BILIM IŞGÄRLERINIŇ ÝANWAR USULY-AMALY OKUWLARYNA HÖDÜRLENILÝÄN TEMALAR
I. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde umumybilim edaralaryň müdirleriniň wezipeleri.
2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde mekdep müdirleriniň işiniň esasy ugurlary we olaryň guralyşy.
3. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň wezipeleri.
4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligiň ýola goýluşy.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen tassyklan bilim ulgamyna degişli Konsepsiýalaryny we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde mekdep müdirleriniň öňünde durýan wezipeler.
6. Pedagogik işgärleriň okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýeti babatdaky tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagyň iş tejribesinden.
7. Umumybilim edaralarynda okuw meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň ýola goýluşy.
8. Umumybilim edaralarynda usuly işleriň ýola goýluşyna, okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, saýlama okuwlaryň guralyşyna hem-de geçirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.
9. Umumybilim edaralarynda hünär ugurly dersleri öwretmekde okatmagyň döwrebap usullarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylyşy.
10. Umumybilim edaralarynda buýruklar kitaplaryny ýöretmäge bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişiniň iş tejribesinden.
11. Umumybilim edaralarynyň okuw ýyly üçin ýyllyk iş meýilnamasynyň taýýarlanylyşy we ony ýerine ýetirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
12. Umumybilim edaralarynyň müdirleri tarapyndan bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekdäki iş tejribesinden.
II. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ OKUW IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döreden romanlarynyň, ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligiň ýola goýluşy.
4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunyny okuw-terbiýeçilik işlerinde netijeli peýdalanylyşyny guramak boýunça mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
5. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
6. Umumybilim edaralarynda usuly işleriň ýola goýluşyna, okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, saýlama okuwlaryň guralyşyna we geçirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.
7. Umumybilim berýän mekdepleriň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň işini kadalaşdyryjy resminamalar we olar bilen işlemegiň usullary (iş tejribesinden).
8. Umumybilim edaralarynda okuw işini kämilleşdirmekde sapaklaryň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň alnyp barlyşy.
9. Umumybilim berýän mekdepleriň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň mekdepde okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdaky orny we wezipeleri.
10. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň okuw maksatnamalaryny doly özleşdirişlerini barlamagyň we bahalandyrmagyň iş tejribesinden.
11. Mugallymlaryň okuwçylary dürli derejedäki zehin bäsleşiklerine taýýarlamagyny gazanmakda mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
12. Umumybilim edaralarynda saýlama okuwlarynyň we hünär taýýarlygy boýunça hünär ugurly dersleriň okadylyşyna gözegçiligiň amala aşyrylyşynyň we mugallymlara usuly kömegiň berlişiniň tejribesinden.
III. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ TERBIÝEÇILIK IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanylyşynyň usulyýetini kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
4. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döreden romanlaryny, ylmy-ensiklopedik kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
5. «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
6. Umumybilim berýän mekdeplerde işjeň psihologik ýagdaýy döretmekde, okuwçylaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň psihologik-pedagogik taýdan öňüni almakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
7. Umumybilim berýän mekdeplerde «Türkmenistanyň bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň Milli maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylmaly terbiýeçilik işlerini guramagyň öňdebaryjy tejribesinden.
8. Umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary tarapyndan terbiýeçilik işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalardaky talaplaryň ýerine ýetirilişi.
9. Okuwçylary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, kärhanalar, edaralar, jemgyýetçilik guramalary, döredijilik birleşikleri, kitaphanalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýluşy.
10. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda ýaş nesle ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy we sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
11. Synp sagatlarynyň, synpdan we mekdepden daşary guralýan çäreleriň öwrediji hem-de terbiýeleýji häsiýetli bolmagyny gazanmagyň ýollary.
12. Synp ýolbaşçylarynyň synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik çärelerini utgaşykly guramagyny gazanmakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
IV. MEKDEPDEN DAŞARY WE GOŞMAÇA BILIM EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY, USULÇYLARY WE GURNAK ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny gurnak işlerinde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
4. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-filosofik döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýaş nesle öwretmek boýunça mekdepden daşary çagalar edaralarynda alnyp barylmaly usuly işler.
5. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, çagalaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, akyl, ahlak we beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini kanagatlandyrmaga, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, saglygyny berkitmäge, şeýle hem boş wagtlaryny netijeli guramaga gönükdirilen işleri guramagyň iş tejribesinden.
7. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şahsyýeti sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň döredijilik ukyplaryny açmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň wezipeleri.
8. Mekdepden daşary çagalar edaralarynda has irki döwürden çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmegiň, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň, okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň iş tejribesinden.
9. Okuwçylaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, mekdepden daşary goşmaça bilim edaralarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň innowasion usullaryny peýdalanmagyň ýollary.
10. Mekdepden daşary çagalar edaralarynda gurnaklarda okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmekde, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmekde kommunikatiw, interaktiw, innowasion bilim tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň ýollary.
11. «Türkmenistanda mekdepden daşary bilimiň döwlet standartlaryny» okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriniň, mekdebiň, maşgalanyň we ylmy edaralaryň özara hyzmatdaşlygyny sazlaşykly guramagyň iş tejribesinden.
12. Mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalary esasynda çagalaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan dürli taraply gyzyklanmalaryny hem-de ukyplaryny ösdürmegiň, olarda medeni-estetiki garaýyşlary kemala getirmegiň, döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, tebigy, ylmy, tehniki bilimlerini, bedenterbiýä we sporta bolan höwesini artdyrmagyň iş tejribesinden.
V. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňünde durýan wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserlerini ýerlikli peýdalanmak arkaly mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär derejelerini hem-de körpelere berilýän terbiýäniň we bilimiň hilini ýokarlandyrmak.
4. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpelerini türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna laýyklykda terbiýelemekde halk döredijiliginiň orny.
5. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň döredijilik başarnyklaryny, ussatlygyny we syýasy sowatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, usuly sagatlaryň hem-de pedagogik geňeşleriň işiniň netijeliligini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak.
6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek maksady bilen, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek.
7. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek üçin innowasion usullary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň ýollary.
8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar bilen işlemegiň usulyýet aýratynlyklary.
9. Mekdebe çenli çagalar edaralaryna ýolbaşçylyk etmek işini dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda guramak.
10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, ony milli we dünýä iş tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek.
11. Körpeleri dogry iýmitlendirmek we arassaçylyk kadalaryny talabalaýyk berjaý etmek maksady bilen, içki gözegçiligiň guralyşy.
12. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda okuw-terbiýeçilik we saglygy dikeldiş işlerini öňdebaryjy milli we dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek.
VI. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇI-USULÇYLARY ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmekde terbiýeçi-usulçylaryň wezipeleri.
2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bilimli, ylymly, giň gözýetimli, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça gelip çykýan wezipeleriň mekdebe çenli çagalar edaralarynda durmuşa geçirilişiniň öňdebaryjy iş tejribesinden.
3. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserlerini okuw-terbiýeçilik işinde netijeli peýdalanmagyň usullary.
4. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw-terbiýeçilik işini dünýä tejribesine laýyklykda guramak.
5. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
6. Pedagogik işgärleriň döredijilik başarnyklaryny we ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, pedagogik geňeşiň, usuly sagatlaryň netijeliligini döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmak.
7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär derejelerini öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak arkaly ýokarlandyrmagyň ýollary.
8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny öňdebaryjy dünýä iş tejribesine laýyklykda guramak.
9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw sapaklarynyň okuw maksatnamalarynyň we döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda alnyp barlyşyna içki gözegçiligi kämilleşdirmegiň ýollary.
10. Çeper döredijiligi ösdüriji gurnaklaryň körpeleriň tebigy döredijilik zehinini ýüze çykarmakdaky orny we ähmiýeti.
11. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryny we wezipelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary.
12. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bezeg işleriniň hem-de resmi iş kagyzlarynyň ýöredilişiniň öňdebaryjy iş tejribesinden.
VII. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇILERI, MUGALLYMLARY WE ŞEPAGAT UÝALARY ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary.
2. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», Döwlet bilim standartyna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebaplaşdyrmak we çaganyň irki ösüşini, olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek.
3. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýaş nesle döwrebap terbiýe we bilim bermekde gymmatly hazynadyr.
4. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny ýokarlandyrmakda innowasion usullaryň ulanylyşynyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
5. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar bilen işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň usullary.
6. Ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine we milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde halk döredijiligini peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
7. Daşary ýurt dili mugallymlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda göreldeli sapaklaryň, sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti.
8. Ýaş nesliň zehinini, döredijilik ukybyny ýüze çykarmakda we sungata bolan höwesini ösdürmekde aýdym-saz sapaklarynyň orny.
9. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda pedagogik işgärleriň resmi iş kagyzlarynyň talabalaýyk ýöredilişiniň öňdebaryjy iş tejribesi.
11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleri talabalaýyk iýmitlendirmek we arassaçylyk kadalaryny dogry berjaý etmek babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi we olara içki gözegçiligiň ýola goýluşy.
12. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda gün tertibiniň berjaý edilişine içki gözegçiligiň ýola goýluşy.
VIII. BAŞLANGYÇ SYNPLARYŇ MUGALLYMLARY ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler.
2. Başlangyç synp okuwçylarynyň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, okuw-terbiýeçilik işinde çagalaryň başarjaňlyk ukyplaryny ösdürmegiň usullary.
3. Başlangyç synplarda türkmen dili sapaklarynda okuwçy bilen mugallymyň işjeň hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda öňdebaryjy milli we dünýä tejribesinden peýdalanmagyň ýollary.
4. Başlangyç synplarda okuwçylaryň bilim derejelerini barlamak we berkitmek maksady bilen, didaktiki ýumuşlary hem-de barlagnamalary (testleri) taýýarlamagyň we olary okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň usullary.
5. Mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny ýola goýmagyň usullary.
6. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunyny başlangyç synp okuwçylaryna öwretmekde sanly bilim tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň ýollary.
7. Başlangyç synp okuwçylarynyň arassa we dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary.
8. Hormatly Prezidentimiziň çagalara sowgat beren şahsy kompýuterlerini sapaklarda netijeli peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
9. Başlangyç synp okuwçylaryny okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň milli we dünýä tejribeleri, olary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň ýollary.
10. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça başlangyç synp mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
11. Tebigaty öwreniş dersinde başlangyç synp okuwçylaryna daşky gurşawy synlamagy, pikir ýöretmegi, seljermegi, öz şahsy pikirini erkin beýan etmegi öwretmegiň netijeli usullary.
12. Başlangyç synplarda daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini özbaşdak üznüksiz ýokarlandyrmagynyň we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmeginiň usullary.
IX. TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝAT DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda türkmen dili we edebiýat derslerini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýatynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň we milli gymmatlyklarymyzyň beýany.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmunynyň esasynda okuwçylarda watansöýüjiligi terbiýelemegiň usullary.
4. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi mynasybetli edebi çäreleri geçirmegiň iş tejribesinden.
5. Edebiýat dersi boýunça okuwçylaryň döredijilik işini guramagyň we geçirmegiň ýollary.
6. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça okuwçylaryň taslama işini guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.
7. Umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan synplarynda türkmen dili, türkmen edebiýaty sapaklarynyň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmagyň ýollary.
8. Türkmen dilini (türkmen edebiýatyny) sanly bilim serişdeleriniň kömegi bilen okatmaga innowasion çemeleşmeler.
9. Türkmen dili dersi boýunça okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
10. Türkmen dili we edebiýat derslerini okadýan mugallymlaryň mugallymlarynyň hünärini özbaşdak ýokarlandyrmagynyň we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmeginiň usullary.
11. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kemala getirmegiň iş tejribesinden.
12. Türkmen dili we edebiýat derslerinde ýazuw işlerini bahalandyrmagyň usullary.
X. ДЛЯ УЧИТЕЛЕЙ РУССКОГО ЯЗЫКА:
1. «Концепция совершенствования методики обучения по общеобразовательным программам в Туркменистане до 2028 года» — важный шаг на пути модернизации системы образования.
2. Аудирование — важный этап формирования и развития коммуникативных навыков при обучении русскому языку.
3. Организация и проведение проектных работ по русскому языку и литературе (из опыта работы).
4. Виртуальные экскурсии как средство развития речевой деятельности на уроках русского языка.
5. Организация и проведение творческих работ по русскому языку и литературе (из опыта работы).
6. «Махтумкули Фраги в нашей жизни» — из опыта проведения юбилейных школьных мероприятий по приобщению учащихся к высокой поэзии.
7. Методика учебной работы с художественным текстом на уроках русского языка и литературы (из опыта работы).
8. Использование книг Героя Аркадага Гурбангулы Бердымухамедова на уроках русского языка.
9. Воспитание любви к Родине, Президенту на уроках русского языка.
10. Роль современных технологий в обучении русскому языку.
11. Использование творчества русских писателей о Туркмении в целях интернационального воспитания школьников.
12. Нравственно-патриотическое воспитание учащихся на уроках русского языка.
XI. DAŞARY ÝURT DILLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragy daşary ýurt dilleri sapaklarynda (iş tejribesinden).
3. Daşary ýurt dillerini okatmakda sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň iş tejribesinden.
4. Daşary ýurt dilleri boýunça taslama işi okuwlaryny guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.
5. Daşary ýurt dilleri sapaklarynyň üsti bilen okuwçylary hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň ýollary.
6. Daşary ýurt dilleri boýunça döredijilik işi okuwlaryny guramagyň we geçirmegiň ýollary.
7. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň ýollary.
8. Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdeplerde dil sapaklaryny okatmagyň aýratynlyklary (iş tejribesinden).
9. Daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary we olary okuw işinde netijeli ulanmagyň ýollary.
10. Okuwçylary daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň iş tejribesinden.
11. Daşary ýurt dillerini okatmagy halkara bilim meýilnamalary bilen utgaşdyrmagyň usullary.
12. Daşary ýurt dili sapaklarynda okuwçylaryň diňleme endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmegiň we ösdürmegiň ýollary.
XII. MATEMATIKA dersini okadýan MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň okuw-terbiýeçilik işlerinde täze tehnologiýalary we okatmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmak baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde matematika dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça matematika dersini okadýan mugallymlaryň iş meýilnamalarynyň düzülişi we olaryň ýerine ýetirilişi.
3. Okuwçylaryň bilimleriniň, başarnyklarynyň we endikleriniň barlanylyşyny hem-de bahalandyrylyşyny kämilleşdirmegiň ýollary.
4. Okuwçylary matematikadan ders bäsleşiklerine taýýarlamagyň kämilleşdirilişi.
5. Ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde döredijilikli işleýän öňdebaryjy matematika dersini okadýan mugallymlaryň iş tejribeleriniň öwrenilişi we ulanylyşy.
6. Sapagyň görnüşleri boýunça matematikadan sapak ýazgylarynyň taýýarlanylyşy.
7. Halypa-şägirtlik gatnaşyklary arkaly ýaş mugallymlara usuly kömegiň berlişi.
8. Matematika dersini okadýan mugallymlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýollary.
9. Matematikadan täze çap edilen okuw kitaplarynyň usuly aýratynlyklary.
10. Matematikadan saýlama okuwlaryň okuw maksatnamalaryny taýýarlamagyň we olar boýunça sapaklary geçirmegiň iş tejribesi.
11. Matematika sapaklarynda okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň ýollary.
12. Matematika sapaklaryny okatmakda didaktiki oýun tehnologiýalarynyň ulanylyşy.
XIII. FIZIKA WE ASTRONOMIÝA DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň okuwçylara döwrebap bilim-terbiýe bermekdäki hem-de olarda fizika we astronomiýa derslerine höwes döretmekdäki ähmiýeti.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde fizika hem-de astronomiýa derslerini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Astronomiýa dersinde «Arkadag ýyldyzy» we «Türkmenistan» asteroidi baradaky berilýän maglumatlaryň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny peýdalanmagyň ýollary.
5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» bilim ulgamyndaky ähmiýeti.
6. Fizika we astronomiýa derslerinde şekilli ýumuşlaryň peýdalanylyşy.
7. TürkmenÄlem 520E emeli hemrasynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki ähmiýetini fizika we astronomiýa sapaklarynda öwretmegiň usullary.
8. Fizika we astronomiýa dersleri boýunça usuly birleşmäniň işiniň meýilleşdirilişiniň iş tejribesinden.
9. Fizika dersi boýunça okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamakda innowasion tehnologiýalary we internet maglumatlaryny peýdalanmagyň ýollary.
10. Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we peýdalanylyşynyň ýurdumyzy ösdürmekdäki we dost-doganlygy berkitmekdäki ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usulyýet tärleri.
11. Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okuwçylara astronomiýa dersini öwretmekde peýdalanmagyň usullary.
12. Fizika we astronomiýa derslerinde dersara baglanyşygynyň guralyşy.
XIV. INFORMATIKA, MODELIRLEME WE GRAFIKA, INFORMASIÝA-KOMMUNIKASIÝA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Bilimi sanlylaşdyrmagyň maglumat üpjünçiligi.
2. Sapagyň netijeliligini üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri.
3. Okuwçylary ders bäsleşiklerine taýýarlamakda sanly ulgamlaryň ähmiýeti.
4. Bilimiň hilini bahalandyrmagyň çemeleşmeleri.
5. Bilim edaralaryny sanlylaşdyrmagyň häzirki zaman modelleri.
6. Programmirleme dilleriniň mümkinçiliklerini bahalandyrmagyň usullary.
7. Meseleler çözülende maglumat üpjünçiliginiň orny.
8. Sanly bilimiň model üpjünçiliginiň şertleri.
9. Okatmagyň hilini üpjün etmekde sanly ulgamyň ähmiýeti.
10. Sanly didaktikanyň häsiýetnamalarynyň bahalandyrmasy.
11. Bilim bermegi guramagyň häzirki zaman çemeleşmeleri.
12. Sanly didaktikanyň häzirki zaman görkezijileriniň aýratynlyklary.
XV. BIOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmekde biologiýa dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, biologiýa sapaklaryny Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň usullary.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak syýasatynyň durmuşa geçirilişini, ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri okuwçylara biologiýa sapaklarynda öwretmegiň usulyýet tärleri.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
5. Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasaty we onuň durmuşa geçirilişi baradaky bilimleriň okuwçylara biologiýa sapaklarynda öwredilişi.
6. Mekdep okuwçylaryna biologiýadan bilimleri medeni we ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyryp öwretmegiň usullary (iş tejribesinden).
7. Biologiýa dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasynda okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, başarjaňlygyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň ugurlary.
8. Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biologiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek (iş tejribesinden).
9. Biologiýa sapaklarynda «DNK-nyň gurluşy, ölçegi. DNK-ny öwrenmegiň fiziki we himiki usullary (spektroskopiýa we rentgen gurluşly seljerme)» diýen temanyň öwredilişi (iş tejribesinden).
10. Biologiýa sapaklarynda okuwçylarda ylmy döredijilige bolan höwesi ösdürmegiň usullary.
11. Biologiýa okuw dersi okadylanda okuwçylarda XXI asyryň başarnyklaryny kemala getirmegiň we ösdürmegiň ýollary.
12. Biologiýa okuw dersi boýunça okuwçylaryň bilimlerine we başarnyklaryna baha bermegiň döwrebap usullary.
XVI. ÝAŞAÝYŞ-DURMUŞ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmekde ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklaryny Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda saglyk syýasatyny durmuşa geçirmek babatda alyp barýan işlerini ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda okuwçylara öwretmegiň usullary.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlaryň ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda öwredilişi.
6. Häzirki zaman usullaryndan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça sapaklaryň okadylyşyny kämilleşdirmegiň ýollary.
7. Türkmenistanyň Prezidentiniň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky bilimleriň okuwçylara öwredilişi.
8. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde «Çendenaşa doýmak we açlyk. Bedeniň agramynyň kadadan az bolmagy. Semizlik. Az hereketliligiň zyýany» diýen temanyň öwredilişi (iş tejribesinden).
9. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden sapaklary döwrebap geçirmekde innowasion pedagogik tehnologiýalaryň ulanylyşy.
10. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde «Medeni maksatly jemgyýetçilik ýerlerinde (seýilgählerde, muzeýlerde, teatrlarda) özüňi alyp barmagyň edep kadalary» diýen temanyň öwredilişi (iş tejribesinden).
11. Ýaşlara döwrebap bilim bermegi üpjün etmekde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky düşünjeleri ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde öwretmegiň döwrebap usullary.
12. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça sapaklarda didaktiki oýunlaryň, audio, wideo materiallaryň ulanylyşy.
XVII. HIMIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmekde himiýa dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler hem-de olary amal etmegiň ýollary.
2. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa mugallymlarynyň döredijilik başarnyklaryny hem-de hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň ýollary.
3. Himiýa sapaklarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň we alyp barmagyň usulyýeti.
4. Sanly we innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, himiýa sapaklarynyň okadylyşynyň usulyýetini kämilleşdirmek (iş tejribesinden).
5. Himiýa sapaklarynda okuwçylary özbaşdak işlemäge höweslendirmekde, okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň tutýan orny.
6. Himiýa sapaklary üçin elektron-okuw gollanmalaryny taýýarlamagyň usullary.
7. Himiýa dersi boýunça maglumat gorlaryny döretmegiň we olary okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmak (iş tejribesinden).
8. Himiýa dersi boýunça saýlama okuwlar we olaryň guralyşy (iş tejribesinden).
9. Himiýa dersinden tejribe we amaly işleri geçirmek üçin audio, wideo materiallary taýýarlamagyň hem-de okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň usullary.
10. Himiýany okatmagyň döwrebap usullary we olary yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.
11. Himiýa dersinden zehinli okuwçylary döwlet we halkara bäsleşiklerine taýýarlamagyň usulyýet tärleri.
12. Himiýa dersini okadýan mugallymlaryň usuly birleşmesiniň işiniň döwrebap guralyşy (iş tejribesinden).
XVIII. EKOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde, Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ekologiýa dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ekologiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary.
3. Ekologiýa sapaklarynda döwrebap didaktiki okuw serişdelerini ulanmagyň usullary.
4. Innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly ekologiýa sapaklaryny täsirli guramagyň usullary (iş tejribesinden).
5. Ekologiýa sapaklarynda okuwçylarda ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmegiň tärleri.
6. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we döwlet ekologiýa syýasaty baradaky bilimleri ekologiýa sapaklarynda öwretmegiň iş tejribesinden.
7. «Klimat gutusynyň» ýaş nesliň ekologik medeniýetini ösdürmekdäki ähmiýeti.
8. Ekologiýa sapagynda dersara baglanyşygy guramagyň usulyýet tärleri.
9. Ekologiýa sapagynda okuwçylarda ylma bolan höwesi ösdürmegiň ýollary.
10. Ekologiýa dersi boýunça sapaklaryň gaýtalamak we berkitmek döwründe ulanylýan döwrebap tehnologiýalar.
11. Ekologiýa sapaklarynda daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlaryň öwredilişi.
12. Ekologiýa sapaklarynda «Biodürlülik we ony gorap saklamagyň zerurlygy» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
XIX. GEOGRAFIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda, Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde geografiýa dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda geografiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny geografiýa sapagynda peýdalanmagyň usullary.
4. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde geografiýanyň orny we ähmiýeti.
5. Geografiýa dersinden okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.
6. Geografiýa sapaklarynda kartadan peýdalanmagyň usullary.
7. Geografiýa dersinden saýlama okuwlaryň guralyşy we geçirilişi.
8. Geografiýa sapaklarynda «Ýeriň plany boýunça ugurlaryň kesgitlenilişi» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Geografiýa sapaklarynda tebigata söýgini terbiýelemegiň iş tejribesinden.
10. Geografiýa sapaklarynda okuwçylaryň tankydy pikirlenmek ukybyny ösdürmegiň usulyýet tärleri.
11. Geografiýa sapaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy.
12. Geografiýa dersini okadýan mugallymlaryň hünärini özbaşdak üznüksiz kämilleşdirmeginiň ýollary.
XX. YKDYSADYÝETIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetiň ösüşi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuwçylara döwrebap bilimleriň öwredilişi.
4. Ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň hünär başarnyklaryny we endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.
5. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny ykdysadyýetiň esaslary sapagynda peýdalanmagyň usullary.
6. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan degişli Gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda, ykdysadyýetiň esaslary dersinden we degişlilikde saýlama okuwlardan sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň taýýarlanylyşy.
7. Ykdysadyýetiň esaslary dersi boýunça okuw-usulyýet toplumlaryny taýýarlamagyň hem-de dersara baglanyşygy guramagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
8. Ykdysadyýetiň esaslary dersini okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmegiň, onuň döwrüň talaplaryna laýyklygyny üpjün etmegiň ýollary.
9. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary (watançylyk terbiýesi, döredijilik we zehin terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, kär-hünär terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysady terbiýe, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi) boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.
10. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde okuwçylaryň ylmy-gözleg başarnyklaryny kemala getirmek üçin maglumat çeşmeleri (okuw kitaby) bilen özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň hem-de okuwçylarda şahsy pikirlenmegi ösdürmekde okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmagyň usullary.
11. Ykdysadyýetiň esaslary dersinden öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmegiň, ýaýratmagyň we umumylaşdyrmagyň netijeli usullary.
12. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde okuwçylaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek bilen, olarda medeni-estetiki garaýyşlary kemala getirmäge, döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, jemgyýetçilik bilimlerine höwesini artdyrmaga ýardam berýän mekdepden daşary we goşmaça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy hem-de geçirilişi.
XXI. TARYH, JEMGYÝETI ÖWRENIŞ, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE HUKUK ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynyň many-mazmunyny okuwçylara öwretmekde ynsanperwer-durmuş bilimleri ugurly dersleri okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler we olaryň amala aşyrylyşy.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmegiň amala aşyrylyşy.
3. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary.
4. 2025-nji ýylda şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilip geçilmeginiň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegindäki ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary.
5. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alnyp barylýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýändigini ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli derslerde okuwçylara öwretmegiň usullary.
6. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem-de öňde goýlan wezipeler baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden.
7. Ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy öwretmegiň iş tejribesinden.
8. Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary dersinde okuwçylara Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň (rejelenen görnüşi) mazmunyny öwretmegiň iş tejribesinden.
9. «E — mekdep» elektron mekdep dolandyryş ulgamyny ýurdumyzyň orta mekdeplerine ornaşdyrmagyň wezipeleri (iş tejribesinden).
10. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli derslerde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden we innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
11. Ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli derslerde okuw kitaplary bilen işlemegiň iş tejribesinden.
12. Ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde ynsanperwer-durmuş bilimleri ugruna degişli dersleri okatmagyň iş tejribesinden.
XXII. TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň Magtymguly Pyragynyň mirasyny öwrenmekde hem-de türkmenleriň milli häsiýetini kemala getirmekde ähmiýetiniň uludygyny okuwçylara düşündirmegiň usullary.
2. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň usulyýet tärleri.
3. Ýurdumyzda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly baradaky maglumatlary Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde «Türkmen teatr sungaty» atly temada peýdalanmagyň döwrebap usullary.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okatmagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanmagyň iş tejribesinden.
5. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisiniň maglumatlaryny Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde peýdalanmagyň we türkmen alabaýynyň dünýäniň iň gadymy itleriniň biridigini, merdana halkymyzyň göz-guwanjydygyny, genji-hazynasydygyny hem-de milli mirasydygyny okuwçylara öwretmegiň ýollary.
6. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň usullary.
7. Türkmenistanyň milli hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde okuwçylara düşündirmegiň usullary.
8. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde okuwçylarda halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjy, söýgini kemala getirmegiň iş tejribesinden.
9. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okadýan mugallymlar bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we talabalaýyk guramagyň usullary.
10. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden sanly tanyşdyrylyşlary, okuw-görkezme esbaplaryny, didaktiki ýumuşlary taýýarlamagyň we olary peýdalanmagyň iş tejribesinden.
11. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden saýlama okuwlary guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.
12. Öz hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de usuly taýýarlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň iş tejribesinden.
XXIII. DÜNÝÄ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini öwrenmekdäki we dünýä ýaýmakdaky ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary.
2. Ýurdumyzda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny dünýäde giňden wagyz etmekdäki ornuny we ähmiýetini okuwçylara öwretmegiň tärleri.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen baý miraslarymyz barada beýan eden maglumatlaryny okuwçylara öwretmegiň usullary.
4. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri döredýändigini okuwçylara düşündirmegiň usullary.
5. Okuwçylaryň amaly başarnyklarynyň we endikleriniň ösdürilmegine, häzirki zaman nazary hem-de amaly bilimleriniň, ylmy garaýyşlarynyň kemala getirilmegine, ýaş nesliň milli we halkara derejelerinde geçirilýän çärelerde üstünlikli çykyş etmeklerine ýardam edýän usullary ulanmagyň ýollary.
6. Pedagogik tehnologiýalary, okuwçylaryň ýaş we kemala gelen şahsy aýratynlyklaryny, saglygyny, ukyp-başarnyklaryny, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna bolan garaýyşlaryny, isleg-arzuwlaryny, durmuş ýörelgelerini, geljekki hünärine bolan garaýşyny nazara almak esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň usullary.
7. Dünýä medeniýeti dersini döwrebap okatmakda öňdebaryjy milli we dünýä tejribesini peýdalanmagyň iş tejribesinden.
8. Okuwçylaryň gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak, başarnyklaryny çuňlaşdyrmak we giňeltmek maksady bilen, saýlama okuwlary geçirmegiň iş tejribesinden.
9. Dünýä medeniýeti dersinde internet maglumatlaryndan, ylmy-meşhur edebiýatlardan, çeper eserlerden, metbugat, wideo, audio maglumatlaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
10. Dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmegiň we ýaýratmagyň netijeli usullary.
11. Dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlar bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we onuň işini talabalaýyk guramagyň usullary.
12. Dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň we pedagogik ussatlygyny barha ösdürmegiň, ýaş nesle ýokary hilli bilim-terbiýe bermegiň täzeçe usullaryny iş tejribesine giňişleýin ornaşdyrmagyň, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmek başarnyklaryny üznüksiz kämilleşdirmegiň usullary.
XXIV. ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny sapakda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
4. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň alyp barmaly usuly işleri.
5. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-filosofik döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýaş nesle öwretmekde alnyp barylmaly usuly işler.
6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynda bellenilen wezipelere laýyklykda, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň, bilim işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmagyň usullary.
7. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň döwrebap usullary.
8. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini okuwçylara öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
9. Ýaşlarda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmagy terbiýelemekde mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
10. Okatmagyň işjeň usullaryndan peýdalanyp, okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmekde, döredijilik-taslama we ders bäsleşiklerine taýýarlamakda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
11. Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň esasynda okuwçylara döwletimiziň kada-kanunlaryna hormat goýmagyň we olary berjaý etmegiň medeniýetini öwretmekde dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usullary.
12. Türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna esaslanyp, ýaşlarda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy we sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermegiň iş tejribesinden.
XXV. AÝDYM-SAZ DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde aýdym-saz dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde aýdym-saz dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndaky aýdym-saza degişli gymmatly maglumatlary sapakda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
4. Okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny ýüze çykarmakda hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekde aýdym-saz mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalaryny öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
7. Aýdym-saz dersi boýunça sapakda we sapakdan daşary işlerde okuwçylara ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungatyny, «Küştdepdi» aýdym we tans dessuryny, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny okuwçylara öwretmegiň usulyýet tärleri.
8. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, aýdym-saz sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
9. Milli Liderimiziň «Ile döwlet geler bolsa... », «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly kitaplaryny okuwçylary terbiýelemekde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
10. Aýdym-saz dersi sapagynda okuwçylara raýat-watançylyk, ruhy-ahlak, durmuş, medeni-taryhy terbiýesini bermegiň, ruhubelent, maksada okgunly şahsyýetleri kemala getirmegiň iş tejribesinden.
11. Okuwçylar bilen terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guramagyň we geçirmegiň, olary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
12. Aýdym-saz sapagynda ýaşlary baýramçylyk çärelerinde we dabaralarda çykyş etmäge taýýarlamak arkaly okuwçylaryň bilesigelijilik we döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary (iş tejribesinden).
XXVI. ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndaky şekillendiriş sungatyna degişli gymmatly maglumatlardan sapakda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
4. Okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny ýüze çykarmakda hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli şekillendiriş sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalaryny öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
6. Şekillendiriş sungaty: surat dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde özara işjeňlik usullaryndan peýdalanylyşy we dersara baglanyşygyň ýola goýluşy.
7. Türkmen halkynyň baý taryhyny we milli medeni mirasyny okuwçylara öwretmekde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden.
8. Mekdep okuwçylarynda sungata söýgi döretmek işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň ýollary.
9. Sungat ugurly derslerde sanly serişdeleri peýdalanmagyň usullary.
10. Şekillendiriş sungaty: surat dersi boýunça sapaklary netijeli guramakda sanly tehnologiýalardan we internet maglumatlaryndan peýdalanmagyň ýollary.
11. Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilen sapaklary we synpdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerini guramak arkaly okuwçylaryň döredijilik, çeperçilik ukyplaryny ösdürmegiň, zehinlerini ýüze çykarmagyň, dürli derejelerdäki bäsleşiklere taýýarlamagyň we hünärlere ugrukdyrmagyň usullary.
12. Şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.
XXVII. DURMUŞ ZÄHMETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuş zähmeti okuw dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunyny durmuş zähmeti sapaklarynda peýdalanmagyň usullary.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda we beýleki eserlerinde halyçylyk sungaty boýunça beýan edilýän ylmy-filosofik pikirleriň many-mazmunyny öwretmegiň ýollary.
4. Zähmet gurnaklarynda okuwçylara haly gölleri we olaryň atlarynyň döreýşini, şeýle hem tebigat bilen baglanyşygyny öwretmegiň usullary.
5. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuwçylara milli tagamlary taýýarlamagyň usullaryny öwretmegiň ýollary.
6. Durmuş zähmeti sapaklarynda kese we dik kesýän byçgylaryň tapawutlaryny öwretmegiň usullary.
7. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuwçylara azyk önümlerini saklamagyň düzgünini öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
8. Durmuş zähmeti sapaklarynda durmuşda ulanylýan metallaryň şertli belgilerini öwretmegiň ýollary.
9. Durmuş zähmeti sapaklarynda tikin maşynynda gabat gelýän näsazlyklary düzetmegi öwretmegiň usullary.
10. Durmuş zähmeti sapaklarynda agaç ýelimleriniň görnüşlerini we olaryň ulanylyşyny öwretmegiň usullary.
11. Durmuş zähmeti sapaklarynda gök ekinlerini güýzüne ekmegiň ähmiýeti we usullary.
12. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
XXVIII. PROÝEKTIRLEMEGIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda proýektirlemegiň esaslary okuw dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynda beýan edilýän binagärlik-gurluşyk işlerine degişli gymmatly maglumatlary öwretmegiň usullary.
3. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde proýektirlemegiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
4. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda «Kompas-3D» ulgamynda işlemek ukyplaryny ýüze çykarmagyň we ösdürmegiň iş tejribesinden.
5. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda gönüburçly proýeksiýalar ulgamynda şekillendirilen jisimleriň tehniki suratlaryny çekmegiň usullary.
6. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda geometrik jisimiň ýazgysyny gurmak we onuň nusgasyny (modelini) ýerine ýetirmegiň usullary.
7. Okuwçylara çatyrymlar barada umumy maglumatlary öwretmegiň usullary.
8. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda ýaryk bilen kesigiň meňzeşligini we aýratynlygyny öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda sökülmeýän birikdirmeler barada umumy düşünjeleri öwretmegiň ýollary.
10. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda aksonometrik proýeksiýalarda ýaryklaryň ulanylyşyny öwretmegiň usullary.
11. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda gurluşyk çyzgylarynyň ölçegleri (masştablary) öwretmegiň iş tejribesinden.
12. Proýektirlemegiň esaslary dersiniň üsti bilen okuwçylarda «Çyzgyçy» hünäre bolan höwesi kemala getirmegiň usullary.
XXIX. DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALARYŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanyp, mekdep okuwçylaryna ýokary hilli bilim we terbiýe bermegiň ýollary.
3. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde tehnologiýalaryň ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösüşine täsir edişini öwretmegiň usullary.
4. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde zähmet medeniýetiniň adam üçin ähmiýetini öwretmegiň usullary.
5. Elektroenergetikada häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylyşyny öwretmegiň iş tejribesinden.
6. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi okadylanda, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmagyň, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň usullary.
7. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde gurluşyk senagatynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny öwretmegiň usullary.
8. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde «akylly» enjamlary we «akylly» tehnologiýalary öwretmegiň usullary.
9. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde nanomateriallar we olary öndürmegiň tehnologiýasyny öwretmegiň usullary.
10. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini özbaşdak, yzygiderli ýokarlandyrmagynyň we mugallymçylyk ussatlyklaryny kämilleşdirmeginiň netijeli usullary.
11. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okatmagyň öňdebaryjy iş tejribelerinden.
12. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ösdürilişini we ornaşdyrylyşyny öwretmegiň usullary.
XXX. HÜNÄR UGURLY OKUWLAR BOÝUNÇA HÜNÄR ÖWREDIJI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagy, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmegiň usullaryny öwretmegiň ýollary.
2. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunyny hünär ugurly okuwlar boýunça hünär öwrediji sapaklarda peýdalanmagyň usullary.
3. «Dizaýner-gülçi» hünärini öwrediji okuw dersinde «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» kesgitlenilen maksatlara we wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda bezeg bagçylygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm wezipeleri.
4. «Sanly bilimiň esaslary» hünärini öwrediji okuw dersinde elektron tablisany döretmegi we redaktirlemegi öwretmegiň usullary.
5. «Halyçy» hünärini öwrediji okuw dersinde haly gölleri we olaryň halyda tutýan ornuny öwretmegiň iş tejribesinden.
6. «Gid terjimeçi» hünärini öwrediji okuw dersinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň üsti bilen watançylyk, ruhy-ahlak we milli terbiýäni bermegiň ýollary.
7. «El örüm işleri» hünärini öwrediji okuw dersinde ilgençekli çişde örülýän önümleri öwretmegiň iş tejribesinden.
8. «Maldar» hünärini öwrediji okuw dersinde gara mallaryň et önümliligi we oňa täsir edýän şertleri öwretmegiň usullary.
9. «Ekerançy» hünärini öwrediji okuw derslerinde ekin dolanyşygynyň zerurlygynyň ylmy esaslaryny öwretmegiň iş tejribesinden.
10. «Agaç ussasy» hünärini öwrediji okuw dersinde aýlaw üstli önümleri ýasamagy öwretmegiň usullary.
11. «Çyzgyçy» hünärini öwrediji okuw dersi öwredilende, köpgranlyklaryň tekizlik bilen kesişmegini öwretmegiň ýollary.
12. Hünär öwrediji okuw dersini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini özbaşdak, yzygiderli ýokarlandyrmagynyň we mugallymçylyk ussatlyklaryny kämilleşdirmeginiň netijeli usullary.
XXXI. BEDENTERBIÝE DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde bedenterbiýe dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. Çagalaryň akyl, ahlak we beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini kanagatlandyrmakda, olaryň sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, saglygyny berkitmekde hem-de boş wagtlaryny netijeli guramaklaryny gazanmakda bedenterbiýe dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany» durmuşa geçirmegiň çäginde mekdep okuwçylarynyň we ýetginjekleriň arasynda spartakiadalary, kroslary, marafonlary we pyýada syýahat ýörişlerini guramagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
4. Okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermekde bedenterbiýe dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
5. Ýaş nesliň akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmegiň, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegini we ösmegini gazanmagyň iş tejribesinden.
6. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bedenterbiýe dersini okadýan mugallymlaryň işlerini ýola goýmagyň iş tejribesinden.
7. Bedenterbiýe okuw dersi boýunça hereket edýän usuly birleşmeleriň işini täzeçe guramagyň iş tejribesinden.
8. Bedenterbiýe dersi boýunça sapakdan daşary çäreleri guramagyň we geçirmegiň hem-de okuwçylary dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary.
9. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaplarynyň many-mazmuny esasynda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrylyşy.
10. Bedenterbiýe sapagynda okuwçylara şahsy gigiýenany, howpsuzlyk düzgünlerini öwretmegiň we olaryň bedenini berkitmegiň hem-de okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
11. Bedenterbiýe sapagynda we sport ýaryşlary geçirilende, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny hem-de ýerli howa ýagdaýlaryny hasaba almagyň düzgünleri.
12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.
XXXII. SYNP ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylarynyň amala aşyrmaly işleri.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndaky şekillendiriş sungatyna degişli gymmatly maglumatlardan sapaklarda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň ýollary.
4. Okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
5. Synp sagatlarynda, okuw-terbiýeçilik işlerinde Gahryman
Arkadagymyzyň ylmy-filosofik döredijiligini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny döredijilikli peýdalanmagyň usullary.
6. Synp ýolbaşçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmegiň ýollary.
7. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny we ähmiýetini mekdep okuwçylaryna öwretmekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler we olary çözmegiň ýollary.
8. Synp ýolbaşçylarynyň ders mugallymlary, ata-eneler, jemgyýetçilik guramalary bilen özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakdaky orny.
9. Synp sagatlarynda okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmegiň we ösdürmegiň iş tejribesinden.
10. Sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işleriniň üsti bilen okuwçylary ylmy döredijilige ugrukdyrmakda we döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamakda, hünärlere ugrukdyrmakda synp ýolbaşçylarynyň durmuşa geçirmeli işleri.
11. Okuwçylar bilen terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny guramagyň we geçirmegiň, okuwçylary ylmy döredijilige ugrukdyrmagyň, döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň we hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
12. Tejribeli synp ýolbaşçylary bilen ýaş synp ýolbaşçylarynyň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we onuň işini talabalaýyk guramagyň döwrebap usullary.
XXXIII. MEKDEP KITAPHANAÇYLARY ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň wezipeleri.
2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) many-mazmunyny, ähmiýetini, ondan gelip çykýan borçlary, wezipeleri okuwçylara we mugallymlara düşündirmegiň ýollary.
4. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we onuň many-mazmunyny, maksadyny, wezipelerini hem-de bu möhüm Kanunda kesgitlenen hukuk düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmekde mekdep kitaphanaçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul eden Kararlary esasynda tassyklanan bilim Konsepsiýalaryny we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
6. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň wezipeleri.
7. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň many-mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň iş tejribesinden.
8. Okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, durmuş, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
9. Okuwçylaryň kitap okamaga bolan höwesini we gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek we olarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmek maksady bilen, mekdep kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazarlary, ýazyjy-şahyrlar we medeniýet-sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guramagyň iş tejribesinden.
10. Magtymguly Pyragynyň baý edebi döredijiliginiň esasynda okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmegiň we hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň döwrebap usullary.
11. Mekdep kitaphanaçysynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň, kitaphana gaznasyny tükellemegiň we sanlylaşdyrmagyň, kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň, arassaçylyk hem-de kitaplary abatlaýyş işlerini geçirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
12. Mekdep kitaphanasynda nusgawy şahyrlaryň we ýazyjylaryň döredijiligine bagyşlap, okyjylar maslahatlaryny, kitap hepdeliklerini we sergilerini guramak arkaly okuwçylary dürli derejelerdäki bäsleşiklere taýýarlamagyň we olary hünärlere ugrukdyrmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.