Parahatçylyk we ynanyşmak — Zeminiň asudalygynyň kepili
Uzak geçmişiň dowamynda pähimdar pederlerimiz bagtyýar durmuşyň özeninde agzybirligiň durýandygy hakynda tymsaldyr rowaýatlaryň birnäçesini döredipdirler. Elbetde, agzybirlik uly güýç, ol özüne uýanlary abraý-mertebä, üstünlige, «depseň deprenmez» döwlete, bir söz bilen aýdanyňda bagtyýar durmuşa ýetirýär. Sebäbi agzybirlik — islendik meseläniň açary. Ol açar bilen açylmajak gapy, «alynmajak gala», ýetilmejek sepgit ýok. Şeýle bolansoň, agzybirlik islendik türkmeniň doga-dileginde hökman zybana getirilýär.
Eýsem, agzybirlik nähili döräp, nämeden ylhamlanýar?! Bu sowala gypynç etmezden «Agzybirligi döredýän güýjem, ony ylhamlandyrýan, berkidýän gudratam birek-birege ynanyşmak hem parahatçylykdyr» diýip, jogap bermek mümkin. Çünki ynamyň hem-de parahatçylygyň ýok ýerinde agzybirligem ýokdur. Biraz çeperleşdirip aýtsak, agzybirlik bir daragt bolsa, onuň ösmegini, kökleriniň berkäp, Zeminiň çuňluklaryna uzamagyny üpjün edýän güýç ynam we parahatçylykdyr. Onsoň, tutuş milletimiziň islegini, ruhy telwasyny şygyr setirlerinde açyp görkezen beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragydan başlap, ähli nusgawy şahyrlarymyz asudalygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň bar ýerinde agzybirligiň höküm sürjekdigini öwüt-ündew edipdirler.
Halkara giňişliginde milletine, diline, ynanjyna garamazdan, umumadamzat agzybirligini gazanmakda parahatçylygy we ynanyşmagy ündeýän çeper sözüň nähili uly güýjüniň bardygyny bir hepde mundan ozal taryha ugradan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz Ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryna bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygrynyň ady bilen atlandyrylan 2024-nji ýyl türkmen danasy Magtymguly Pyragynyň parahatçylygy, birek-birege ynanmagy, agzybirligi, dost-doganlygy, ýüze çykýan islendik düşünişmezlikleri özara gepleşikler arkaly çözmegi ündeýän filosofiki pikire baý goşgularynyň dünýä dolan ýyly boldy. Ol şygyrlaryň, milletine seretmezden, hemmeleriň gursagyna ýagşylyk nuruny guýup, ýüreklerde özara ynanyşyp, parahatçylykda, agzybirlikde dost-dogan bolup ýaşamak pikirini şineledendigine şübhelenmeýäris. Munuň özi biziň hemişelik Bitarap döwletimiziň borçlaryna we hoşniýetli daşary syýasat ýörelgelerine doly kybap gelýär. Bu bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda diňe bir akyldar atamyzyň döredijiligini dünýä ýaýmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen täzeçil filosofiýasyny, ýagny dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde sözüň — gepleşikleriň ähmiýetini giň halkara jemgyýetçiligine ýene bir gezek ýetirendigimiz baradaky ýakymly duýgy bolup kalplara dolýar. Şeýle hem geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň many-maňyzly kelamlaryny dünýä ýetirmek arkaly hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy, agzybirligi wagyz etmekdäki ynsanperwer borçlarymyzy amal etmeklige-de uly goşant goşandygymyza ynanýaryn.
Bu pikirimize hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşyndaky: «Aşgabatda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanyp «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi» diýen sözleri-de delil bolup biler.
Bu zatlary nygtamak bilen, täzelikde gadam basan 2025-nji ýylymyzyň hem öz öňünde goýan maksatlary taýyndan gönüden-göni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bütin adamzadyň bähbidine gönügen parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasynyň logiki dowamy boljakdygyny aýdasymyz gelýär. Muňa meşhur syýasatçy hökmünde dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynyň belent ynsanperwer pikirlerinden göwünleri ganatlanan halkymyzyň arzuw-islegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy-da şaýatlyk edýär. Onsoňam, bu ýylyň şeýle atlandyrylmagy asla tötänlik däldir, çünki bu ýyl hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza 30 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan bu möhletiň şeýle bir köp däldigi görnüp dur. Emma türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen geçen ýyllaryň dowamynda ýurt we bütindünýä möçberinde ýetilen üstünlikli sepgitlere göz aýlap göreniňde welin, asyrlara barabar işleriň edilendigini görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris» diýip belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyz bize umumadamzat bähbitli ynsanperwer tekliplerdir başlangyçlarymyz, halkara ähmiýetli nusgalyk işlerimiz bilen dünýä çykmaga, gadymdan gözbaşly medeni, taryhy, edebi gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga, şeýdibem Garaşsyz Türkmen döwletiniň hem-de asly halal halkymyzyň şöhratyny Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleri açdy. Şol mümkinçiliklerden işjeň peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda Türkmenistan tutuş adamzat üçin adalatly, parahat we gülläp ösýän geljegiň hatyrasyna oňyn teklipdir başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Olaryň bolsa dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylygyň we ynanyşmagyň esaslaryny pugtalandyrmakda hem-de ählumumy durnukly ösüş üçin zerur şertleri gözläp tapmakda, halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmekde, Ýer ýüzünde giň möçberli energetika howpsuzlygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini geçen ýyllar doly subut etdi.
Şeýlelikde, 30 ýyllyk hemişelik Bitaraplyk ýolunda Garaşsyz Türkmenistany dünýäniň ähli ýurtlary sebit we halkara hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirýän işjeň döwlet hökmünde has ýakyndan tanadylar. Birleşen Milletler Guramasy bolsa biziň döwletimize ähli halklar üçin adalatly, parahat we gülläp ösýän geljegiň hatyrasyna döredijilikli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýän, mydama gözlegdäki ynamdar hyzmatdaş hökmünde ýokary baha berýär. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şeýle belent derejelere göterilmeginde parahatçylykly, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň örän uly hyzmatlary bar.
Ýeri gelende ýatlasak, umumadamzat ähmiýetli netijeli işleri, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmeklige gönükdirip öňe süren ähmiýetli başlangyçlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Gahryman Arkadagymyza rowa gören «Informasiologiýada bitiren beýik hyzmatlary üçin» atly Ýokary Halkara ordeni hem-de «Parahatçylygy geljek nesiller üçin gorap saklalyň!» diýen Diplomy we hrustal heýkeljigi hem şol uly hyzmatyň we bütindünýä ykraryň güwäsidir. Elbetde, bu zatlaryň ählisiniň sakasynda belent mertebeli Arkadagymyzyň abyrsyz zähmeti, umumadamzat ähmiýetli anyk işleri, şeýle hem Garaşsyzlygymyz bilen goşa ganata öwrülip, şol işleriň ähmiýetini bütin dünýä ýaýýan hemişelik Bitaraplygymyz durýar.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolalymyz bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň öňe süren teklipleridir başlangyçlary boýunça Kararnamalaryň otuza golaýyny kabul etdi. Şolaryň üçüsiniň, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 79-njy sessiýasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň 2024-nji ýylda kabul edilendigi hem BMG bilen gatnaşyklarymyzyň barha işjeňleşýändigini görkezýär. Bir ýylda üç Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle-de 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigine, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýaşynyň halkara derejesinde uludan belleniljek ýylyna gadam goýan pursadymyz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýakyn hem ynamdar hyzmatdaşlardygyna, döwletimiziň bütindünýä abraýyna şaýatlyk edýän maglumatlaryň ýene-de käbirlerine ýüzlenmek ýerlikli bolsa gerek. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren başlangyjy esasynda 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly döwletimiziň daşary syýasatda gazanan esasy üstünlikleriniň biri hökmünde ýatlap bileris. Çünki bu Merkez geçen ýyllaryň dowamynda sebitde ýüze çykyp biläýjek islendik dawaly meseleleriň gepleşikler ýoly bilen öňüni almakda, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmakda, döwletleriň dostlukly gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryny giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini subut edip, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny has belende göterdi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda şol mahalky BMG-ä agza 185 döwlet tarapyndan biragyzdan ykrar edilip, resmi taýdan dünýäde birinji Bitaraplyk derejesi baradaky Kararnama mynasyp bolan döwletimiz, ikinji gezek 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şunuň özi hem dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynda-da, beýleki iri halkara guramalarydyr ähli ýurtlaryň arasynda-da Bitarap döwletimiziň abraýynyň diýseň uludygyny görkezýär.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Aksoltan Ataýewanyň «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 11-nji dekabryndaky sanynda çap edilen «Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!» atly makalasyna salgylanyp aýtsak, häzirki döwürde hemişelik Bitarap döwletimiz halkara guramalaryň 54-siniň agzasy bolup, dürli ugurlar boýunça halkara konwensiýalardyr şertnamalaryň 187-sine gatnaşýar. Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň 41-si, biziň ýurdumyzda hem daşary ýurtlaryň diplomatik we konsullyk edaralarynyň 41-si, şol sanda halkara guramalaryň 15-siniň wekilhanalary hereket edýär. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň geňeşleridir komissiýalarynyň 11-siniň saýlanan agzasy bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky, Ženewadaky we Wenadaky edaralarynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary-da hereket edýär. Bu maglumatlar biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdir halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, dünýä jemgyýetçiliginde durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürýändigini aýdyň delillendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşyndaky: «Häzirki wagtda Türkmenistan BMG bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýar. Şolaryň arasynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle hem şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi» diýen sözleri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygyna şaýatlyk edýär.
Bitarap Türkmenistanyň geçen döwürde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň hem-de esasy komitetleriniň we komissiýalarynyň wise-başlyklygyna, ýerine ýetiriji komitetleriniň düzümine, geňeş agzalygyna birnäçe sapar saýlanmagy, ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän maslahatlardyr forumlaryň aglabasynyň jemleýji namalarynyň BMG-niň resminamasy hökmünde kabul edilip, onuň resmi dillerine terjime edilmegi, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, şeýle-de ýörite wekilhanasynyň ýerleşdirilmegi, bu iri halkara guramasynyň birnäçe düzüminiň ýurdumyzda netijeli iş alyp barmagy hem Milletler Bileleşiginiň döwletimize bolan ýokary ynamyndan we ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlykdan anyk mysallardyr.
Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym, bilim we medeniýet baradaky guramasy ÝUNESKO bilenem netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şu döwre çenli ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikleriň üçüsi, ýagny «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy (1999), «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri (2005), Köne we Täze Nusaý galalary (2007) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä gymmatlyklarynyň sanawyndan öz ornuny tapdy.
Türkmenistanyň teklip etmegi hem-de goldamagy bilen şu mahala çenli Nowruz baýramy (2009), «Görogly» şadessany «Görogly» dessançylyk sungaty» (2015), «Küştdepdi» aýdym we tans dessury (2017), «Türkmen milli halyçylyk sungaty» (2019), «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» (2022), «Türkmen keşdeçilik sungaty» (2022), «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» (2023), «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», (2023), «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» (2023) ýaly jemi 9 hödürnamamyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda bolan mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Şeýle hem gadymy Änew medeniýetiniň Altyndepe we Ulugdepe ýaly ösen merkezlerini, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Dehistanyň arheologik ýadygärliklerini, Köýtendagyň dag ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna; Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň assosirlenen mekdepler toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmaly» diýen sözleri ýokarky sanawyň ýakyn geljekde has-da köpeljekdigini görkezýär.
Dünýä giňişliginde parahatçylygy we ynanyşmagy yzygiderli wagyz edýän döwletimiz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasyndan başga-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Ýuwaş umman we Aziýa sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklarymyzy pugtalandyrýar. Daşary ýurt döwletleridir halkara guramalary bilen barha giňelýän we mazmun taýdan baýlaşýan gatnaşyklarymyz hem hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň belentdigini güwälendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňe süren möhüm halkara başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etmegi, uly ynam bilen gadam goýan ýylymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bütin adamzadyň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin üstümizdäki ýylda uly işleriň amala aşyryljakdygyndan habar berýär. Goý, şeýle-de bolsun, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlaslary gowşup, Ýer ýüzüniň ähli ilaty birek-biregi bilen ynanyşyp, parahat hem bagtyýar durmuşda dost-dogan bolup ýaşasynlar!
Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
"Türkmen dünýäsi" gazeti, 08.01.2025