Söz manysy
TEG
Ozallar obalarda çagalary ýatyrmak üçin ýüpden sallançak edilerdi. Häzirki döwürde onuň ýerini demir sallançaklar tutdy. Şol sallançagyň arasyny açmak üçin teg agajy ulanylýar. Oňa tegek hem diýilýär. Tegegiň uzynlygy ýarym metr çemesi bolup, iki ujy toýnuk şekilinde bolýar.
ÇAÝJOŞ
Çaýjoş köplenç çopanlarda bolýar. Ol misden bolup, suwy tiz gaýnadýar. Çaýjoş göwrümi iki litr çemesi suw alýar. Oňa çaý atyp çäýnek deregine hem ulanýarlar.
EPENEK
Gapyny açyp-ýapmak üçin goýulýan petlä öň epenek diýilýärdi. Petle aslynda rus sözi. Epenek eplenmek sözünden gelip çykan. Petle sözüniň ýörgünli ulanylmagy bilen epenek sözi ulanyşdan galdy.
SAK
Adamyň ýüzüni maňlaý, iňrik, seňrik, eňek ýaly böleklere bölýärler. Eňege başgaça sak hem diýilýär. Sakgyl, sakgal, sakal sözi hem şondan gelip çykypdyr.
TAGAN
Tagan üstünde gazan goýmak üçin ulanylýar. Ol üç aýakly bolýar. Gazan agdarylyp gitmez ýaly taganyň üstünde goýýarlar. Ir döwürlerde ýaşajyk ýogalýan bäbekler köp bolupdyr. Şonuň üçin çagany taganyň içinden geçirip, olara Tagan, Tagangül ýaly atlary dakyp, ýagşy ynam bilen yrym edipdirler.
Akynýaz AKMUHAMMEDOW,
Tagtabazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Garagum" žurnaly, №1-2023