04.01.2025 Gollanma79

Bütindünýä kerebiniň ewolýusiýasy


Bütindünýä internet torunyň ösüşi bu günki gün adamzat durmuşyny düýpgöter üýtgetdi. Internet tehnologiýasynyň çalt ösmegi, islendik wagt islendik maglumaty almak we bermek ukyby tutuş jemgyýete uly täsir edip, esasan hem, iş alyp barmagyň wajyp talaplarynyň birine öwrüldi.

Internetde her gün her bir adam we her bir işewür üçin ähli ugurlar boýunça täze mümkinçilikler peýda bolýar. Ýönekeýje mysala ýüzlensek, indi kino, teatr ýa-da konserte bilet satyn almak üçin nobata durmagyň zerurlygy ýok, hemmeler ony onlaýn satyn alyp bilýär. Onlaýn söwda bolsa hemmeler üçin diýen ýaly adaty bir zada öwrüldi.

Ykjam aragatnaşygyň, internetiň üsti bilen köp zady bir wagtda dolandyrmak mümkinçiligi döräni bäri döwrebap şäherlerde durmuş akymy has-da tizlendi. Akylly öýlerde ykjam telefonlara birikdirilen akylly enjamlary islendik ýerden işledip hem öçürip bolýar. Adamlaryň köpüsi wagtynyň köp bölegini internetde geçirýärler, sosial ulgamlarda habarlaşýarlar, web sahypalarynda poçta, wideo, surat, ýazgy görnüşli maglumatlary ýerleşdirýärler, paýlaşýarlar we yzarlaýarlar.

Häzirki ylym asyrynda elektron telekeçiligiň görnüşleri hem köpeldi. Olara onlaýn dükanlary, söwda platformalary ýa-da onlaýn auksionlary, elektron maýa goýum gaznalary, internet marketingi, maliýe hyzmatlary, mahabat işini, programma üpjünçiligini we önümçiligi sanly görnüşde ösdürmekligi mysal getirmek bolar.

Adamzat döräli bäri dünýä ýüzünde ençeme gezek ewolýusiýa bolup geçdi. Adam aňynyň ösmeginiň dowam edişi ýaly, ylmyň, tehnologiýanyň, internetiň ösmegi hem dowam edýär. Şoňa görä-de, ylmyň ösmegi bilen täze dörän tehnologiýalara we internetiň täze nesline «ewolýusiýanyň netijesi» diýsegem ýalňyşmarys. Robot tehnologiýalarydyr emeli aň bize şeýle diýmäge esas berýär.

Internetiň dörän gününden bäri adamlaryň durmuşy düýpgöter üýtgän hem bolsa, onuň yzygiderli ösüşi ynsan ýaşaýşynyň şertlerini, durmuş, iş ýagdaýyny üýtgetmegini dowam etdirýär. Internet tehnologiýalarynyň we hyzmatlarynyň sanardan köpdügine garamazdan, olaryň ählisi jemgyýetçilik durmuşy bilen berk baglanyşykda bolup, islendik kişä ýeňillik, ýönekeýlik we amatlylyk döredýär. Adamlar islän zadyny oturan ýerinden görýär, saýlaýar, sargyt edýär we satyn alýar, şeýle-de ýeňillik bilen döredýär, öndürýär we satýar.

Internet wagty tygşytlamagyň iň oňat usuly, ýöne onuň gapma-garşylykly tarapynyň bardygyny-da ýatdan çykarmaly däldiris.

Hojamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň
habarlar web-portal bölüminiň müdiri.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 03.01.2025

Tmpedagog