17.02.2025 Gollanma314

Kalplarda mekanly şahyr


«Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy...». Goşgynyň yzyny dowam etdirmesegem, onuň haýsy şahyra degişlidigi aýan bolandyr. Köpler-ä eýýäm «Ýaşlyk dramasynyň» indiki setirlerine geçip gidendir. Sebäbi ol setirleriň awtory öňki-soňky döreden şygyrlaryny-da ýanyna alyp, halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aldy. Şahyr öz adynyň ýany bilen Gaňňaly, Tejen ýaly ýer-ýurt atlaryny-da türkmen şygryýetiniň aýrylmaz bölegine öwürdi.

1929-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dünýä inen Kerim Gurbannepesowyň maşgalasy Tejen sebitlerine göçüp gaýdýar. Şeýdip şahyryň çagalyk ýatlamalaryna Gaňňalynyň baga bürenip oturan köçeleri, dili senaly ýaşululary, Tejeniň sada adamlary hemişelik siňýär:

Ýatlananda geljek günler,
Ýada düşdi geçen günler.
(Hanhajykka!
Hanhajykka!
Salgy berer tejenliler...).

Kerim Gurbannepesow, sözüň doly manysynda, halkyň şahyrydy. Ol hemişe halkyň arasynda bolardy. Onuň okyjylar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirilerdi. Duşuşygyň geçirilýändigini eşidenimizden, ol güne sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Şeýle duşuşyklarda oňa berilýän sowallaryň yzy üzülmezdi. Kerim aga-da olara irinmän jogap bererdi. Özi-de onuň jogaplary, edil şygyrlarynyň setirleri ýaly şirin bolardy.

Bir ýola oňa: «Siziň şygyrlaryňyzy islendik ýaşdakylaram söýüp okaýarlar. Özüňiz ýazanyňyzda olary bellibir ýaşdakylara niýetleýäňizmi? Öňüňizde haýsy ýaşdaky okyjy otyr diýip göz öňüne getirýärsiňiz?» diýen manydaky sowal berildi. Şonda Kerim aga: «Bir goşga başlamsoň, öňümde kimiň oturany bilen işim ýok. Ýazamda-da, okanymda-da ýüregimi açyp goýberýän. Ýüregimde durmuşyň ýazan zatlaryny ýeke-ýeke daşyna çykarýan. Çagalyk ýyllaryma aralaşanymda, körpejä öwrülýän, jahyllygy goç ýigit bolup gürrüň berýän, ýaşym durugşyberen döwürlerime ýetenimde bolsa agraslyk donuny egnime atýan. Olary diňlemäge höwesekleriň sany azalmaýan bolsa, diýmek, men gowy gürrüňçi, oňat söhbetdeş. Oňat söhbetdeş bolmagy-da maňa durmuş, ýaşlygymyň aýak yzlary galan ýerleriň adamlary öwretdi» diýip jogap beripdi.

Ýürekdeşlik — Kerim şahyra mahsus aýratynlyklaryň biridi. Ol hemmeler bilen ýürekdeşdi. Şol ýürekdeşlik onuň şygyrlaryna-da siňipdi. Şonuň üçinem ol şygyrlar bu günki gün şahyryň özi bolup halk bilen ýürek açyşýar. Yşk derdini çekişýär. Durmuşyň öwrümlerini bile geçişýär. Ussadyň her bir setiri biz üçin durmuş sapagy bolup durýar.

Atam maňa aýdypdy
Menem saňa aýdaýyn,
Men-ä sapak edindim,
Saňa-da sapak bolsun —

diýýän şahyr lybasymyz nah bolsa-da, namysymyzyň ýüpek bolmalydygyny şirinden-şirin setirleriň üsti bilen bize wesýet edýär. Hut şonuň üçinem her gezek Kerim aganyň goşgular ýygyndysyny elime alanymda, onuň bilen geçirilen duşuşyklara dolanan ýaly bolýaryn. Ussat her duşuşygy edep-ekram baradaky gürrüňler bilen başlardy, şol gürrüňler bilenem tamamlardy. Ol geljegiň eýesi bolan ýaşlaryň edep-terbiýeli bolmagyny iň wajyp zatlaryň biri saýardy. «Durmuşda-da, döredijilikde-de, islendik zähmetde-de düzgün-tertip, edep iň öňde durýandyr» diýerdi. Onuň öz pikirlerini setirlere siňdirişi has-da üýtgeşik:

Uly hormatlansyn,
Kiçi sylansyn,
Güýç iki hormatyň ýylylygynda.
Ýogsa kiçiler-ä has kiçi bolar,
Senem saklanmarsyň ululygyňda.

Şahyryň «ululara hormatyň azalan ýerinde kämilligiň gijä galýandygy» ýaly pikirleri siňen şygyrlary hiç haçanam okyjylaryň elinden düşmez. Çünki ol setirler edep-ekramlylyk, watansöýüjilik... ýaly naýbaşy duýgular süňňüne ornan halkymyzyň ýüreginden hemişelik orun aldy. Halkyň kalbynda ebedi mekan eýlän ägirtleriň, gymmatlyklaryň sarpasy bolsa ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan belentden tutulýar.

Mamajan AGAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 108-nji çagalar bagynyň terbiýeçi usulyýetçisi.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 14.02.2025

Tmpedagog