanmaly däl;
⸺ eger-de ýykylan jaýyň içinde galan bolsaňyz howsala düşmezden we bar güýjiňizi sarp etmezden seslenmek bilen daşardakylara habar bermäge çalyşmaly.

Ýer titremede daşarda bolan ýagdaýyňda:
⸺ jaýlardan we elektrik geçirijilerden daşrakda açyk ýerde bolmaly, üzülen
elktrik geçirijilerine golaý barmaly däl;
⸺ jaýlaryň golaýynda ylgamaly däl;

Awtoulagda bolan halatyňda:
⸺ sarsgynlar gutarýança awtoulagy işletmeli däl, açyk meýdanda duruzmaly;
⸺ awtoparklarda bolsaňyz ulagdan düşmeli we ýanyn ýatyp bir eliňi ulaga diräp üçburçlyk herketini etmeli.

Taýýarlan: Şabibi Maşadowa,
Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň meýletinçisi.



Tmpedagog