24.12.2024 Gollanma143

Ylym-bilim boýunça halkara maksatnamalar


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip belleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de bu resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şeýle möhüm resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Mälim bolşy ýaly, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlar okuwlaryny tamamlarlar.

Täze bilim Konsepsiýasynda PISA, TIMSS, PIRLS ýaly halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak, olaryň esasynda yzygiderli seljermeleri geçirmek babatynda anyk maksatlar we wezipeler kesgitlenendir. Bilimiň hilini, ýagny mekdep okuwçylarynyň okaýyş, matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan şu halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmakda bilim işgärlerine uly ornuň degişlidigini, olaryň bu möhüm ugurdaky hünär bilimlerini ýokarlandyrmaklarynyň zerurdygyny bellemek gerek.

Ýurdumyzyň bilim işgärlerine mekdep okuwçylarynyň okaýyş, matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan halkara bilim maksatnamalary (PISA, TIMSS, PIRLS maksatnamalary), olaryň maksatlary, görkezijileri we şol görkezijileri milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça alnyp barylmaly işler barada bilim işgärlerine zerur usuly maslahatlary bermegi maksat edindik.

Teksti okamagyň we oňa düşünmegiň hiliniň halkara barlagy maksatnamasy, PIRLS (Progress in International Reading Literacy Study)

Bu halkara bilim maksatnamasy okuw üstünliklerini bahalandyrmak boýunça Halkara bileleşigi (International Association for the Evaluation of Educational Achievement — IEA) tarapyndan geçirilýär. Bu barlagyň esasy maksady dünýäniň dürli ýurtlarynda orta mekdepleriň başlangyç synplarynda, has takygy, 4-nji synpynda okaýan çagalaryň teksti okamak we onuň many-mazmunyna düşünmek başarnyklarynyň derejesini hem-de hilini deňeşdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem ol ýurtlaryň milli bilim ulgamynda mekdep okuwçylarynyň okamak sowatlylygyny ösdürmegiň usulyýetindäki tapawutlary, aýratynlyklary ýüze çykarýar.

PIRLS halkara bilim maksatnamasynyň barlaglarynda «okamak sowatlylygy» diýen düşünjä şeýle kesgitleme berilýär: «okamak sowatlylygy — bu adamyň ýazmaça tekstlere düşünmek we olary peýdalanmak, olar barada pikirlenmek hem-de öz maksatlaryna ýetmek, bilimlerini we mümkinçiliklerini giňeltmek, jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak üçin okamak bilen meşgullanmak başarnygydyr».

PIRLS halkara bilim maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän barlaglarda mekdep okuwçylarynyň sapakda, synpdan we mekdepden daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde okamagyň häli-şindi ulanylýan aşakdaky iki görnüşi bahalandyrylýar:

okaýanlarda edebi tejribäni kemala getirmek we ösdürmek maksady bilen okamak;

maglumatlary (informasiýalary) özleşdirmek we olary peýdalanyp bilmek maksady bilen okamak.

Ýeri gelende bellesek, PIRLS halkara bilim maksatnamasy boýunça barlaglar her 5 ýyldan yzygiderli geçirilýär. Häzirki wagta çenli onuň jemi bäş tapgyry geçirildi. Bu halkara bilim maksatnamasyna gatnaşmaga isleg bildirýän ýurtlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyny bellemek gerek. Mysal üçin, PIRLS halkara bilim maksatnamasy boýunça 2001-nji ýylda geçirilen ilkinji barlaglara 35 sany, 2006-njy ýylda geçirilen ikinji barlaglara — 40 sany, 2011-nji ýylda geçirilen üçünji barlaglara — 49 sany, 2016-njy ýylda geçirilen dördünji barlaglara — 50 sany, 2021-nji ýylda geçirilen bäşinji barlaglara bolsa 57 sany dünýäniň döwletleri gatnaşdy.

«Dünýä döwletleriniň PIRLS halkara bilim maksatnamasy boýunça geçirilýän barlaglara gatnaşmaga şeýle gyzyklanma bildirýändikleriniň sebäbi nämede?», «Bu halkara bilim maksatnamasyna gatnaşyjy döwletler öz öňünde nähili maksatlary goýýarlar?» diýen ýaly sowallar köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Elbetde, bu sowallara bir söz bilen jogap bermek mümkin däl. Emma şeýle-de bolsa dünýäniň ençeme ýurtlarynyň PIRLS halkara bilim maksatnamasy boýunça geçirilýän barlaglara gatnaşmak bilen, öz öňünde aşakdaky ýaly birnäçe sowallara jogap tapýarlar:

▪Ýurduň orta mekdepleriniň başlangyç bilim derejesini (4-nji synpy) tamamlan okuwçylaryň beýleki ýurtlardaky deň-duşlary bilen deňeşdirilende okamak başarnyklarynyň derejesi we hili nähili?

4-nji synp okuwçylarynyň okamak sowatlylygynyň derejesi nähili?

Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesiniň 4-nji synpynda okaýan mekdep okuwçylary kitap okamagy gowy görýärlermi?

Mekdep okuwçylarynyň kitap okamaklaryna olaryň maşgalalary nähili ýardam berýärler?

Okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylara okamagy öwretmek ýurduň orta mekdeplerinde häzirki döwürde nähili guralan?

Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylara okamagy öwretmegiň aýratynlyklary barmy? Eger-de bar bolsa, onda şol aýratynlyklar nämelerden ybarat?

Ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylarda okamak başarnyklaryny terbiýelemegiň we ösdürmegiň usulyýeti dünýäniň beýleki ýurtlarynda ulanylýan usulyýetlerden tapawutlanýarmy?

PIRLS halkara bilim maksatnamasy boýunça şu wagta çenli geçirilen barlaglaryň netijeleriniň usulyýetçi alymlar, bilermenler, pedagoglar we psihologlar tarapyndan seljerilmegi mekdep okuwçylarynyň käbir kynçylyklara duş gelýändiklerini görkezdi. Mysal üçin, okuwçylara hödürlenýän tekstiň mazmuny boýunça käbir maglumatlary anyklamak üçin olarda tekste gaýta-gaýta ýüzlenmek, oňa seretmek endiginiň bolmazlygynyň aşakdaky ýaly üç sany kynçylygyň döremegine getirýändigi ýüze çykaryldy:

— okuwçylar özlerine hödürlenen tekstde beýan edilen hem-de öz şahsy durmuş tejribesiniň esasynda bilýän maglumatlaryny biri-birinden aýyl-saýyl edip bilmekde kynçylyk çekýärler;

— okuwçylar tekstde beýan edilen maglumatlary takmynan, doly okaman çäklenýärler;

— eger-de hödürlenýän sorag öz pikiriňi ýazmaça beýan etmek arkaly giňişleýin jogap bermegi talap edýän bolsa, onda okuwçylar kynçylyk çekýärler.

Halkara bilim maksatnamalary, şol sanda PIRLS maksatnamasy boýunça hem barlaglara gatnaşýan mekdep okuwçylaryna mugallymlar tarapyndan goldaw, maslahat berilmegini guramak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Mekdep okuwçylarynda barlag üçin hödürlenen okuw tekstlerini täzeden, başgaça düzmek, olaryň many-mazmunyny sözme-söz däl-de, umumy görnüşde gürrüň berip bilmek babatdaky zerur başarnyklary kemala getirmek we ösdürmek, bu ugurda olara tejribe toplamagy öwretmek möhüm hasaplanýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, barlag wagty okuwçylara hödürlenilýän ýumuşlaryň many-mazmunyna olaryň düşünmeklerini, okamak başarnyklaryny ösdürmegi, entek mälim bolmadyk maglumatlaryň arasyndan esasy düşünjeleri tapyp we olary tapawutlandyryp bilmek, netije çykarmak ýaly başarnygyny barlaglara taýýarlyk görülýän döwri kemala getirmäge hem-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen zerur usuly işlerden ybaratdyr. Şeýle mazmundaky usuly işleri umumybilim maksatnamalaryny amala aşyrýan ähli bilim edaralarynda döwrümiziň ýokary talaplaryna laýyk derejede guramagy we yzygiderli alyp barmagy pedagoglara maslahat berýäris.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň
hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.12.2024

Tmpedagog