Sözüň hikmeti
Sözüň gudraty barada juda köp ýazylýar. Sözüň hikmetiniň söze sygmaz derejede güýçlüdigini durmuşy mysallardan hem görseň bolýar. Tüýs ýürekden aýdylan sähelçejik hoş söz bütin günümize şuglasyny saçýar. Muny her kim bilýän bolsa gerek. Dana söz ussatlary: “Söz bar, kesdirer başy, söz bar, bal eýlär awuly aşy” diýip, bir setire ummasyz many-mazmun sygdyryp bilipdirler. Sözüň güýji gysga hem şirinliginde we mazmuna baý, dok maňyzlygynda bolsa gerek. Çünki, jaý ýerinde aýdylýan ganatly sözler uly bir üstünligiň sarsmaz sütüniniň düýbüni tutup bilýär. Sözümi halk arasynda meşhur bolan bir tymsal bilen dowam edeýin.
Gadym eýýamda bir kör adam şäheriň iň bir owadan, köp adamly, hemişe gatnawly köprüsiniň başynda oturar eken. Dyzynyň üstünde bolsa “Dogabitdi kör” diýen ýazgy bar eken. Ýöne adam näçe köp bolsa-da, bu batyl kişi hiç kimiň gözüne ilmeýärmiş.
Günleriň birinde şol köprüden dana kişiniň ýoly düşüpdir. Dananyň synçy nazary kör kişiniň öňündäki ýazga düşüpdir. Ol usullyk bilen onuň öňündäki ýazgyly tagtany alypdyr-da, oňa nämedir bir zatlar ýazyp, täzeden öňki ýerinde goýupdyr. Şol günden soň kör kişiniň töwereginde aýak sesleridir duýgudaşlyk sözleri has köp eşidilip başlapdyr. Kör kişi özüni ýigdelen ýaly duýupdyr. Her gün öýüne keýpiçag ýagdaýda dolanypdyr. Munuň ýeke-täk syry bolsa, ýerine düşürilip ýazylan şeýle jümleden başga zat däldi: “Nähili ajaýyp bir bahar güni, arman men bu gözellikleri görüp bilemok...”.
Hal-ahwalyňy aýan edeniňde-de, ýürek sözüňi zybana getireniňde-de, hatda garşyňdaka gaharyňy pürkeniňde-de juda ätiýaçly gürlemegiň peýdasy uly. Çünki, söz Ýaradanyň ynsana bagyş eden iň ajaýyp peşgeşidir. Sowgat berlen zada aýawly hem seresaply çemeleşmek bolsa kämillikden nyşandyr.
Geliň, birek-birege diňe gül ysly gülälek sözleri, nur kimin ýagty, güler ýüzi sowgat bereliň! Çünki, ile rowa gören ähli zadymyzyň — islendik duýgymyzyň, pikirimiziň, niýetimiziň, sözlerimiziň wagty gelende özümize gaýdyp gelýändigini hakydamyza hemişelik ýazalyň!
Bibihatyja POPYÝEWA.
Murgap etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 09.01.2025