09.02.2023 Gollanma95 .

Antibiotikleri haçan we nädip ulanmaly?


Antibiotikler we ynsan saglygy
 Gyş möwsüminde wiruslaryň döredýän ýiti respirator ýokançlaryna garşy derman serişdeleriniň näsaglar tarapyndan özbaşdak, köplenç, ýerliksiz, nädogry peýdalanylmagy lukmançylyk ulgamynyň iň agyryly meseleleriniň biridir. Antibiotikler bedene nähili täsir edýär? Olary haçan we nädip ulanmaly? Nähili ýagdaýlarda ulanmakdan saklanmaly? Bu dermanlaryň nädogry ulanylmagy nähili netijelere getirip bilýär?

 Antibiotikler kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli derman serişdeleridir. Bakteriýalar bir öýjükli mikroorganizmlere degişli bolup, olar öz öýjüklerinde ýaşamaga, köpelmäge ukyplydyr. Antibiotik derman serişdeleri öýjük diwarjyklaryny weýran etmek arkaly, bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edip bilýärler. Wiruslar bolsa öýjüksizdir. Olar bakteriýalar ýaly öz öýjüklerinde däl-de, janly bedeniň belli-belli öýjüklerinde ýaşap köpelýärler. Şol sebäpden antibiotikler belli bir öýjüklerdäki wiruslary ýok edip bilmeýärler. Şonuň üçin, wirusly ýiti respirator ýokançlarda antibiotikleri ulanmagyň haýry ýok. Olary bakteriýalaryň döredýän kesellerinde, galyberse-de, wirusly ýokançlaryň üstüne bakteriýalar goşulyp, ýiti gaýraüzülmeleriň ýüze çykmak howpy peýda bolanda lukmanyň bellemeginden soň ulanmak maksada laýykdyr. Antibiotikler diňe bir bakteriýalar zerarly ýüze çykýan ýiti respirator kesellerinde däl, eýsem, beýleki ýokanç we gaýnaglamaly, iriňli kesellerde, zäherlenmede hem peýdalanylýar.

 Nädogry ulanylanda antibiotik derman serişdeleriniň peýdasy azalyp, bedene ýetirýän zyýany artýar. Şonuň üçin, antibiotik bilen bejeriş alynýan döwürde käbir düzgünleri gyşarnyksyz berjaý etmek zerurdyr.

 Antibiotikleri lukman tarapyndan bellenilen tertipde kabul etmeli. Olaryň mukdaryny özbaşdak üýtgetmeli däl. Bu derman serişdeleri bilen bejerişi lukmanyň bellän möhletinden öň besetmek hem maslahat berilmeýär. Eger syrkaw lukmanyň bellän dermanyny 3-4 aý mundan öň kabul eden ýa-da antibiotik bilen bejerişiň bellenilen döwründe başga dermanlary ulanýan bolsa, onda bu ýagdaýlary lukmana duýdurmalydyr. Antibiotikleriň birbada köp görnüşini peýdalanmaga zerurlyk ýüze çykanda, bejergini lukmanyň gözegçiliginde geçirmeli. Sebäbi şeýle halatda syrkawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy mümkindir.

 Dogry iýmitlenmek antibiotikler bilen bejeriş geçirilýän döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Düzüminde protein (mal beloklary) bolan önümleri yzygiderli ulanmalydyr. Göläniň, towugyň etinden çorba bişirmeli. Balygy, eti, gök-önümleri sogan, sarymsak, bolgar burçy, pomidor bilen buglap iýmeli. Gowrulyp bişirilen naharlary diňe bir antibiotikler bilen bejeriş geçirilýän döwürde däl, eýsem, başga wagtda hem çäklendirmek maksadalaýykdyr. Iýmit önümleri gowrulanda antibiotikleriň işjeňligini peseldýän madda emele gelýär. Mikrotolkunly elektrik pejinde bişirilende bolsa, olaryň düzümindäki beloklaryň aglabasy ýitýär.

 Ösümlik kletçatkalaryna, witaminlere, makro we mikro elementlere baý önümler, irimçik üwelen undan bişirilen çörek, kelem, kädi, sogan, pomidor, bolgar burçy saglyk üçin juda peýdalydyr. Gök önüm çorbalaryny, tüwi, greçka şülelerini iýmek maslahat berilýär. Naharlara, işdäaçarlara hoşboýluklary, kakadylan miweleri, hoz, limon ýa-da onuň şiresini goşmaly. Çaýyňa limon atmaly, gök önüm we miwe şirelerini içmeli. Käbir antibiotikleriň turşy gurşawda öz täsirini ýitirýändigini hem ýatdan çykarmaly däldir. Antibiotikler bilen bejergi alynýan döwürde lukman bilen maslahatlaşyp, gündelik iýmitde turşy süýt önümlerini we miweleri ulanmajak bolmaly.

 Lukmanyň bellän derman serişdelerini bir bulgurdan az bolmadyk suw bilen kabuletmeli. Bejergi mahaly köp suwuklyk (arassa agyz suwy, çaý, çopantelpegiň melhemlikleri, gök önüm we miwe şireleri) içmeli. Gazly, reňkli süýji suwlary, alkogolly içgileri welin ulanmaly däldir. Çaýy, kofäni derman kabul edilenden birki sagat soň içmek maslahat berilýär. Bejerişde zeperlenip bilýän içegäniň mikroflorasyny dikeltmek, peýdaly bakteriýalary köpeltmek we disbakteriozyň öňüni almak üçin ter ýa-da kakadylan miweler, böwürslen, armyt, alma, kişde, kişmiş, banan, sitrus miweleri, gatyk, dorog iýmek peýdalydyr.

 Her kim öz saglygy barada alada etmäge borçludyr. Sagdyn bedende sagdyn ruhuň bolýandygyny unutmalyň.

Gülruh JUMAKLYÇEWA,
Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň maşgala lukmany.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 08.02.2023

Tmpedagog