11.12.2024 Gollanma861

Bilim işgärleriniň 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ýanwar maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji, döredijilikli, hünärli, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmek bolup durýar. Bu möhüm wezipäni durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň pedagogik işgärlerine, usulyýetçi alymlara uly orun degişli bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mukaddes käriňiziň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny has-da artdyrmalysyňyz. Ylmyň-bilimiň we tejribäniň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän okatmagyň täze usullaryny işläp düzmelisiňiz. Sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirip, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmeleriňiz bilen ýokary netijeleri gazanmalysyňyz».

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, ähli zerur şertler döredildi. Okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olary ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Giň gerimde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak syýasaty ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň, edep-terbiýeli we zehinli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmaga, döredijilikli we halal zähmet çekmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmaga bilim işgärlerini borçly edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji, döredijilikli, hünärli, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmek, okatmagyň täze usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirilmeli işleri hem-de 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärleriň etrap (şäher), olaryň bolmadyk ýerinde welaýat merkez, Aşgabat we Arkadag şäher usuly-amaly okuwlary 2025-nji ýylyň 6—8-nji ýanwarynda, öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň etrap (şäher) maslahatlary bolsa 9-njy ýanwarda «Bilim — kämilligiň binýady» diýen şygar bilen geçiriler.

Pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlarynda aşakdaky meseleler barada işjeň çykyşlary we maslahatlaşmalary guramak maksadalaýyk diýlip hasaplanylýar:

— «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna» hem-de bilim işini kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri;

— bilim edaralarynda sanly bilimiň mümkinçiliklerini we okatmagyň innowasion usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy iş usullaryny netijeli ulanmagyň, mugallymlaryň sapaklara döredijilikli taýýarlanmaklarynyň, ýaş nesliň giň dünýägaraýşyny üpjün etmegiň, okuwçylaryň okuw maksatnamalaryny doly özleşdirmeklerini gazanmagyň we olara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň ýollaryny;

— bilim edaralarynda ýaş nesle ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelge boýunça terbiýe bermek işleriniň guralyşyny;

— mekdebe çenli ýaşly çagalary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda öňdebaryjy iş tejribeleri, innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyşy, olara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylyşy, körpelerde daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesleriniň artdyrylyşy hem-de sözleýiş diliniň ösdürilişini;

— hormatly Prezidentimiziň çagalara sowgat beren şahsy kompýuterleriniň sapaklarda netijeli peýdalanylyşy, başlangyç synp okuwçylaryny okatmagyň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylyşyny;

— Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýolbaşçylary bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlaryny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek üçin iş çäreleriniň meýilnamasyny düzmelidirler hem-de olaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamalydyrlar.

Usuly-amaly okuwlarda öz kärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli bolmalydyr. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilmelidir, olar boýunça anyk netijelere gelinmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede çuňňur bilim we asylly edep-terbiýe bermek baradaky aýdan parasatly sözleri, gymmatly sargytlary we nesihatlary usuly-amaly okuwlaryň geçirilýän ýerlerinde görnükli ýerde ýazylyp goýulmalydyr. Döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribeleri boýunça hem-de Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa... », «Watan goragy mukaddesdir», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän, şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergiler döwrebap guralmalydyr. Sergilerde okuw işine, sanly serişdeleri ornaşdyrmaga, okuw-görkezme esbaplaryny ulanmaga degişli işleriň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň, pedagogik geňeşiň döwrebap taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň, mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, talabalaýyk ýöredilýän synp žurnallarynyň, okuwçy gündelikleriniň, ýazuw-barlag we okuwçylaryň iş depderleriniň nusgalarynyň hem görkezilmegi maksadalaýykdyr.

Geçirilýän maslahatlara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny, alymlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, zähmet weteranlaryny, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlary, hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmak ähmiýetlidir.

Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine, Arkadag şäheriniň bilim müdirligine, etrap, şäher bilim bölümlerine maslahatlarda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 09.12.2024

Tmpedagog