14.02.2023 Gollanma334
«Ýagşy dost dostuny unutmaz...»
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde terbiýeçiligiň dostluk düşünjesiniň üsti bilen şöhlelendirilişi
Şahyryň döredijiligi hakynda Gahryman Arkadagymyz: «Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir» diýip belleýär.
Akyldar şahyrymyzyň şygyrlar hazynasynyň içinde dostluk öz ajaýyp öwüşgini bilen okyjylaryň ünsüni çekýär.
Dostlar-a, dostum meniň jandan şirin söýgülidir
Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir
— diýen setirlerinde Magtymguly Pyragy dostlugyň — dostuň şirin jandan ezizdigini nygtasa:
Başdan gerek ýar ýigide,
Dost tapylmaz dar ýigide
— diýip, dargursaklygyň oňşuksyzlyga eltýändigini aýdýar. Şeýle-de şahyr şygyrlarynda adama mahsus häsiýetleriň dürli taraplaryny çeper sözüň üsti bilen açyp görkezýär. Magtymguly Pyragy halkymyza pähim-paýhasdan we ajaýyp duýgulardan doly goşgularyny miras galdyrdy. Şahyryň şygyrlar dünýäsiniň gymmaty milli çäklerden çykyp, bütin adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada ruhy lezzet eçilýär. Şonuň üçin şahyryň her bir setiri juda gymmatly hazynadyr.
Iki dostuň arasynda,
Ýaman-ýowuz iş olmasyn.
Ýa-da:
Aklyň bolsa, ýagşylarga hemdem bol,
Akmak özün nadan bile ýar eýlär
— diýip, ynsanyň durmuşynda dosty nähili gazanmalydygyny, onda-da kimler bilen dost bolmalydygyny şahyr şygyr bilen şöhlelendirýär. Bu ýerdäki «hemdem» sözi hem dost, ýaran manylaryny berip, şahyryň ussatlyk derejesiniň iňňän ýokarydygyny görkezýär. Şahyryň edebi usullarynda şol bir zadyň manydaş sözler bilen beýan edilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol goşgularda türkmen diliniň söz baýlygyny açyp, şygryň täsirliligini ýokary göterýän serişdedir.
Magtymguly Pyragy dostlugy dürli ertekileriň, rowaýatlaryň üsti bilen hem beýan edýär. Onda:
Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy,
Gahry gelse depäň üzre daş döker
— diýip, gadymy ertekä salgylanma bardyr. Bu hem edil beýleki getirilen mysallar ýaly, dost boljagyňy tanamalydygyny ýaňzydýar. Şol sebäpli-de şahyryň şygyrlarynyň içinde «Dostuňa dogry dur...» diýen ajaýyp setirleri täsirliligi bilen ýaşaýar. Şol bir wagtda hem halkymyzyň milli häsiýetlerini giňden beýan edip, adamçylygyň belent nusgasyny dabaralandyrýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi haýsy tarapdan alsaňam, bir beýik münber. Onuň ruhy baýlygy okyjylara gymmatly mirasdyr.
Häzirki wagtda şahyryň 2024-nji ýylda uly dabara bilen belleniljek 300 ýyllygyna uly ähmiýet berilýär. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan geljek 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi-de, şahyryň edebi mirasynyň, dana paýhasynyň dünýä edebiýatynda aýratyn orun alandygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa şahyryň milli döredijiliginiň içgin syrlaryny öwrenmäge we okyjylara ýetirmäge uly mümkinçilikdir. Şeýle uly mümkinçilikleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Rozygül BABAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
"Nesil" gazeti, 11.02.2023