Bilim edaralarynda 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçiriler
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär, türkmen halkynda uly buýsanç döredýär. Ynha, ýüreklerde buýsanç döreden 2024-nji ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna uly zähmet üstünlikleri, beýik işler we asylly başlangyçlar bilen girdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen geçen ýyly hoşallyk, guwanç we buýsanç duýgulary bilen taryha ugratdyk. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli işler, iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler ajaýyp miwelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgat boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň, mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek bilim işgärleri üçin esasy wezipe bolup durýar. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde eziz ata Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur söýgini we wepalylygy terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Şol esasynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerinde, hünär-tehniki, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçiriler.
2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen at bilen geçirilýän ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek işine her bir bilim işgäri döredijilikli çemeleşmelidir. Ilkinji okuw sapagynda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary we sanly bilim serişdeleri, goşmaça maglumatlary we multimedia enjamlary öňünden taýýarlanyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyrylmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş eden eserleriniň sergisini guramak maksadalaýykdyr.
Ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunynyň nesil terbiýesindäki orny we ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edilmelidir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen uly üstünliklere beslenip geçen 2024-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokary göteren, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny, taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak, ylmy esasda çuňňur öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen geçirilen işlerde ýatdan çykmajak şatlykly wakalar köp boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilimli, ylymly, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Merdana halkymyzyň baý taryhyny we medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek üçin giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy we has kämil, ýokary netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ýaş nesliň kalbynda ata Watana, onuň şöhratly taryhyna, merdana we zähmetsöýer halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjy we söýgini kemala getirmek bellenilendir. Şonuň üçin hem ýaş nesillere milli ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjilik ýolumyz hakynda giňden düşündirilmelidir.
Ilkinji okuw sapagynda her bir mugallym okuwçylara, talyplara Türkmenistan ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýändigini wagyz etmelidir. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Bu aýdylanlara mysal hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini okuwçylaryň we talyplaryň dykgatyna ýetirmeli. Bu mysallar ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Şeýle aýdyň mysallaryň netijesinde okuwçylaryň we talyplaryň dünýägaraýşy ösdürilmelidir, olaryň watansöýüji ynsanlar bolup kemala gelmegi üpjün edilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň dowamynda bilim edaralarynda guralýan okuw sapaklary, medeni-köpçülik çäreleri arkaly ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjiligi, ýokary medeniýetliligi, sagdyn durmuş ýörelgelerini, zähmetsöýerligi terbiýelemek bilen bagly işler ýola goýulmalydyr. Çagalarda ata-enäni, ulyny sylamak, kiçini söýmek, maşgala agzalaryna, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak duýgularynyň esaslaryny kemala getirmek, olaryň akyl ýetirijiligini kämilleşdirmek, zehinlerini açmak we ösdürmek boýunça giň gerimli okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli alnyp barylmalydyr.
Geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerini mazmun we hil taýdan kämilleşdirmek, olaryň täsirliligini güýçlendirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaş nesliň ruhy-ahlak derejesini ösdürmek bilen bagly öwüt-nesihat işleri yzygiderli dowam etdirilmelidir.
Okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň innowasion usullaryny we sanly serişdeleri giňden ornaşdyrmak, nesil terbiýesinde psihologik-pedagogik taýdan çemeleşmegiň döwrebap ýollaryny işjeň ulanmak, pedagogik işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede has-da kämilleşdirilmelidir.
2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygy düşümli bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Eziz BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň
hünärini kämilleşdiriş bölüminiň uly ylmy işgäri.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 08.01.2025